nabat_
17.01.2024 12:54
Unutma! Hemme gelen söýmez..We hiç bir söýen gitmez...
⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Gözeli gözelleşdirýän edebidir.Edep bolsa gözeli söýmäge sewäpdir.
⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Sen söý goý giden utansyn !

⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Durmuşda hemişe bagtly bolsam arzuw edmäge näme galar ??
⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Belki ýagyşa hiç gerek bolmazda..Adamlar bu dereje kirli bolmasalardy
⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Gan bağy bolsa ne peýda..Ýürekden bagy bolmasa...
⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Bir ynsanyñ gelip biljek iñ ýokary mertebesi ynamly ynsan bolmakdyr
⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Men kör däl,diñe görmezliğe salyan...
⭐⭐⭐⭐⭐⭐
Yüzü owadan ynsanlar üçin göwni gözelleriñ gaty köp göwnine degdiñiz,gynandyrdyñyz...!!
⭐⭐⭐⭐⭐⭐

Ağaç näçe uly bolsada, ýapraklary şonda-da ýere gaçar...
⭐⭐⭐⭐⭐⭐

Iñ gozel dileğ:Maña näme yaşadan bolsañ şony hem ýaşa...
⭐⭐⭐⭐⭐⭐⭐
ÄHLI ZAD ÝUREGIŇIZE GÖRÄ BOLSUN 🥰🥰🥰ÝÜREGINIZIÑ OWADAN BOLŞY YALY DURMUŞYÑYZ HEM EDIL ŞONYALY OWADAN BOLSUN ÖWRENMELIŇ MÄHRIBAN AK YUREKLI AGZALARY😊☺
31
82
nabat_
17.01.2024 08:03
Sadaja gowja fasonlar haýsysyny has haladyñyz😊
28
147
nabat_
16.01.2024 12:18
Haysysy gowja🥰
21
112
nabat_
16.01.2024 08:49
Şahyr Awtobiografiýasy:Kerim Gurbannepesow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar.
Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işleýär. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Dolandyryş agzasy(Член управления), Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.

ÝATAN ÝERIŇ ÝAGTY BOLSUN HALYPA ŞAHYRYMYZ KERIM AGA JAÝYÑYZ JENNETDE BOLSUN !!!

🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟
Pursatlar

Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam –
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?

Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi göwün.
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...

Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.

Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.

🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟
Kynçylyk hakynda

Uly kynçylyga mahsus adamlar
Oňa oglanlykdan bolarmyş taýýar.
Ýöne kynçylygy sen saýlamarsyň,
Gözleriňe bakyp,
Ol seni saýlar.

Ol seniň kimdigňi gözüňden tanar,
Onsoň synag eder öz dünýäsinde.
Pyrlandyrar seni gyş dünýäsinde,
Aýlandyrar seni ýaz dünýäsinde.

Tomus dünýäsinde, güýz dünýäsinde
Synar ol. Dört
paslyň içinden geçir.
Bir ýerde
lakyrdap duran gaýnag suw,
Ýene bir ýerde-de buzly suw içir.
Içegäň çürşäýjek – ýalydyr
ýa-da
Bogazyň doňaýjak ýalydyr welin,
Şol gidip barýansyň,
hiç zadam bolmaz,

Dert-alada bilen doludyr beýniň.
Iloglusyň
Hem-de ýologlusyň sen.
Ýologlumyň – diýmek,
derdiňem köpdür.
Öz ili mekdepdir ilogly üçin,
Ilogly hem öz iline mekdepdir.

Öwrener, öwreder gider bararsyň,
Hem-ä şägirtsiň sen,
Hemem halypa.
Öwretmek beýle bir agyr iş däldir,
Öwrenmek – şol juda uly wezipe.

Öwretmek ajaýyp sungatdyr weli,
Öwrenşiň boýunça kesiler nyrhyň.
Ýologlusyň. Şeýdip gidip barýansyň,
Iloglusyň. Ýokdur illerden parhyň.

Bolubilse bardyr ýekeje parhyň.
Ony hem il biler. Duýmarsyň özüň.
Illeriňkä görä garypdyr çatmaň.
Illeriňkä görä närzadyr gyzyň.

Geýjekdir matalaň gowsuny saýlap.
Çagadyr. Etmez ol tapanna şükür.
Balaňdyr, dözmersiň. Işiňi goýup,
Onsoň esgi hakda edersiň pikir.

