milaya_mm
19.06.2024 00:58
Dünýämizem kalbymyzam iki däl
Göwne degmäň kalp ejizdir adamlar
Menem mertdim köp dert sallym içime
Başarmadym götermegi adamlar

Ýeke gyzam bolsam köp dökdüm ýaşy
Ýalan gepden bolly derdimiň başy
Bezäp gezsemem men gözüm-gaşymy
Diýmesi aýyp jalaýlyk däl adamlar

Näme etsemem zyýanym bir özüme
Kime näme? Näme edemde gözüme
Düşünenler hapgyrarlar sözüme
Kim näme etse özüne eder adamlar

Bu gün mende bolsa ertirem sizde
Ýaman iş etmänkäň eýýäm dillerde
Gybat keşler ynsap ýokmy sizlerde
Bilip bilmän gürlemäliň adamlar

Diýerler nakylda gülme goňşyňa
Gülüşiň dek düşer bir gün başyňa
Seňem gepiň gaçar iýjek aşyňa
Bişjek aşy awy etmäliň adamlar

Durmuş aýlanyp dur kimligiňe bakmaz
Bigünäň nalasy boş ýerde ýatmaz
Haramlyk edilen hiç kime ýokmaz
Unutmalyň o dünýänem adamlar
17
73
ideallider
19 Iýun 2024
@misaa, "Мать драконов, Буря рождённая, Игра Престолов, жена Кхал Дрого"???
misaa
19 Iýun 2024
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.