milaya_mm
20.06.2024 00:45
1. Üzgünken karar vermeyin.
2. Mutluyken söz vermeyin.
3. Kızgınken cevap vermeyin.
!!!
9
26
milaya_mm
19.06.2024 00:58
Dünýämizem kalbymyzam iki däl
Göwne degmäň kalp ejizdir adamlar
Menem mertdim köp dert sallym içime
Başarmadym götermegi adamlar

Ýeke gyzam bolsam köp dökdüm ýaşy
Ýalan gepden bolly derdimiň başy
Bezäp gezsemem men gözüm-gaşymy
Diýmesi aýyp jalaýlyk däl adamlar

Näme etsemem zyýanym bir özüme
Kime näme? Näme edemde gözüme
Düşünenler hapgyrarlar sözüme
Kim näme etse özüne eder adamlar

Bu gün mende bolsa ertirem sizde
Ýaman iş etmänkäň eýýäm dillerde
Gybat keşler ynsap ýokmy sizlerde
Bilip bilmän gürlemäliň adamlar

Diýerler nakylda gülme goňşyňa
Gülüşiň dek düşer bir gün başyňa
Seňem gepiň gaçar iýjek aşyňa
Bişjek aşy awy etmäliň adamlar

Durmuş aýlanyp dur kimligiňe bakmaz
Bigünäň nalasy boş ýerde ýatmaz
Haramlyk edilen hiç kime ýokmaz
Unutmalyň o dünýänem adamlar
17
73
milaya_mm
17.06.2024 11:26
_-Jaň edip tuzuryp, agşam ýatyrmaýan biri bolmaly durmuşyňyzda. Kä wagt gulagyňa seni söýýän diýip ýatladýan biri bolmaly. Samsyksyrap seni gamgyn günüňde güldürýän biri bolmaly. Sen ýaramadyk wagtyň gowy bolýaňmy diýip soraýan biri bolmaly. Elimden gidäýmesin diýip, başga adamlardan gawanýan biri bolmaly. Ejeň dağa salam aýt diýip, maşgalaňa ýakyn boljak bolýan biri bolmaly. Durmuşda seniň ýeke däldigiňi bildirýän biri bolmaly🖇️🧿❤️
28
249
milaya_mm
16.06.2024 01:31
Ýetip gelen gurban baýramyňyzy tüýs ýüregimden gutlaýan MUSULMAN HALKY❤️✨
14
49
milaya_mm
15.06.2024 07:44
Howwa dogry ejelerimiz bize ýaşaýyşy sowgat etdi, emma kakalarymyz velin ýaşamana güýç berdi.
23
38
milaya_mm
14.06.2024 10:13
Gözel synp mugallymydy. Bu gün onuň täze mekdebinde ilkinji günüdi.Synpda okaýan çagalar gaty ýakymlydy,ýöne synpdaşlaryndan aýry oturan bir oglanjyk onuň ünsüni özüne çekdi. Ady Daýanç bolan okuwçy arakesmelerde-de ýeke özi oturardy we hiç kim bilen oýnamazdy. Daýanjyň bahalary hem gaty erbetdi, şonuň üçin beýleki mugallymlar tarapyndan yzygiderli käýinç alýardy. Okuwdan soň çagalara uzakdan seredýän Daýanjy almaga adam bolmazdy. Mugallym Gözel täze okuwçylarynyň öňki ýazgylaryny barlamak isledi. Ol ýazgylary okanda geň galdy. Ýazgylarda Daýanjyň örän üstünlikli, şadyýan we bagytly okuwçydygy aýdylýardy. Gözel Daýanjyň öňki ýazgylaryny barlaýarka, ejesiniň geçen ýyl rak keseli sebäpli aradan çykandygyny görüp gaty gynandy. Ynha bu gün Gözel mugallymyň doglan günüdi. Çagalaryň ählisi biri-birinden owadan sowgatlar bilen gelipdirler. Daýanç hem beýlekilere garanyňda daşy köneräk sowgatly gelipdi. Mugallym Gözel Daýanjyň sowgadyny uly begenç bilen aldy. Öýüne baryp sowgadyny açanda, içi doly emma biraz ulanylan köne atyr çüýşesini gördi. Ol ertesi şol atytdan sepinip okuwa gitdi. Sapaga girende Daýanç aglap, ylgap geldide ony gujaklady. Mugallym Gözel muňa näme diýjegini bilmedi. Bir näçe aýdan soň Gözel başga bir şäherdäki mekdebe bellendi. Okuwçylaryny we Daýanjy terk etmek gaty kyn bolsada, bir näçe ýyllap başga şäherde mugallymçylyk etmegini dowam etdirdi. Bir gün onuň adyna hat geldi. Bu hat Daýançdan gelipdi. Hatda:" Salam, Gözel mugallym, men Daýanç. Ýyllar geçsede men sizi hiç haçan ýatdan çykarmadym. Ýadyňyzdamy bilemok, size sowgat höküminde atyr beripdim, siz ony sepinip synpa gelipdiňiz. Ol atyr ejemiň atyrydy, köp wagt geçenden soň ejemiň ysyny alanym üçin aglapdym we sizi gujaklapdym...". Haty okan Gözel duýgulandy. Onuň şol gün ýadyna düşdi. Daýanç inni ulalypdy we öýlenýärdi. Gözle onuň toýuna hem mugallymy, hem-de ejesi höküminde gatnaşmalydy. Şol atyry saklapdy. Ýene bir gezek sepinip, Daýanjyň toýuna gitdi. Köp ýyldan soň duşuşdylar. Zalyň ortasynda gözleri ýaşly birek-biregi gujakladylar. Biri okuwçysyny, biri ejesini...









