milanaaa
18.09.2024 16:30
YŞK DAMJALARY
***Söýgi hem, edil guş ýaly, kâ uçýar,kâ gonýar. Öz köňlüňe bak! Yşgyň köreýân bolsa, bu seniň okamaly
kitabyňdyr. Okaňsoň, yşgyň joşuşyna-da bir bak!
***Seniň gözleriň gara-da dâl, mawy-da däl, söỳgi reňkinde. .
***Men gözýaşlarymy kirpigimden asdym, ýarym meni zülpünden asdy, görenler bizi köňlünden asdy.
***Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egrip-egrip,
ýumak edip taşlady. Jana-janym!Menden bir kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar.
***Dogrymy aỳtsam, “ Mejnun bilen bir synpda yşk sapagyny okaşdym.” Ol dörtlük alardy, meňki
bäşlikdi.
*** Ÿalňyz galdym sensiz-sensiz. Ÿürek aglar sessiz-sessiz.
***Onuň adyny gözümiň agyna ýazdym.
***Gözleriň bilen meni diňle, söỳgülim! Sen şeỳle bir näzik weli, seni özümden gabanỳan.
*** " Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat ýazyp tüketsem," şonda duýgularym egsilermikä?!
*** Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup, ỳoluňa yşyk berdim, köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa ỳumruk
ỳalyja ỳürek gerek, ỳüre-ek!
***Üşân şemal ak maňlaýyňy sypap-sypap ýylyndy.
***Sen ýatlamalarymyň açarysyň.
***Eýjejigim! Patyşa bolaýyn diýseň, guluň-a bar.
***Çigildem gary dilip çyksa, sen ỳüregimi dilip çykdyň.
*** Janym jan öýünden çykansoň, sen ýadymdan çykarsyň.
***Ol şeýle bir gözel welin, ony gören lala-da dil biter.
***Ilerki obada şeyle bir gözel gyz bar weli, guşagy bolmasa biliniň barlygam görünjek däl.
***Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi: Ne ýüregim galdy, ne söýgim.
***Yşga ýugrulmasa, gözelligiň bir şaýydyr.
***Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň gowusy,özüň bolup gel!
*** Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar.Sen ölemde-de ỳüregimden
sogrulmarsyň.
*** Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da bolmadym.
*** Akja gar tozgajyklary söýgülimiň ýaňajyklarynda yz goýup gitdi.
***Meni söýmân şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi.
*** Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşa-garaşa ömrüñ gyşyna ỳetdim.
*** "Henizem gözleriňde ýyldyrym çakýarmy?"diýip ýazypsyň.Hawa,heniz-henizlerem ýyldyrym
çakýar,ýöne diňe özümi ýakýar.
*** İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi:İki adamlyk lifte dört bolup münýâňiz.
*** Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda ezilen saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi ýagyş
ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan.
*** "Aýalaryň şeýle gyzgyn." diýýâdiň. Ýüregimiň howry aýamdan çykýar.
*** Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň garasyny solduraýmasyn.
*** Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanarmyş. Biz ýüreklerimiziň ululygyndan uçan dâldiris.
12
68
Tayler
Wednesday 18:57 wagtda
*saglyk bn erki al bolmaly
Tayler
Wednesday 18:51 wagtda
@flowers_, Bagt paýlansa 3 baýlygy ilki al: Ylgap baryp ynam bilen erki al, Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al, Soň tapylar, galan zady zyňyp git😁😅
flowers_
Wednesday 18:22 wagtda
@Tayler, oho, akyly satyn alarys diyýañmi)
Tayler
Wednesday 18:15 wagtda
Hawa, owadanja bolsun kim bolsada, bolly şo😁@flowers_,
Tayler
Wednesday 18:14 wagtda
@milanaaa, tassyklarlar, öňki ýaly post goýýan ýok indi
milanaaa
Wednesday 17:53 wagtda
@Tayler, edil ozi, awtoryny yazmandyryna 😐
milanaaa
Wednesday 17:52 wagtda
Bah, goyup yetishsem tassyklap yetishyaler, tuf tuf tuf 🧿💦
flowers_
Wednesday 17:51 wagtda
@Tayler, 😂, esasy gül basmadyk bolsalar bolýa
Tayler
Wednesday 17:47 wagtda
@flowers_, owadanlap ýazjak bolup düşüner ýaly etmândirnâ😅
flowers_
Wednesday 17:37 wagtda
@Tayler, şükür Hudaya gowy, özüñ nähili, aýna barda gowja seret hany şeýledir, soñ mañada aýt, bolmanda baş harpy ýazykdyr😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.