milaya_mm
14.06.2024 10:13
Gözel synp mugallymydy. Bu gün onuň täze mekdebinde ilkinji günüdi.Synpda okaýan çagalar gaty ýakymlydy,ýöne synpdaşlaryndan aýry oturan bir oglanjyk onuň ünsüni özüne çekdi. Ady Daýanç bolan okuwçy arakesmelerde-de ýeke özi oturardy we hiç kim bilen oýnamazdy. Daýanjyň bahalary hem gaty erbetdi, şonuň üçin beýleki mugallymlar tarapyndan yzygiderli käýinç alýardy. Okuwdan soň çagalara uzakdan seredýän Daýanjy almaga adam bolmazdy. Mugallym Gözel täze okuwçylarynyň öňki ýazgylaryny barlamak isledi. Ol ýazgylary okanda geň galdy. Ýazgylarda Daýanjyň örän üstünlikli, şadyýan we bagytly okuwçydygy aýdylýardy. Gözel Daýanjyň öňki ýazgylaryny barlaýarka, ejesiniň geçen ýyl rak keseli sebäpli aradan çykandygyny görüp gaty gynandy. Ynha bu gün Gözel mugallymyň doglan günüdi. Çagalaryň ählisi biri-birinden owadan sowgatlar bilen gelipdirler. Daýanç hem beýlekilere garanyňda daşy köneräk sowgatly gelipdi. Mugallym Gözel Daýanjyň sowgadyny uly begenç bilen aldy. Öýüne baryp sowgadyny açanda, içi doly emma biraz ulanylan köne atyr çüýşesini gördi. Ol ertesi şol atytdan sepinip okuwa gitdi. Sapaga girende Daýanç aglap, ylgap geldide ony gujaklady. Mugallym Gözel muňa näme diýjegini bilmedi. Bir näçe aýdan soň Gözel başga bir şäherdäki mekdebe bellendi. Okuwçylaryny we Daýanjy terk etmek gaty kyn bolsada, bir näçe ýyllap başga şäherde mugallymçylyk etmegini dowam etdirdi. Bir gün onuň adyna hat geldi. Bu hat Daýançdan gelipdi. Hatda:" Salam, Gözel mugallym, men Daýanç. Ýyllar geçsede men sizi hiç haçan ýatdan çykarmadym. Ýadyňyzdamy bilemok, size sowgat höküminde atyr beripdim, siz ony sepinip synpa gelipdiňiz. Ol atyr ejemiň atyrydy, köp wagt geçenden soň ejemiň ysyny alanym üçin aglapdym we sizi gujaklapdym...". Haty okan Gözel duýgulandy. Onuň şol gün ýadyna düşdi. Daýanç inni ulalypdy we öýlenýärdi. Gözle onuň toýuna hem mugallymy, hem-de ejesi höküminde gatnaşmalydy. Şol atyry saklapdy. Ýene bir gezek sepinip, Daýanjyň toýuna gitdi. Köp ýyldan soň duşuşdylar. Zalyň ortasynda gözleri ýaşly birek-biregi gujakladylar. Biri okuwçysyny, biri ejesini...









Enäniň söýgüsiniň ýoklugy adamyň kalbynda düzedip bolmajak boşluk galdyrýar. Enäniň ýoklugy kalbyň iň çuň burçlarynda hemişe agyry bolup galýar. Ejesiz ulanýan çaga elmydama sögi we mähir gözleýär.



Şu hekaýa ejesiz ýetim çagalarymyz üçin bagyşlanan.


SOŇY
17
120
manolya
14 Iýun 2024
@milaya_mm, şükür oňat menem 😊
manolya
14 Iýun 2024
@milaya_mm, Salam !Oňatmyň ?!
belka
14 Iýun 2024
🌼Ejemjan🌼🌹🌹🌹🧑‍🍼❤️❤️❤️
tmyigit76
14 Iýun 2024
Gynandyrdy :(
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.