Enäniň söýgüsiniň ýoklugy adamyň kalbynda düzedip bolmajak boşluk galdyrýar. Enäniň ýoklugy kalbyň iň çuň burçlarynda hemişe agyry bolup galýar. Ejesiz ulanýan çaga elmydama sögi we mähir gözleýär.



Şu hekaýa ejesiz ýetim çagalarymyz üçin bagyşlanan.


SOŇY
17
120
milaya_mm
13.06.2024 08:49
Bir gün senden sorasalar men hakda,
"Men bilemok bir zatlara boldy" diý!
Ýene gaýta-gaýta sorag berseler,
"Meniň birja sözüm üçin öldi" diý!

Ol näme söz sorasalar ýene-de,
"Ol durmuşdan gereğini aldy" diý!
"Bir meň bilen bir ömüri geçirmek
Bar islegi bar arzuwy şoldy" diý!

"Ony dälde arzuwlarmy saýladym.
Ol hakynda pikirlerim söndi" diý!
"Ýok-ýok gorkmaň, ol entägem ýaşap ýör
Diri halda, ömürbaky öldi" diý!
21
296
milaya_mm
12.06.2024 01:31
Jaň et maňa, sowaşaýyn öýkämden,
Soň "wah" diýip gara başyň ýaýkandan.
Yşk okuny goýber maňa peýkamdan,
Gözýetimden ýitemden soň giç bolar.

Bas bagryňa, saklanma sen, gujakla.
Ýaýdanma, gizleme, baryn açykla.
Ýyly mähir tapyp özge gujakda,
Uzak dur diýip itemden soň giç bolar.

Ýüz öwürmek ýaraşmaýar merdeme.
Howam bol sen içe çeken her deme.
Halym sora, derman gözle derdime.
Hassa bolup ýatamdan soň giç bolar.

Göwnümi al meniň bilen ýaraşyp.
İçde men-menligiň bilen göreşip.
Soň menden hiç zada ýörme garaşyp.
Bagtym özgä çatamdan soň giç bolar.
12
29
milaya_mm
11.06.2024 01:40
mugallym:
Bayramow Türkmen dilinde nace sany düşüm ba?!
okuwcy:
alty yoldaş mugallym!
mugallym:
hany sanap ber onna...
okuwcy:
1,2,3,4,5,6.

🍃🍃🍃
dilber:
söýgüliiiim...
Muhammet:
hov!
dilber:
hany maňa bir suyji söz ayt
Muhammet:
sen tort😁


🍃🍃🍃
oğlu :
eje men dün myhmanlar gelende yaman gou iş etdim
ejesi:
name is etdin oğlum ayt hany
oğlu:
jigim yagly eli bilen oturgyjy hapalady onnan bir dayyam gelp oturjak bollu vln mnm oturgyjy çekip ayyryp goyberdim


🍃🍃🍃
mugallym:
şu gün synpda kim nobatcy! Seredina synp tagtasy supurulmandir tozanlar alynmandyr, globs bolsa durşy bilen çaň
okuwcy:
ol çaň dal mollum barmagynyzy degiren yeriniz Sahara çöllügi


🍃🍃🍃
Dunyade 3 sany hakykat bar:
1)adam hiç hacan cep gözi bilen haty okap bilmez.
2)muny Okan, samsyk derrew barlap görýä
3) özünün samsykdygyny bilip yzyndan gulyar🤦🏻‍♀️😂😂
33
408
milaya_mm
10.06.2024 00:53
1 - Sana bir şey söyleyeceğim...5,i oku
2 - Acele etme 8,i oku
3 - Çok merek etdin diimi 9,u oku
4 - Şeyy ya sen en iyisi 15,i oku
5 - Söýleyemicem galiba, sen 17,i oku
6 - Söylemeyi çok isterdim ama 16,i oku
7 - Tamam söyleyecem ama 2,i oku
8 - Çok basiiit 4,ü oku
9 - Heyecan yapmana gerek yok 18,i oku
10 - Durr daha değil 19,u oku
11 - Sinirlenme hemen 13,u oku
12 - Diyecem şimdi neyse 3,ü oku
13 - Birazdan öğreneceksin ama 20,i oku
14 - Seni çok seviyooooooruuum
15 - Biliyorum çıldırmak uzeresin ama 6,i oku
16 - Daha anlamadın diiiimi 12,i oku
17 - Uff utandım ya 7,i okusana
18 - Beni anlarmisiiinki 10,u oku
19 - 11,i sakin sakin oku şimdi
20 - Peki söylüyorum 14,i oku lutfan hadi
23
136