milanaaa
20.08.2024 20:44
Salam, Öwrenmeliň agzalary! Size şeýleräk gyzykly sorag. Eger-de siz bütin bir aý bir adam bilen eliňize naruçniki (türkmençe adyny bilemok) dakmaly bolsa, kimi saýlardyňyz? Bütin bir aý siz şol adam bilen şeýle gezmeli. Dünýädäki islendik adamy saýlamaga hakyňyz bar.
23
370
1089
27 Awgust 2024
Gelnimi saýlardym gaty gowy bolordy 1 aý
sazsoft
21 Awgust 2024
@milanaaa, Onyyyy! Dertdeş ekenig-ä onda. Menem şonuň üçin girýän soňky günler. 🥴
sazsoft
21 Awgust 2024
@zumerret_, Hawa. :) Aý, ezenegini düzederis, esasy zat adam bolsun, "abat bolsun", wepaly hem dogruçyl, akylly bolsun. Galan zatlary ýanyp duran söýgim bilen düzederin 🙃
sazsoft
21 Awgust 2024
@ylham_gurbanaly, Dogry däl. Hawa, durmuşda günä ýok, menem günäni durmuşa ýüklämok. Ýalňyşan men, günä özümde. Ýöne men depderde, matematiki mysalda ýalňyşamok, durmuşda ýalňyşdym. Durmuşyň ýalňyşlyklary welin, düzedilmesiz...
sazsoft
21 Awgust 2024
@milanaaa, Hawa, ol pahyram her gün meniň ýaly, saçlaryn ýolup-aglap, nirededir bir ýerde ýalňyzlygyň ejirini çekýändir. Ýöne nirede, ol kim? Ony ýa ol meni nädip tapmaly? Nireden gözlemeli? Ine, şu meseleler ejir berýär :)
ylham_gurbanaly
21 Awgust 2024
@sazsoft, durmuş, durmuş , durmuş. Bar zady durmuşa atmak dogrymy? Durmuşda hiç hili günä ýok.
sazsoft
21 Awgust 2024
@ylham_gurbanaly, Hawa... 😐 Ýalňyşlyklarymy bilýän. Ýöne durmuş ýalňyşlyklaryny düzedip bolanok, durmuş depder däl...
ylham_gurbanaly
21 Awgust 2024
@milanaaa, bilýäňä özüň...
ylham_gurbanaly
21 Awgust 2024
@sazsoft, onda 8milliard adamyňam günäsi ýok, Ýokardakyňam. Ähli günä, sebäp özüňde.
sazsoft
21 Awgust 2024
@milanaaa, Dünýäde 8 milliard adam bar, hawa, ýöne maňa saýlar ýaly birem tapylmady...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.