milanaaa
Düýn, 16:30
YŞK DAMJALARY
***Söýgi hem, edil guş ýaly, kâ uçýar,kâ gonýar. Öz köňlüňe bak! Yşgyň köreýân bolsa, bu seniň okamaly
kitabyňdyr. Okaňsoň, yşgyň joşuşyna-da bir bak!
***Seniň gözleriň gara-da dâl, mawy-da däl, söỳgi reňkinde. .
***Men gözýaşlarymy kirpigimden asdym, ýarym meni zülpünden asdy, görenler bizi köňlünden asdy.
***Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egrip-egrip,
ýumak edip taşlady. Jana-janym!Menden bir kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar.
***Dogrymy aỳtsam, “ Mejnun bilen bir synpda yşk sapagyny okaşdym.” Ol dörtlük alardy, meňki
bäşlikdi.
*** Ÿalňyz galdym sensiz-sensiz. Ÿürek aglar sessiz-sessiz.
***Onuň adyny gözümiň agyna ýazdym.
***Gözleriň bilen meni diňle, söỳgülim! Sen şeỳle bir näzik weli, seni özümden gabanỳan.
*** " Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat ýazyp tüketsem," şonda duýgularym egsilermikä?!
*** Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup, ỳoluňa yşyk berdim, köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa ỳumruk
ỳalyja ỳürek gerek, ỳüre-ek!
***Üşân şemal ak maňlaýyňy sypap-sypap ýylyndy.
***Sen ýatlamalarymyň açarysyň.
***Eýjejigim! Patyşa bolaýyn diýseň, guluň-a bar.
***Çigildem gary dilip çyksa, sen ỳüregimi dilip çykdyň.
*** Janym jan öýünden çykansoň, sen ýadymdan çykarsyň.
***Ol şeýle bir gözel welin, ony gören lala-da dil biter.
***Ilerki obada şeyle bir gözel gyz bar weli, guşagy bolmasa biliniň barlygam görünjek däl.
***Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi: Ne ýüregim galdy, ne söýgim.
***Yşga ýugrulmasa, gözelligiň bir şaýydyr.
***Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň gowusy,özüň bolup gel!
*** Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar.Sen ölemde-de ỳüregimden
sogrulmarsyň.
*** Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da bolmadym.
*** Akja gar tozgajyklary söýgülimiň ýaňajyklarynda yz goýup gitdi.
***Meni söýmân şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi.
*** Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşa-garaşa ömrüñ gyşyna ỳetdim.
*** "Henizem gözleriňde ýyldyrym çakýarmy?"diýip ýazypsyň.Hawa,heniz-henizlerem ýyldyrym
çakýar,ýöne diňe özümi ýakýar.
*** İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi:İki adamlyk lifte dört bolup münýâňiz.
*** Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda ezilen saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi ýagyş
ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan.
*** "Aýalaryň şeýle gyzgyn." diýýâdiň. Ýüregimiň howry aýamdan çykýar.
*** Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň garasyny solduraýmasyn.
*** Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanarmyş. Biz ýüreklerimiziň ululygyndan uçan dâldiris.
12
68
milanaaa
16.09.2024 22:07

Salam. Bular sizi çuň pikire batyp, oýlandyrmaga mejbur edip biläýjek, ýüregiňiziň inçe tarlaryny kakyp geçäýjek sazlar:

1. Gibran Alcocer Idea 1

2. Gibran Alcocer Idea 10

3. Gibran Alcocer Idea 15

4. Gibran Alcocer Idea 22

5. Gibran Alcocer Hotline Bling

6. Gibran Alcocer Solas

7. Ludovico Einaudi Experience

8.Raquel y Sergio Juntos

9. Ivan Castro Endure

10. Mehemmed Cavadov ft Leila Huseynzade Derinlerde (cover)

11
37
milanaaa
15.09.2024 14:18
Dokdor, men ähli zady 3 sekundyň içinde unudýaryn. Bu problema bir çäre ýokmy?
-Bu problema haçan başlady?
-Haýsy problema?


Men ýadamakdan ýadadym. Sebäbi ýadamakdan ýadamak örän ýadadyjy.


Adam logikasy:
Agajy kesip, kagyz ýasap ýüzüne "Agaçlary goraň!" diýip ýazmak. Gde logika?


Okajak bolup synanyşýarkam meniň iň soňky nerw öýjüklerim:
-Näme üçin telewizoryň pulty işlemese urup görýäs?
-A, näme üçin uransoň şol pult işlap başlaýar?


Okaýaň...synagdan geçýäň
Synagdan geçýäň...şatlanýaň
Şatlanýaň...tans oýnaýaň
Tans oýnaýaň...ýadaýaň
Ýadaýaň...kesel tapynýaň
Keselleýäň...ölýäň
Şoň üçin okamaň adamlar 😁


-Plan, sen akyllymy?
- Hawa, gaty akylly. Geçen agşam aýnany açyp çybynlary otaga girizdim, soňam aýnany gowuja ýapyp, özüm daşarda ýatdym. Muňa duşmany aljyratmak diýilýär.