Ýene-de ýoldasyň...
Iliňkä görä
Alnyň çytygrak-da bolmagy mümkin.
Ýüzüň hem kämahal salygrak görner.
Emma gülen wagtyň
dag ýarar gülkiň.

Aglaňda aglarsyň aglan şekilli,
Güleňde gülersiň gülen şekilli.
Hem-ä okumyşsyň,
Hem akyllysyň –
Ýöne weli dälsiň
Ilden akylly.

Il aklyn ulanyp bilşiňe görä
Gymmatyň köpeler ýa-da kemeler.
Şol hasap boýunça mazarynda-da
Güler ýa-da aglar dogran eneler.

Sen kemally bolsaň – mazary giňär,
Sen bikemal bolsaň –
ýer dardyr enä.
(Ýeriň üstündäki bikemal ogul
Ýeriň astynda-da azardyr enä...)

Iloglumyň –
şeýder gider bararsyň.
Kynçylyk yzyndan kynçylyk dörär.
Kynçylyga görä artmaz möçberiň,
Kynçylyk artýandyr möçberňe görä.

🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟
Ýalňyzlyk

1
Ýalňyzlyk hakynda menem ýazaýyn
Sebäp – ýazýan köplük, ýazmaýan azlyk,
Başyňa iş düşer, janyň hem satdyr.
Muňa diýilýändir Kiçi ýalňyzlyk.

2
Otuza ýetensiň, Zürýadyň ýokdur.
Soň kyrkyň ujundan gädip ugransyň.
«Ilden ala-böle näme beýlekäm?»
Diýip, öz täleýňe özüň haýransyň.

«Kaka» sözün eştmän ellä ýetersiň.
Bir gün tapynarsyň ogullyk, gyzlyk,
Özüňkidir, emma ozüňkem däldir.
Muňa diýilýändir Orta ýalňyzlyk.

3
Duluňda ajaýyp aýalyň bardyr.
Öýüňe bezegdir, dyzyňa – gudrat.
Ylgap hyzmat edýän onuň özüdir,
Emma seň adyňa getirer hormat.

Ellä ser urarsyň. Çagasyn döküp,
Gözlerin ýumar ol. Başlar ejizlik.
On müň dostuň bardyr – göýä ýekesiň.
Muňa diýilýändir Uly ýalňyzlyk.

4
Eneň gezip ýörkä ýeriň üstünde,
Ýaza barabardyr gyşyň howasy.
«Dogadan nep tapdym»
diýýän bar bolsa,
Megerem şol doga – enäň dogasy.

Baky däldir, bir gün eneň hem gider.
Niräňe seretseň – eýmenç tekizlik.
Beýle ýalňyzlygyň ady hem ýokdur.
Ol gädiksiz-zatsyz Doly ýalňyzlyk:

5
Ataňy sylamak – halky sylamak.
Mähri köpdür, şonça gazabam köpdür.
Käýýäp sapak bersin, söýüp öwretsin –
Atanyň mekdebi çirksiz mekdepdir.

Şol mekdebi oňat tamamlap bilseň,
Hemişe hemraňdyr Mertlik, Tämizlik.
Ýogsa senden hiç wagt är ata bolmaz –
Mydam gerşiňdedir Betbagt ýalňyzlyk.
28
42
nabat_
15.01.2024 15:13
😊
Soraglar:Kim nähili reñki halayar?
doglan güniñiz haçan ?
Näme sowgat almany halayanyz¿😊
28
227
nabat_
15.01.2024 00:39
EJE

Gar reňkli göwünli, süýt deý çal saçly,
Gözümden ýaşymy sylma sen, eje.
Şu hal haýrym bilen şerim garjaşdy,
Ýöne bu ahwaly bilme sen, eje.

Aýdyp bolmaz syrlarym kän berç bolan,
Maýyp arzuwlam kän öňler sarç bolan,
Bu göwün ozalam owlan, kerçelen,
Ony söýgiň bilen dilme sen, eje.

Göz-gülban halyma bilmän imrige,
Sabyr suwum direnip dur seňrige,
Ömrüm juda çalymdaşka iňrige,
Haýyş, oňa meňzäp solma sen, eje.

Müň gowgany jemläp ýekeje serde,
Arşdan wahyý diläp, garaşdym ýerde
(Ah, wahyý nirede, keramat nirde!..),
Indem gelmän geçsin!
Gelmesin, eje!

