nabat_
04.11.2023 00:05

\"BIR DÖWÜM ÇÖREK, BIR IÇIMLIK SUW,


BIRLAÝ EGINBAŞ,,



Eýsem, sen özüňi bagtly duýmak üçin şu zatlar ýeterlik däldir


öýdýärsiňmi? Deňizçileriň biri gämi heläkçiligine uçrap, Ýuwaş um-


manynda ýigrimi bir günläp döwük salyň üstünde oňňut etmeli bo-


lupdyr. Kenara özüni atyp, halas bolanda, adamlar ondan bu hady-


sadan alan iň uly sapagy hakda sorapdyrlar. «Bu synagdan alan iň


uly sapagym şundan ybarat: eliňde halal gazanç, saçagyňda ýeterlik


azyk-owkat barka, hiç zatdan zeýrenmeli däldigine göz ýetirdim»


diýip, deňizçi jogap beripdir. Akyldarlaryň birinde: «Durmuş bu


bir lukma hörek we bir içimlik suwdur, galan zatlar artykmaçdyr»


diýen jümle bar. «Kesranyň mülki käte bir döwüm çörege degmez,


deňizleriň suwy hem bir damja suwça bolmaz (ornuny tutmaz)» diýip,


arap şahyry ýazýar. Jonatan Swiftiň iň gowy lukmanlar hakda ýazany


ýadyňdamy?! Ol: «Berhizli lukman, asuda lukman, şähdaçyk lukman


iň gowusydyr. Özgelerden öňürti her kim öz-özüniň lukmanydyr.


Kadaly iýip-içip, berhiz saklamak, özüňi asuda-parahat we şähdaçyk


alyp barmak iň gowy dermandyr» diýip ýazýar. Ýogsamam, semizlik


ötüşen keseldir. Garny gäbelik düşbüligiň duşmanydyr. Asuda-para-


hatlyk bolsa ýürege gönençlik, ruha şatlykdyr. Beden we ýürek üçin


şadyýanlyk ýaly ýokumly iýmit ýokdur.



Çeşme: Halallyk Kyssalary

45
74
nabat_
4 Noýabr 2023
@moana, sps❤😊
nabat_
4 Noýabr 2023
@mawy, thank you very much🤗
nabat_
4 Noýabr 2023
, @mawy, gowy didiginizmi😊
nabat_
4 Noýabr 2023
@tmyigit76, gaty gowy hawa
tmyigit76
4 Noýabr 2023
Gyzukly kitap Hallayk kyssalary
nabat_
4 Noýabr 2023
@mawy, nahili mnm başaryp bilerinmi gowy moezuklar goymagy😊🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.