ÝAGŞYLYK ET – ÝÜREGIŇI GIŇELT !
Gözel amal öz ady ýaly gözel, ýagşylyk öz däbi ýaly ýagşy,
haýyr iş öz tagamy ýaly haýyrly. Özgeleri bagtly edip, özgeleri be-
gendirmekden lezzet alýan ynsanlar bagtyň tagamly miwesini ilki
dadýan adamlardyr. Olar eden haýyrly işleriniň hasylyny ir-u-giç öz
köňüllerinde, ahlaklarynda, wyždanlarynda taparlar we ýüreklerine
ornan giňligi, ýazylganlygy, asudalygy hem-de rahatlygy duýarlar.
Eger bir alada daşyňy gaplap alsa, bir mesele başyňa birahatlyk
berse, kimdir birine ýagşylyk et, göwnüni göter – hökman şatlyga we
rahatlyga gowşarsyň.
Mätäç-mahruma eliňden gelenini eçil, nähak daralana üstün çyk-
maga kömek et, gaýgylynyň derdini egis, ajy doýur, hassanyň halyny sora, argynlara daýanç bol – çar ýany bagt bilen gurşalan döwrana
çümersiň, öňüňden-yzyňdan boýuňa barabar döwletlilik taparsyň.
Haýyr iş hoşboý ysly atyr ýalydyr: ony göterýänem, satýanam,
satyn alýanam bähbit tapýar. Ýürekden edilen ýagşylyklar bereketi
bol dermanlyk otdur. Bu melhem oty haýyr-yhsandan bina bolan
dermanhana kibi ýüreklerde bitýändir.
Bir çümmüjek göwni bar adamlara ýylgyryp habar gatmak,
güler ýüzlülik bilen gürleşmek, gymmatlyklar äleminde sogaby
artyp duran sadakadyr. Ýatla: «Doganyňa açyk ýüz bilen baksaň
bolmaýarmy?» diýilýär. Gyňyr ýüzlülik bolsa özgelere ýowuz urşy
yglan eden ýalydyr. Onuň getirýän zelelini Alladan başga kesgitläp
bilýän ýok.
Bir itiň bozuk gyzyň aýasyndan suw içmegi, ol gyza meý-
dany asman-zeminden giň bolan jennetlere girmek nesibesini
(mümkinçiligini) berdi. Çünki sogabyň sahyby – Beýik Alladyr, ol
Bagyşlaýjydyr we Geçirimlidir. Şükürlidir we Gözeldir, her bir gö-
zelligi hem gowy görýändir, Ol baýdyr we öwgülidir.
Şowsuzlyk garabasmasy, geljegiň näbellilik gorkusy we ýer-
liksiz ünjüler zerarly dowla gaplanýan ynsanlar, geliň, ýagşylyk
bossanyna geliň, giriň, haýyr-yhsan saraýyna giriň we özgeleriň
ýagdaýy hakda alada ediň: eliňizden gelýän bolsa beriň, günemaňyz
ganymat bolsa, zyýapata çagyryň, ýürekdeş söhbet ediň, ýardam
arka boluň, goldaw beriň, hyzmatyny, ýumşuny peslik bilmäň, der-
dine-hyzmatyna ýaraň, şonda siz ajaýyp bagty hakyky öz tagamyn-
da, öz reňkinde, öz sapasynda tapyp bilersiňiz.
Kerim-Aş Şazili
Halallyk kyssaslary