Jaň et maňa, sowaşaýyn öýkämden,
Soň "wah" diýip gara başyň ýaýkandan.
Yşk okuny goýber maňa peýkamdan,
Gözýetimden ýitemden soň giç bolar.
Bas bagryňa, saklanma sen, gujakla.
Ýaýdanma, gizleme, baryn açykla.
Ýyly mähir tapyp özge gujakda,
Uzak dur diýip itemden soň giç bolar.
Ýüz öwürmek ýaraşmaýar merdeme.
Howam bol sen içe çeken her deme.
Halym sora, derman gözle derdime.
Hassa bolup ýatamdan soň giç bolar.
Göwnümi al meniň bilen ýaraşyp.
İçde men-menligiň bilen göreşip.
Soň menden hiç zada ýörme garaşyp.
Bagtym özgä çatamdan soň giç bolar.