Şahyr Awtobiografiýasy:Kerim Gurbannepesow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar.
Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işleýär. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Dolandyryş agzasy(Член управления), Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.
ÝATAN ÝERIŇ ÝAGTY BOLSUN HALYPA ŞAHYRYMYZ KERIM AGA JAÝYÑYZ JENNETDE BOLSUN !!!
🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟
Pursatlar
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam –
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?
Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi göwün.
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...
Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.
Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.
🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟
Kynçylyk hakynda
Uly kynçylyga mahsus adamlar
Oňa oglanlykdan bolarmyş taýýar.
Ýöne kynçylygy sen saýlamarsyň,
Gözleriňe bakyp,
Ol seni saýlar.
Ol seniň kimdigňi gözüňden tanar,
Onsoň synag eder öz dünýäsinde.
Pyrlandyrar seni gyş dünýäsinde,
Aýlandyrar seni ýaz dünýäsinde.
Tomus dünýäsinde, güýz dünýäsinde
Synar ol. Dört
paslyň içinden geçir.
Bir ýerde
lakyrdap duran gaýnag suw,
Ýene bir ýerde-de buzly suw içir.
Içegäň çürşäýjek – ýalydyr
ýa-da
Bogazyň doňaýjak ýalydyr welin,
Şol gidip barýansyň,
hiç zadam bolmaz,
Dert-alada bilen doludyr beýniň.
Iloglusyň
Hem-de ýologlusyň sen.
Ýologlumyň – diýmek,
derdiňem köpdür.
Öz ili mekdepdir ilogly üçin,
Ilogly hem öz iline mekdepdir.
Öwrener, öwreder gider bararsyň,
Hem-ä şägirtsiň sen,
Hemem halypa.
Öwretmek beýle bir agyr iş däldir,
Öwrenmek – şol juda uly wezipe.
Öwretmek ajaýyp sungatdyr weli,
Öwrenşiň boýunça kesiler nyrhyň.
Ýologlusyň. Şeýdip gidip barýansyň,
Iloglusyň. Ýokdur illerden parhyň.
Bolubilse bardyr ýekeje parhyň.
Ony hem il biler. Duýmarsyň özüň.
Illeriňkä görä garypdyr çatmaň.
Illeriňkä görä närzadyr gyzyň.
Geýjekdir matalaň gowsuny saýlap.
Çagadyr. Etmez ol tapanna şükür.
Balaňdyr, dözmersiň. Işiňi goýup,
Onsoň esgi hakda edersiň pikir.
Ýene-de ýoldasyň...
Iliňkä görä
Alnyň çytygrak-da bolmagy mümkin.
Ýüzüň hem kämahal salygrak görner.
Emma gülen wagtyň
dag ýarar gülkiň.
Aglaňda aglarsyň aglan şekilli,
Güleňde gülersiň gülen şekilli.
Hem-ä okumyşsyň,
Hem akyllysyň –
Ýöne weli dälsiň
Ilden akylly.
Il aklyn ulanyp bilşiňe görä
Gymmatyň köpeler ýa-da kemeler.
Şol hasap boýunça mazarynda-da
Güler ýa-da aglar dogran eneler.
Sen kemally bolsaň – mazary giňär,
Sen bikemal bolsaň –
ýer dardyr enä.
(Ýeriň üstündäki bikemal ogul
Ýeriň astynda-da azardyr enä...)
Iloglumyň –
şeýder gider bararsyň.
Kynçylyk yzyndan kynçylyk dörär.
Kynçylyga görä artmaz möçberiň,
Kynçylyk artýandyr möçberňe görä.
🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟
Ýalňyzlyk
1
Ýalňyzlyk hakynda menem ýazaýyn
Sebäp – ýazýan köplük, ýazmaýan azlyk,
Başyňa iş düşer, janyň hem satdyr.
Muňa diýilýändir Kiçi ýalňyzlyk.
2
Otuza ýetensiň, Zürýadyň ýokdur.
Soň kyrkyň ujundan gädip ugransyň.
«Ilden ala-böle näme beýlekäm?»
Diýip, öz täleýňe özüň haýransyň.
«Kaka» sözün eştmän ellä ýetersiň.
Bir gün tapynarsyň ogullyk, gyzlyk,
Özüňkidir, emma ozüňkem däldir.
Muňa diýilýändir Orta ýalňyzlyk.
3
Duluňda ajaýyp aýalyň bardyr.
Öýüňe bezegdir, dyzyňa – gudrat.
Ylgap hyzmat edýän onuň özüdir,
Emma seň adyňa getirer hormat.
Ellä ser urarsyň. Çagasyn döküp,
Gözlerin ýumar ol. Başlar ejizlik.
On müň dostuň bardyr – göýä ýekesiň.
Muňa diýilýändir Uly ýalňyzlyk.
4
Eneň gezip ýörkä ýeriň üstünde,
Ýaza barabardyr gyşyň howasy.
«Dogadan nep tapdym»
diýýän bar bolsa,
Megerem şol doga – enäň dogasy.
Baky däldir, bir gün eneň hem gider.
Niräňe seretseň – eýmenç tekizlik.
Beýle ýalňyzlygyň ady hem ýokdur.
Ol gädiksiz-zatsyz Doly ýalňyzlyk:
5
Ataňy sylamak – halky sylamak.
Mähri köpdür, şonça gazabam köpdür.
Käýýäp sapak bersin, söýüp öwretsin –
Atanyň mekdebi çirksiz mekdepdir.
Şol mekdebi oňat tamamlap bilseň,
Hemişe hemraňdyr Mertlik, Tämizlik.
Ýogsa senden hiç wagt är ata bolmaz –
Mydam gerşiňdedir Betbagt ýalňyzlyk.