milanaaa
01.09.2024 12:56
Uzak ýyllardan soň tötänlikde saňa duşdum. Hiç hili üýtgemänsiň. Ýüzüňe ýygyrt düşen bolupdyr, ýöne seni garratmagyň deregine görküňe görk goşupdyr. Saňa hemme zat gelişýärdi ahyry. Häsiýetiň hem edil şol öňküligi. Çaga kimin päk ýylgyryşyňy edip, deňimden geçdiň gitdiň. Gülende gözleriňde nähilidir bir uçgunjyklary görerdim, entäk hem görýärin. Maňa gyýa göz bilen seretmediň hem. A, men bolsa seni hatda gözlerim kütelip, nury gaçan bolsa-da, daşdan basan ädimiňden tanadym. Heý, ýatdan çykararynmy? Bir wagtlar, hemişeki dildüwüşikli gaçybatalgamyza howlugyp, ýöräp gelişiňi uzakdan durup synlardym ahyry. Ýüregim seni küýsände aýlanan bolýan şol ýere, ýöne indi her gezek seň deregiňe, bir eli ajy suwly çüýşe bilen ajalyň dosty çilimi göterip gelýän dükan eltip berijisini synlaýaryn... Ýigdekçe bolsa-da, "Meni azara goýýançaň, özüň alyp geçseň bolmaýarmy, dükan öýüňden 2-3 ädim daşlykda ahyry" nazaryny edip, meni utandyryp gidýär. Biraz oturyp, özüm bilen söhbet gurýanda käýinýärin. "Kime" diýýäňmi? Elbetde, özüme! "Näme üçin" diýip sorama! Bahana tapjak bolsam-da başarmaryn, kaýinçlerimiň düýp sebäbi sen. Süýji çaýyň ýerini tutan zäher suwy, leblerime ajy tüsse sen... Ine, on bäş ýyldyr şular bilen özümi aldan bolýan, senli pikirlerimi unutdyran ýaly etýä-de, ýene aýňalyp, özüme gelsem, çep gursagymy şol öňki agyrlyk basmagyny dowam edýär...
(Söýýän gyzyny elden goýberen aşygyň keç ykbalyndan parç. Bölek hakyky durmuşdan alynan.)
15
76
ylham_gurbanaly
2 Sentýabr 2024
@milanaaa, olam şeýle meň üçin. Pul berip öz saglygyňa zyýan ýetirmek.
ylham_gurbanaly
2 Sentýabr 2024
Içmek samsyklyk.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.