mgm
28.11.2023 00:40
Matallaryn jogaplaryny kim ilki tapar)

1.Adamda bar höwürtge,
Içinde ala ýumurtga.

2.Agajym ýok, guralym ýok,
Suw üstünden köpri gurdum.

3.Alty ganatly ak öýde,
Goly bagly gul otyr.

4.Dagdan belent, deňizden çuň.

5.Eşikli etse-de hemmäni,
Özüniň ýalaňaç endamy.

6.Aýagy ýok, ýöreýär,
Agzy ýok, sözleýär.

7.Daşary ýaz, ot-alaw,
Öýjagazda buz, gyraw.

8.Daşy agaç, içi azyk,
Ýörän ýoly bellidir.

9.Suwsuz derýa,
Jaýsyz şäher.

10.Ak öýüm bar,
Işigem ýok, aýnasam ýok.

11.Aýagy ýok, eli ýok,
Köýnegi bar, ýeňi ýok.

12.Bir dostum bar öýkünjeň.

13.Bir aýagnyň üstünde,
Barýar, gelýär hem gülýär.

14.Bir itim bar üýrmezek,
Öýe adam goýbermezek.

15.Egrijesinden tutdugym,
Agzyna derman atdygym.
35
268
mgm
26.11.2023 12:26
⚠️Psihologiki näsazlyklary we ýürek hassalyklary bolanlara okamagy masahat beremok⚠️


Dünýäniň iň gorkunc öýi

Sonky döwürlerde gorkunç öýler ulularyň güýmenjes şekiline goşuldy. Türkiýede barha meşhurlyk gazanan elhenç öý oýunlarynyň dürli görnüşleri bar. Elhenç jaýlar, adatça, belli bir meselä laýyklykda bezelýär. Toparlarda oýnalan oýunlarda belli bir maglumatlary tapmaga we öýden çykmaga synanyşýarsyňyz. Şol jaýlaryň biri ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Summertaun şäherinde ýerleşýän “MakKameý Manor” atly elhenç jaý. Bu elhenç jaýy adatdan daşary edýän zada, geliň bilelikde seredeliň.

ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Summertaun şäherinde ýerleşýän “MakKameý Manor” gorkunç öýünde henizem hiç kim oýny tamamlap, çykyşy tapyp bilmedi.

Jaýyň ynanyp bolmajak derejede elhenç görnüşde bezelendigi sebäpli,jaýyň eýesi Russ MakKameý çykyşy tapyp bilýänlere 20 müň dollar berjekdigini aýtýar.

Elbetde, “Bu nähili gorkunç bolup biler?” Diýip pikir edip bilersiňiz, emma jaýy dizaýn eden Russ MakKameý bu gorkunç tejribäni “akyl oýny” hökmünde häsiýetlendirýär.

Jaýa girmek üçin 21 ýaşdan uly bolmaly, giriş biletiňiz Russ MakKaminiň 5 iti üçin iýmit paketidir.

Şeýle-de bolsa, şertler bu ýerde gutarmaýar. Diňe bu düzgüni okandygyňyzy we düşünendigiňizi aýtmak bu jaýa girmek üçin ýeterlik däl. Jaýa girmek üçin ýene birnäçe "kiçi (!)" prosedura bar.

Ilki bilen sport synagyndan geçmeli, soň 40 sahypalyk boýun gaçyrma(dokumente) gol çekmeli. Oýundan öň lukmanyň barlagyndan geçmeli. Şeýle hem, islän wagtyňyz ulanyp boljak howpsuzlyk sözüni bellemegiň şertleriniň arasynda. Beýleki tarapdan, iň soňky şert saglyk ätiýaçlandyryşynyň bolmagydyr! Bulara gabat gelseňiz, gazanan jaýyňyza girmäge hakyňyz bar. Bu barlaglaryň hemmesinden soň, bu berk prosedura, birneme tolgunmaga başlap bilersiňiz ... Ýöne öýe girmezden ozal etmeli ýene bir zat bar; wideo tomaşa etmeli

