nabat_
14.01.2024 17:13
Awtobiografiya:Gurbannazar Ezizow
Gurbannazar Ezizow - talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi.
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär.
Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowýet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär)(sowýet esgeri soñradan özüni atýar) aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmen şahyry Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.Onuň dört gyzy we bir ogly bar.
Gurbannazar Ezizowyň Mähriban Käbesi GÜLNABAT EJE 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň öz okamagynda arhiw goşgulary hem saklanyp galypdyr.Onuň Türkmenistanyň aýdym arhiwi bolan aydym.com internet saýtynda hem käbir janly sesde aýdylan goşgulary diňleýjiler köpçüligine ýetirilipdir.😊

🌟🌟🌟🌟🌟

🌟Onarsyň bar zady oňatlyga ýor, 🌟


Onarsyň
bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,
Ikibaşdan, günbatarda gün ýaşar.

Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.

Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherde gül bolup dogar.
Oňarsyň oňat tut köňülde päli,
Oňarsyň bar zady oňatlyga ýor.

Ýaramaz düýş görüp, ýörme dumanda.
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi asmanda,
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.
🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟

🌟Erteki we Hakykat🌟


Gyz diýenmiş: «Çyn bolsa seň söýýäniň,
Symrug getir — gözelligi dünýäniň.»
Ýigit gyzyň buýrugyny bitiren,
Uzak ýurtdan symrug guşun getiren.

Ýene biri gylyç dakyp biline,
Gidenmişin aždarhanyň iline.
Kesip olaň kellesiniň baryny
Tapanmyşyn anbar ysly bägüli.

Bägül alyp ýar ýanyna gelenmiş,
Aýşy-aşrat bilen meşgul bolanmyş.
Menem öz ýarymy jandan söýýärin,
«Buýrsaň, symrug getireýin» diýýärin.

Seni söýýänligime düşünip aýan,
Ýaş başyňy iki ýana ýaýkaýaň.
Saçymy sypaýaň. Ýylgyrýaň. Diýýäň:
«Ömür goýbermerin! Men seni söýýän!»

🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟🌟


🌟Yetginjek🌟

Öňküsine görä üýtgeşik dünýä,
Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok.
Ol özünden uly bolmak isleýär,
Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.

Görýän düýşleri hem öňküleri däl, —
«Söýüşen» gyzlary bardy bir çene.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar
Gelinleň, gyzlaryň gözelligine.

Bir täsin täzelik gurşaýar ony,
Ol häzirden görjek bolýar geljegin.
Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär,
Geýýär uly doganynyň penjegin.

Uruşly kinolar ýat boldy oňa,
Düşenok ýadyna oýun, kepderi.
A «Söýgi oduna» goýberenoklar
On alty ýaşyna ýetmedikleri.

Ýigitligiň gapysyny kakýar ol,
Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli?
Itse-de, bu gapa goýberenoklar
On sekiz ýaşyna ýetmedikleri.

Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan.
Kakasy geň galýar: «How, keýpiň ýok-la?»
«Meň ullakan adam bolasym gelýär,
Näme üçin meni goýberenoklar?..»
1968


Awtory:Gurbannazar Ezizow
30
97
nabat_
14 Yanwar 2024
@tmcell, sag boluñ🙂
nabat_
14 Yanwar 2024
@tim_, kop kişiñ soygili şahyry:))
nabat_
14 Yanwar 2024
@beghanym, belki😊🥰🌺
nabat_
14 Yanwar 2024
@beghanym, tasin eken😊😊😊
nabat_
14 Yanwar 2024
@beghanym, 😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.