EJE
Gar reňkli göwünli, süýt deý çal saçly,
Gözümden ýaşymy sylma sen, eje.
Şu hal haýrym bilen şerim garjaşdy,
Ýöne bu ahwaly bilme sen, eje.
Aýdyp bolmaz syrlarym kän berç bolan,
Maýyp arzuwlam kän öňler sarç bolan,
Bu göwün ozalam owlan, kerçelen,
Ony söýgiň bilen dilme sen, eje.
Göz-gülban halyma bilmän imrige,
Sabyr suwum direnip dur seňrige,
Ömrüm juda çalymdaşka iňrige,
Haýyş, oňa meňzäp solma sen, eje.
Müň gowgany jemläp ýekeje serde,
Arşdan wahyý diläp, garaşdym ýerde
(Ah, wahyý nirede, keramat nirde!..),
Indem gelmän geçsin!
Gelmesin, eje!
Ilki geda, soňam şa bolan Ýusup
däl men, başaramok derdimi busup.
Başy dik bolsa-da, egini gysyk
Kakam bir bulary bilmesin, eje...
Eýläm — köýen yhlas, boşluk beýläm-de
(Mundan halas bolup bolar neýläňde?!).
Ogluň umydyny ajal peýlände
Dem ber oňa!
Ol bir ölmesin, eje...
19.02.2022ý.
Sapa HOMMADOW
❤❤❤❤❤❤❤
Jennet Melegim
Mähriban ejem sen jennet melegim,
Başym sypan elleriñde gudrat bar.
Altyndan hem has gymmatly ýüregiñ,
Aýagyñ astynda baky jennet bar.
Sen bar wagtyñ gelse gelsin dertlerim,
Käbäm ejem gujagyñda medet bar.
Bagta döner gussa batan gözlerim,
Ýylgyr sen ýüzüñde nurly jennet bar.
Garşy gelse bütindünýä üstüme,
Dogruçyl bolsañ-da ýalan töhmet bar.
Geljegimiñ bagtyn özünde jemläp,
Hüwdüleriñ owazynda jennet bar.
Gerek däl,
ejemjan sensiz baýlygym.
Bu dünýäde ýaşamagma sebäpkär.
Janyndan jan beren meniñ barlygym,
Mähri kalba siñen keşpde jennet bar.
Senden daşda, üzňe galan mahalym,
Göýä gursagymda goja boşluk bar.
Ejem barka ýaza döner jahanym,
Müñde kerem ak süýdüñe minnetdar.
Aýagyñ astynda baky jennet bar.
Awtory: Jemşit Hajymämmedow
❤❤❤❤❤Mahriban Käbäm doglan guniñ gutly bolsun jan ejem🤗....❤❤❤❤