Jaýyň eýesi MakKeý, gatnaşyjylaryň hemmesine öýe girip, şowsuzlyga uçran adamlaryň şekillerinden ybarat “Soň bolsa hiç kim ýokdy” atly 2 sagatlyk jemleýji wideo tomaşa etmäge mejbur edýär. Wideo wagtynda söz düzümi “ hakykatdanam muny etmek islemeýärsiňiz "-diýip, gaýtalanýar. Şeýlelik bilen, gatnaşyjylar has gorkýarlar.
Çygly gurşaw, agyr fiziki şertler, dürli jandarlar bilen ýakyn aragatnaşyk we öýe girýänlere köp bimaza edýän ýerler we sesler garaşýar.


Jaýyň işgärleri dürli esbaplar arkaly siz bilen fiziki aragatnaşyk gurup bilerler, ýöne fiziki taýdan olara päsgel berip bilmersiňiz. “Çöl” diýlip atlandyrylýan gezelenç 10 sagat dowam edip biler. Gatnaşýanlar 2-3 toparda bolşy ýaly ýeke oýnap bilerler.

Bu kyn tejribäni şu wagta çenli hiç kim tamamlap bilmedi. Şonuň üçin jaýyň eýesi Russ MakKameý ony tamamlap bilýänlere 20 müň dollar berjekdigini wada berýär.
45
665
mgm
25.11.2023 07:18
Degisxmeler
37
277
mgm
12.11.2023 11:16

Ýyldyzlara ynanýaňyzmy?🙃

29
229
mgm
11.11.2023 21:06

TEST (akyl ýaşyňy bilmek üçin)

1) şu reňklerden haýsysy sana ýakyn

a)gara,mele,goňur(10)

b)älemgoşar reňkleri(20)

c)janly reňkler(30)

d)neon reňkler(40)


2)Şu wagt şu aşakdaky naharlardan haýsysyny iýmek islärdiň

a)Deňiz önümleri(10)

b)Hamyrly naharlar(30)

c)Fast food(40)

d)Çorba(20)


3)Inni naharyň ýanyndan näme içmek islärsiň

a)Kola we şm gazly suwlar(40)

b)Aýran(20)

c)Alkogolly içgiler(10)

d)Sok(30)


4)Naharyňy iýip bolup telewizory açdyň näme görmek isleýäň

a)Gepleşik(10)

b)Multi film(40)

c)Sport programmalary(30)

d)Film(20)


5)Bolýar,süýji önümleri hakynda näme pikir edýäň

a)Halaýan(40)

b)Bolsada bir bolmasada(30)

c)Ol çagalar üçindir(20)

d)Saglyksyz(10)


6)Facebook,Instagram,Twitter,tiktok ýaly programmalar hakyndaky pikriň näme

a)Ulanmana gowy(30)

b)Wagt ýitirmek(20)

c)Gaty gerek şonsuz durmuşy göz öňüme getirip bilemok(40)

d)Bilemok(10)


7)Akylly telefonlar hakyndaky pikriň nähili

a)Ulanmana gowy(30)

b)Hökman gerek(40)

c)Kelle agyry(10)

d)Gereksiz we gymmat(20)


8)Inni doglan günüňizi nähili bellärdiniz

a)Doglan günler çagalar üçindir men bellämok(10)

b)Maşgalam bilen agşamlyk nahary(20)

c)Dostlarym bilen uly edip bellärin(30)

d)Uly tort kesip soňam dürli oýunlar oýnap.(40)


9)Klassika aýdymlary halaýanmy

a)Rahatlandyryjy(20)

b)Ýigrenýän(40)

c)Halaýan (10)

d)Bolsada bir bolmasada (30)


10)Bolýar,10 günlik uzun bir dynç alyşa gitmeli. Nirä giderdiň

a)Parklar we ş.m.(40)

b)Deňize ylgaryn(30)

c)New york,Italiýa ýaly trustlik ýerlere(20)

d)Täze mediniýetler öwrenmek üçin ýörüte gurnalýan gezelenclere(10)


Beren jogaplaryňyzyň yzyndaky sanlary goşuň we teswirlerde belläň.

Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 350 - 400 arasynda bolsa akyl yaşynyz 4 we 9 yaş arasynda. Bu bolsa sizin henizem ulalmadygynyzy, kiçi we ýönekeýje zatlarada begenýäniňizi aňladýar.Siziň yüregiňiz şeýle päk hem arassa.


Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 300 - 340 arasynda bolsa akyl ýaşyňyz 9 we 16 arasında üýtgemekde. Bu bolsa akyl yaşynyzyn has ýaşdygyny görkezýär.Ýagny siz intek gaty ulalmadyk we käbir jemgyýetçilik kanunlaryna garşy gelip bilersiňiz.


Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 250 - 290 arasynda bolsa sizin akyl yasynyz 16 ile 21 arasynda. Dusunjeli we akylly hereket edyan adamsynyz. Emma nirede hacan we nahili özüni alyp barmany bilyan hem bolsanyz wagtyňyzy lezzetli gecirmani hem bilyarsiniz.


Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 200 - 240 arasynda bolsa akyl yasynyz 21 ile 29 arasyndadyr. Yagny bu bal sizin bir yetisen yagny kamildiginizi gorkezyar. Nirede nahili ozunizi alyp barmany oran gowy bilyarsiniz we oran akyllysynyz.


Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 150 - 190 arasynda bolsa sizin akyl yasynyz 29 ile 55 yaş arasynda. Bu ballar sizin edil bir uly adamdygynyzy we oran zehinli akyllydygynyzy gorkezyar. Bu hem sizi sada, aňly düsunjeli we pespal gorkezyar.


Eğer 10 soraga jogap bereninizden sonra balynyz 100 - 140 arasynda bolsa sizin akyl yasynyz 55 we yokary diymekdir. Şeýlelik bilen siz doly kamillesdiniz we ownuk zatlardan lezzet alyp başladyňyz. Şeýle-de bolsa, akyl ýaşyňyz garry bolsa-da, häzirki zaman tehnologiýasy sizi gaty biynjalyk edenok.

32
220
mgm
28.10.2023 12:28

"Kim meniň sünnetimi adamlara ýaýratsa Allah (j.j.) onuň ýüzüni nurlandyrsyn"


-Hz Muhammet (s.a.w.)


50 sünneti


1)Sessiz aglamak


2)Eşigi çykaranyňdan soň eplemek


3)Haýbatly görünmek


4)Söýýän adamyňa ony söýýändigiňi aýtmak


5)Çagalaryň başyby sypamak


6)Namazy wagtynda okamak


7)Söhbet etmek


8)Bagyşlamak


9)Pespäl bolmak


10)Öýe gireniňde öý boß hem bolsa salam bermek


11)Sürme çekmek


12)Söwdada bazarlyk etmek(gaýt-goý etmek)