Ilki geda, soňam şa bolan Ýusup
däl men, başaramok derdimi busup.
Başy dik bolsa-da, egini gysyk
Kakam bir bulary bilmesin, eje...

Eýläm — köýen yhlas, boşluk beýläm-de
(Mundan halas bolup bolar neýläňde?!).
Ogluň umydyny ajal peýlände
Dem ber oňa!
Ol bir ölmesin, eje...

19.02.2022ý.

Sapa HOMMADOW
❤❤❤❤❤❤❤

Jennet Melegim


Mähriban ejem sen jennet melegim,
Başym sypan elleriñde gudrat bar.
Altyndan hem has gymmatly ýüregiñ,
Aýagyñ astynda baky jennet bar.

Sen bar wagtyñ gelse gelsin dertlerim,
Käbäm ejem gujagyñda medet bar.
Bagta döner gussa batan gözlerim,
Ýylgyr sen ýüzüñde nurly jennet bar.

Garşy gelse bütindünýä üstüme,
Dogruçyl bolsañ-da ýalan töhmet bar.
Geljegimiñ bagtyn özünde jemläp,
Hüwdüleriñ owazynda jennet bar.

Gerek däl,
ejemjan sensiz baýlygym.
Bu dünýäde ýaşamagma sebäpkär.
Janyndan jan beren meniñ barlygym,
Mähri kalba siñen keşpde jennet bar.

Senden daşda, üzňe galan mahalym,
Göýä gursagymda goja boşluk bar.
Ejem barka ýaza döner jahanym,
Müñde kerem ak süýdüñe minnetdar.
Aýagyñ astynda baky jennet bar.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow


❤❤❤❤❤Mahriban Käbäm doglan guniñ gutly bolsun jan ejem🤗....❤❤❤❤
29
96
nabat_
14.01.2024 17:13
Awtobiografiya:Gurbannazar Ezizow
Gurbannazar Ezizow - talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi.
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär.
Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowýet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär)(sowýet esgeri soñradan özüni atýar) aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmen şahyry Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.Onuň dört gyzy we bir ogly bar.
Gurbannazar Ezizowyň Mähriban Käbesi GÜLNABAT EJE 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň öz okamagynda arhiw goşgulary hem saklanyp galypdyr.Onuň Türkmenistanyň aýdym arhiwi bolan aydym.com internet saýtynda hem käbir janly sesde aýdylan goşgulary diňleýjiler köpçüligine ýetirilipdir.😊

🌟🌟🌟🌟🌟

🌟Onarsyň bar zady oňatlyga ýor, 🌟


Onarsyň
bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, günbatarda gün ýaşar.

Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.

Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherde gül bolup dogar.
Oňarsyň oňat tut köňülde päli,
Oňarsyň bar zady oňatlyga ýor.

Ýaramaz düýş görüp, ýörme dumanda.
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi asmanda,
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.
🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟

🌟Erteki we Hakykat🌟


Gyz diýenmiş: «Çyn bolsa seň söýýäniň,
Symrug getir — gözelligi dünýäniň.»
Ýigit gyzyň buýrugyny bitiren,
Uzak ýurtdan symrug guşun getiren.

Ýene biri gylyç dakyp biline,
Gidenmişin aždarhanyň iline.
Kesip olaň kellesiniň baryny
Tapanmyşyn anbar ysly bägüli.

Bägül alyp ýar ýanyna gelenmiş,
Aýşy-aşrat bilen meşgul bolanmyş.
Menem öz ýarymy jandan söýýärin,
«Buýrsaň, symrug getireýin» diýýärin.

Seni söýýänligime düşünip aýan,
Ýaş başyňy iki ýana ýaýkaýaň.
Saçymy sypaýaň. Ýylgyrýaň. Diýýäň:
«Ömür goýbermerin! Men seni söýýän!»

🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟


🌟Yetginjek🌟

Öňküsine görä üýtgeşik dünýä,
Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok.
Ol özünden uly bolmak isleýär,
Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.

Görýän düýşleri hem öňküleri däl, —
«Söýüşen» gyzlary bardy bir çene.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar
Gelinleň, gyzlaryň gözelligine.

Bir täsin täzelik gurşaýar ony,
Ol häzirden görjek bolýar geljegin.
Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär,
Geýýär uly doganynyň penjegin.