Jigi-doganlaryň arasyndaky adaty ýagdaý:
-Seret, ejem bu nahary ýörite meň üçin bişirdi. Görýäňmi, ejem meni senden has köp gowy görýär.
12
149
milanaaa
09.09.2024 10:25
Çyndanam şeýlemi oglanlar? 🤔
Harby gullukda köpleriň bilmeýän gyzykly syrlary barmy? (belläp geçäýseňiz))
10
345
milanaaa
05.09.2024 19:53

Salam. Size bu günki postumda "Nädip aňsatjak millioner birini tapmagyň" 10 sany sada syryny öwretjek...

1-nji...


















Nämä entägem okap otyrsyň? Utanaňokmy? Özüň işleseň bolanokmy? Geç başga posta! Özüň işläp baýajak bol! 😁

( Sorry 🤷🏻‍♀️🙊 )

18
520
milanaaa
02.09.2024 08:08
Öwrenmeliň mähellesi, salam hemmejaňize! Hany azajyk güýmeneliň! Durmuş şeýle hem gysga, howlukmak gerek däl. Şoň üçin howlukman çalt-çaltdan her kim okan kitaplaryndan iň bir göwnüne ýaran jümläni belläp geçsin)
8
168
milanaaa
01.09.2024 12:56
Uzak ýyllardan soň tötänlikde saňa duşdum. Hiç hili üýtgemänsiň. Ýüzüňe ýygyrt düşen bolupdyr, ýöne seni garratmagyň deregine görküňe görk goşupdyr. Saňa hemme zat gelişýärdi ahyry. Häsiýetiň hem edil şol öňküligi. Çaga kimin päk ýylgyryşyňy edip, deňimden geçdiň gitdiň. Gülende gözleriňde nähilidir bir uçgunjyklary görerdim, entäk hem görýärin. Maňa gyýa göz bilen seretmediň hem. A, men bolsa seni hatda gözlerim kütelip, nury gaçan bolsa-da, daşdan basan ädimiňden tanadym. Heý, ýatdan çykararynmy? Bir wagtlar, hemişeki dildüwüşikli gaçybatalgamyza howlugyp, ýöräp gelişiňi uzakdan durup synlardym ahyry. Ýüregim seni küýsände aýlanan bolýan şol ýere, ýöne indi her gezek seň deregiňe, bir eli ajy suwly çüýşe bilen ajalyň dosty çilimi göterip gelýän dükan eltip berijisini synlaýaryn... Ýigdekçe bolsa-da, "Meni azara goýýançaň, özüň alyp geçseň bolmaýarmy, dükan öýüňden 2-3 ädim daşlykda ahyry" nazaryny edip, meni utandyryp gidýär. Biraz oturyp, özüm bilen söhbet gurýanda käýinýärin. "Kime" diýýäňmi? Elbetde, özüme! "Näme üçin" diýip sorama! Bahana tapjak bolsam-da başarmaryn, kaýinçlerimiň düýp sebäbi sen. Süýji çaýyň ýerini tutan zäher suwy, leblerime ajy tüsse sen... Ine, on bäş ýyldyr şular bilen özümi aldan bolýan, senli pikirlerimi unutdyran ýaly etýä-de, ýene aýňalyp, özüme gelsem, çep gursagymy şol öňki agyrlyk basmagyny dowam edýär...
(Söýýän gyzyny elden goýberen aşygyň keç ykbalyndan parç. Bölek hakyky durmuşdan alynan.)
15
76
milanaaa
31.08.2024 21:05
Öňler söýgi haty gelende, okap, "Gaty manysyz sözler, nämä gerek şeýle samsyklyk" diýerdim. Indi söýüp, göz ýetirýän, aşygyň her bir harpyny yşk odundan ýaňa janygyp-janygyp ýazanyna...✨️🍂
11
167
milanaaa
27.08.2024 19:38
Salam, dostlar, joralar, agalar-iniler, gelneje-kakalar, ejeler, ýaşlar! Geliň, bu gün gyzykly oýun oýnalyň. Oýunyň şerti: her kim bir aýdymy emojiler arkaly ýazmaly, beýlekiler tapmaly.
Meselem: ✨️💎 (shine bright like a diamond)
p.s islendik dilde bolup biler, ýöne aňsat we meşhur aýdymlar bolsa has gowy.
9
221
milanaaa
20.08.2024 20:44
Salam, Öwrenmeliň agzalary! Size şeýleräk gyzykly sorag. Eger-de siz bütin bir aý bir adam bilen eliňize naruçniki (türkmençe adyny bilemok) dakmaly bolsa, kimi saýlardyňyz? Bütin bir aý siz şol adam bilen şeýle gezmeli. Dünýädäki islendik adamy saýlamaga hakyňyz bar.
23
370