13)Gowy ys çalynmak


14)Işlemek


15)Edilen gowylyga sagbolsun aýtmak


16)Naharlaryň üstüni ýapyp goýmak


17)Ýüňli owadan eşikleri geýinmek


18)Gaty uzyn geýinmezlik


19)Jaýryk stakandan(käseden) suw içmezlik


20)Gygyryp gaty sesli gülmezlik


21) Ak we ýaşyl eşik geýinmek


22)Kelemli nahar iýmek


23)Ölümi ýatlatmak


24)Ýeri gelende geplemek


25)Süýt içmek


26)Ýoldaky päsgeli aýyyrmak we aýaga çolaşyp biljek zatlary gyrada goýmak


27)Saçakdan doýmankaň turmak


28)Tertipli bolmak


29)Azany diňlemek


30) Nahary iki wagtyna iýmek


31) Nahara duz bilen başlamak


32)Nahardan soň we suw içeniňden son Elhamdulillah diýmek


33)Naharyň arasynda doga okamak


34) Nahara Bissimila bilen başlamak


35) Saçaga oturmankaň eliňi yuwmak


36)Nahara ulylardan oň oturmazlyk


37) Nahara gowy ajykmankaň oturmazlyk we doýmankan turmak


38)Naharda galyndy goýmazlyk we iýýän gabyň düýbüni syryp iýmek


39)Saçaga dökülen owuntuklary sag eliň şehadat barmaga bilen iýmek


40)Saçakda gök önüm we sirke goýmak


41)Nahardan soň süýjülik iýmek


42)Nahary ýuwaş-yuwaş iýmek


43)Nahary ýerde oturup iýmek


44)Çöregi el bilen bölmek


45)Aşgazanyň 3den birini nahar,3den birini suw,3den birini howa bilen doldurmak


46)Naharda gowy temalardan gepleşmek


47)Nahary öz öňüňden iýmek we başgalaryň iýmitine seretmezlik


48)Gyzgyn nahary üflemlemän iýmek


49) Paýlaşanyňda köp bolan bölegi beýlekä bermek


50)Ýamanlyga ýagşylyk bilen garşylyk görkezmek.

29
65
mgm
22.10.2023 15:33
Salam agzalar

Aramyzda taryh ugurdan gyzyklanyanlar barmy? Bar bolsa sorag-jogap alsardyk :)
39
1 465
mgm
14.10.2023 19:34

Dünýäniň iň täsin kölleri

1.Salar de Uyuni

Dünýäniň iň duzly köli diýip bilinýän Salar de Uyuni Boliwiýada ýerleşýär.Takmynan 10 mlrd ton duza eýe diýip çaklanylýan bu köl ýurduň iň uly turistlik ýerleriniň arasyndadyr.Deňiz derejesinden 3656 metr beýikde ýerleşýän bu köliň tutýan meýdany 10500 dir.Köl gündüzleri ýagty saçýar gijelerine buz örtükli ýaly görünýär.

#Täsin_кöller


2.Hillier köli

Günbatar Awstraliýada ýerleşýän we Middle adasynyň tokaýlary bilen gurşalan Hillier köli syýahatçylaryny haýrana goýýar.Gülgüne reňki bilen üns çekýän bu köliň içinde köp mukdarda duz we arkea,arka bakteriyalary bar.Bu ajaýyp reňkiň hem sebabi şoldur.:)


3.Van köli

Bu köl Dünýäniň iň taryhy ýerlerinden biri bolan Türkiýäniň Van welaýatynda ýerleşýär.Rowaýatlary we tebigy owadanlygy bilen haýrana goýýan Van köli Türkiýäniň iň uly kölüdir.


4.Oregon Krater köli

Bu köl Amerikanyň Oregon welaýatynda ýerleşýär.Köl müňlerçe ýyl mundan ozar wulkan partlamasynda dörän çukur netijesinde emele gelipdir.Döräli bäri diňe gar we ýagyş suwlary bilen dolýan bu kölüň syrly tarapy her ýyl özini täzeläp durmagydyr.Ýagny ýylyň bellibir wagtynda suwlar öz özinden ýitýär we ýenede gar ýagyş suwlary bilen täzeden dolýar.Bu köl dünýäniň iň cuň 7.nji köli.


5.Baýkal köli

Buzluklar şaheri Sibiriň Russiýa Federasiýasynyň Irkutsk administratiw sebiti we Burýatiýa awtonom respublikasynyň arasynda ýerleşýän Baýkal köli ägirt uly göwrümi bilen ünsi özüne çekýär. Dünýäniň iň gadymy süýji suw köli hökmünde tanalýan Baýkal köli, çuňlugy 637 metr we uzynlygy 636 kilometre barabardyr. Dürli dürlüligi bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Baýkal kölüne Sibiriň merjeni hem diýilýär.


