nabat_
08.11.2023 00:08

TEÝENE WE KEMSIDILME

«Olar size azar bermekden başga hiç hili zyýan edip bilmezler»,

«Olaryň hile-mekirliklerinden asla dargursak bolmagyn», «Olaryň

ezýetine üns berme, her bir işiňde Hudaýa bil bagla. Hudaýa bil bag-

lamak ýeterlik bolar», «Allatagala ony olaryň nähak töhmetlerinden,

ýöňkemelerinden halas etdi».

Şahyrlaryň birinde şeýle setir bar:

«Bir çaganyň kesek oklany bilen,

Deňizleriň suwy bulanýan däldir».

Pygamberimiziň hadysynda «Sahabalarym hakda maňa ýaman

habar aýtmaň, men siziň ýanyňyza päk kalbym bilen barasym gelýär»

diýilýär.

*********************************

GOWUSYNDAN GOWUSY


Amerikada basketbol toparynyň bir tälimçisi ogluna hem-de

oýunçylaryna kämillik, ajaýyplyk, gowulyk hakda gaýta-gaýta berk

sargar ekeni: «Haçandyr bir gün has gowy bolaryna garaşmaň-da, hut

şu pursadyňyzyň has gowy bolmagy üçin çalşyň».

Tälimçi haýsydyr bir has möhüm ýaryşyň has tapawutly, has

çekeleşikli, has ýatda galyjy bolmagy üçin garaşman, her günki

ýaryşlaryň, türgenleşikleriň has gyzykly, has ajaýyp bolmagy üçin

yhlas etmelidigini pugta ýatladar ekeni. Olara has ähmiýetli we has

çuňňur zady düşündireninden soňra, hatda uly üstünlik gazanylma-

dyk her bir güni hem has gowy geçirmeklerini ündär ekeni. Her biri-

miz her günümizi ajaýyp etmegiň hötdesinden gelip bilýäris. Her

birimiz muny başarýarys. Her gün özümizi begendirjek, göwnümizi

hoşal etjek köp işleri bitirip bilýäris. Beýleki adamlary begendirjek,

hoşuna gitjek, maňzyna batjak, tüwelemesine we alkyşyna eýe etjek

ýagşy ahlak-häsiýetlere bürenip bilýäris. Başlan işimizi doly we

kämil berjaý etmegi başarýarys. Haýyr-yhsan, ýagşylyk, sahawat edip, perwerdigäri razy etmegi hem başaryp bilýäris. Beýlekilerde

özümiz hakda ýagşy pikirleri kemala getirdip bilýäris. Öňümizde

ýagşy işleriň niýetini düwüp, maksadyny goýup, olara amal edip,

günüň ahyrynda bitiren işlerimize şükür edip, asuda, ynjalykly

göwün bilen hoş hal we bagtyýar halda uka batyp bilýäris. Çünki

biz bir günümizi iň ajaýyp şekilde ýaşadyk ahyry.

Hereket et:

1. Öňüňde aýdyň bir meýil goý, nämeler edeniňde şol günüňi has

ýatda galyjy, has ajaýyp edip bilersiň? Şol işi bitireniňde şol günüňi

has ajaýyp etjek işleriň çyzgysyny çek.

2. Şol günüňi şeýle geçir we soňra şol günüň ahyrynda düşege

geçeniňde nähili rahat duýgulara hemra bolandygyňy biz bilen

paýlaşmagy unutma.



Halallyk kyssalary.


Halan bolsanyz❤🥰

36
32
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.