Uruşly kinolar ýat boldy oňa,
Düşenok ýadyna oýun, kepderi.
A «Söýgi oduna» goýberenoklar
On alty ýaşyna ýetmedikleri.

Ýigitligiň gapysyny kakýar ol,
Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli?
Itse-de, bu gapa goýberenoklar
On sekiz ýaşyna ýetmedikleri.

Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan.
Kakasy geň galýar: «How, keýpiň ýok-la?»
«Meň ullakan adam bolasym gelýär,
Näme üçin meni goýberenoklar?..»
1968


Awtory:Gurbannazar Ezizow
30
97
nabat_
14.01.2024 09:23
OWADAN ÝÜREKLILERE💖


(🥰Owadan ýürekli öwrenmeliñ mähriban agzalary bu goşgy siz ucin gelsin🥰)

Hiç zatdan düşmäň siz gorka,
Ne-hä şerden gorkuň, ne ýalan zatdan.
Ýüregňiz baýdak dek pasyrdap durka –
Pasyrdar galan zatlar.


Kerim Gurbannepesow
29
109
nabat_
13.01.2024 20:48
Kemsinme




Kemsinme...

Hemmäniñ kemi bar
Kemsiz adam ýok
Allajan sen  bizi 
Gora yamandan

Şeyle vaka boldy Şu gün  okuwda
Okuwa baramda  mollumyñ yanna
Bir iş tavşrdy maña mugallym
Ol işi başga isleyan hem bardy

Ol gyz diydi molluma
Şumy edjek şol işi
Hawa ol uly kursdy
Emma yuregi kici...

Ol gyz diydi molluma
Ol bir dört goz gyza
iş başarmaz asla

Şol wagt
gaty ervet😔
Yuregim ynjady
Gözden yaş akdy

Aglayan durman
Bilemmok name ucin
Ol gyzyñ söznemi
Oz kemimemi

Hemme dakynyara
Bu dowurde aynek
Name ucin beytyaa
Adam cagasy

Kemsitmek ervet
dâlmi ahyry
Nädp diyip bildi
Şol ynjydyjy sozi🥺

Hic wagt kemsitmaliñ
Hic bir adamy
Hemmedede bar
Bir kemçilik

Menä ol gyzy
Allajana tavşyryan
Alsyn şol mugallymyñ işini
Emma yuregi gara bolsa ne peyda.....

gaty goşgada meñzemedi welim öz icimi dökmek isledim şu goşga😔....Aynek dakynmak ervet zad dal ahyry🙄😔hemmede ba bu dowurde yone naamee ucin kop kişi şony biriniñ kemciligi diyip kabul edyaler☹...ay bolyada

Mähriban progdaşlarym siziñ maña bolan nahili garaýyşynyz bar....🙁🙃
30
343
nabat_
13.01.2024 08:45
Seni özlemek, üşümek gibidir soğuk bir akşam üstü, yağmurun altında yürümek gibi sırılsıklam, titreye titreye. Sıcak bir yer bulup sığınmak istersin ya hani, öyle ihtiyacım var işte, yüreğine sığınıp, nefesinde ısınmaya.
❤❤❤❤❤❤❤

Büyük aşklar ya sonsuzdur, Ya da O'nsuz!.
❤❤❤❤❤❤❤

“Yan yana” ayrı yazılır, biz hep “sımsıkı” olalımm
❤❤❤❤❤❤❤

Onunla kavga etmeyi, başkasıyla gülmeye değişmem.

❤❤❤❤❤❤❤

Kalp midir insana sev diyen, yoksa yalnızlık mıdır körükleyen? Sahi nedir sevmek? Bir muma ateş olmak mı, yoksa yanan ateşe dokunmak mı?

❤❤❤❤❤❤❤

Aşk nasip işidir hesap işi değil! Aşk adayıştır arayış değil! Sen adanmışsan ve yanmışsan bu uğurda aşk seni bulmaya gelir. Mevlana

❤❤❤❤❤❤❤

Sen olmayınca buralar buz gibi. Sensizlik bir iklim adı şimdilerde…
❤❤❤❤❤❤❤
Tahir gibi sev mesela, özür dilerim daha önce gelemediğim için de.
❤❤❤❤❤❤❤

Aşksız olma ki ölü olmayasın. Aşkta öl ki diri kalasın. Mevlana
23
57