6.Konstanz köli

Şwesariýa,Germaniýa we Awstraliýanyň arasynda ýerleşýän Konstanz köli Ýewropanyň iň uly 3-nji köli.Bu köl ajaýyp tebigaty bilen meşhurdyr.Adyny Roma imperatory Konstantinden alan bu şäherde şol döwürden galan ýadygärliklere duşmak bolýar.


7.Bled köli

Slowreiýanyň Gorenjska sebitinde Alp daglarynyň eteginde ýerleşýän Bled köli Ýewropanyň hatda Dünýäniň ünsini çekýän kölleriň biri.Ýüzmek we suw sportlary bilen meşgullanmak üçin bu köle syýahat edip bilersiňiz.Köliň ortasynda ýerleşýän adajykda Bled galasy bar.Bled galasy 1004-nji ýylda gurulup ýurduň iň köne galasydyr ol galadan köli synlamak ajaýyp bolsa gerek.


8.Plitwike kölleri Milli Parky

nyň Lika diyen ýerinde yerleşýän Plitwike kölleri milli parky owadanlygy bilen syýahatçylaryny hayran galdyrýar.Plješevica, Mala Kapela we Medveđak daglary bilen gurşalan bu kölde birnäçe şagluwuklara hem duşmak bolýar.Bu köle gelýän syýahatçylar üçin kölde gezelenç etmek üçin ýodajyklar bar.


9.Meduza köli

Palau döwletinde ýerleşýän Meduza köli Eil Malk adasy bilen bilelikde 250 adany öz içine alýar.Bu kölde meduzanyn iki görnüşi bar aý meduzasy we altyn meduzasy . Beyleki görnüşlerden tapawutlulukda bu meduzalarda iňňe ýok şonuň üçin hem bu kölde ýüzmek mumkin.


10.Abraham köli

Kanadada ýerleşýän bu köl -30 gradus kä wagtlar ondan hem pes bolup durýar.Suwuň ýüzünde duran we owadan görünýän köpürjikler howa bilen täsirleşende partlaýjy metan gazyndan durýar.


ÇEŞME: anadoluhaber.com.tr

milliyet.com

gezilesiyerler.com

gezimasali.com

46
247
mgm
13.10.2023 10:32

Seýrek duş gelýän 13 täsin haýwan

Dünýäde 8.7 mln haýwan görnüşi bar...Bularyň birnäçesi intäk doly öwrenilmedi...Barlygyna ynanyp bilmejegiňiz täsin haýwanlar


1.Barreleye balygy

#Täsin haýwanlar

Ýaragyň okuny ýada salýan bu täsin balyk Handi we Atlantik ummanynyň düýplerinde ýaşaýar.


2.Appaloosa aty

“Appaloosa” Amerikada iň meşhur at tohumydyr we ýerli ilat tarapyndan Ispaniýanyň tegmilli aty hökmünde hem bellidir. Bu at tohumy özüne çekiji reňkleri we çylşyrymly nagyşlary bilen gözleri özüne çekýär.


3.Kolugo lemury

Tebigy paraşýutly bu lemur tohumy deri ganatlarynyň kömegi bilen islän ýerine uçup bilýär. Adyny Günorta-Gündogar Aziýanyň Kolugo şäherinden alýar we Madagaskaryň tokaýlarynda bir ýerden başga bir ýere uçýarlar.


4.Royal Flycatcher

Serçäniň bir görnüşi bolan bu guşlara "şa uçýanlary" hem diýilýär. Olary beýlekilerden tapawutlandyrýan zat, kellesinde şlýapa meňzeýän gara ýelekleri. Şapka ýaly ýelekleri bilen Napoleona meňzeýär. Olaryň ýelekleriniň käbiri gyzyl, käbirleri gara.


5.Umbonia Spinosa möjegi(mör-möjek)

Bu möjek Günorta Amerikada "Membracidae" görnüşleriniň biri hökmünde bellidir, arkasyndaky şahynyň görnüşi sebäpli ony beýleki görnüşlerden tapawutlandyrýar. Dişli şah ilkinji seredeniňde tikene meňzeýär. Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde, şol sanda Kolumbiýa, Wenesuela, Gollandiýa Gwiana, Iňlis Gwianasy we Ekwadorda duş gelýär.


6.Gaňyrçakly garynja

Garynja görnüşleriniň arasynda iň howply garynjalaryň biri, ony öldürmäge synanyşanlary arkasyndaky gaňyrçaklar bilen kesmäge we saklamaga ukyply.


7.Mantis karidesi

Olaryň köpüsiniň uzynlygy 10 sm bolsa-da, seýrek ýagdaýda 38 santimetre çenli ulalýar. Awuny tutmak üçin urmagy bilen tanalýarlar. Şu wagta çenli 450 dürli görnüşe ýetildi.


8.Gök totyguş balygy

Teňňeleriniň gök reňki sebäpli arka çyrasy bilen yşyklandyrylýar diýip pikir edip bilersiňiz. Olaryň has açyk ýa-da goýy reňkleri bar. Uzynlygy 90 santimetre çenli üýtgäp biler. Günbatar Atlantik suwlarynda tapylan görnüş.


9.Kel Uakari

Gyzyl ýüzleri bilen ilkinji gezek seredeniňde ünsüni özüne çekýän maýmyn görnüşi. Bu gyzyl ýüzli maýmynlar adamlara iň ýakyn ýüz keşplerini görkezýär. Şeýle hem akyllaryny ulanyp akyl işlerini ýerine ýetirip bilerler. Iň ösen maýmyn görnüşlerinden biridir.


10.Źiraf möjegi

Uzyn boýny sebäpli bu at bilen atlandyrylýar.Erkek möjekler köpelmek döwründe boýunlaryny ulanyp beýleki erkekler bilen söweşýär. Źiraf möjekleri belli bir agaç görnüşiniň ýapraklary bilen iýmitlenýär.


11.Gülgüne peri armandilosy

Bir seretseň gorkunç görünse-de, olar hiç hili zyýan ýetirmeýär. "Gum ýüzüjileri" diýlip atlandyrylýan Armadillolaryň gije Argentinanyň çöllerinde aýlanyp ýörşüni görüp bilersiňiz. Olar ownuk mör-möjekler, gurçuklar we ulitkalar bilen iýmitlenýärler. Dünýädäki "näzik" haýwanlar!


12.Gara haźźyk

Tropiki howa şertlerinde ýaşaýarlar, sebäbi sowuga garşy durmaýarlar. Bedenleri uzyn bolan bu haźźyklar, reňkleri bilen beýleki görnüşlerden tapawutlanýar.


13.Gülgüne dodakly ýerganat balygy

Galapagos adalarynda deňziň 30 metr aşagynda ýaşaýarlar. Bu balygyň uzynlygy 40 santimetre ýetip bilýär. Gowy ýüzüji däl, şonuň üçin pektoral ganatlaryny deňziň üstünde ýüzmek üçin ulanýarlar. Şeýle hem köplenç deňiziň düýbünde oturýar.

56
453
mgm
25.08.2023 21:33

Süýt hakynda faktlar

1.Sygyrlardan gije sagylyp alynan süyt siziň ýatmagyňyza has köp peýdasy deger. Sebäbi süýdüň düzuminde uky garmonlary köp bolar.


2.Süýdüň 87%-i suwdur. Galan 13%-i bolsa mineral maddalar, vitaminler, ýaglar we şm.dir


3.Sygyrlar beýleki süýdemdirijilere garanynda has köp süýt öndürýändigi üçin iň köp tükedilýän süýt sygyr süýdüdir.


4.Cyg süýtde zyýanly bakteriýalary bolup biler.


5.Şonuň üçin-de 1987-nji ýylda Amerikada çyg süýt satmak gadagan edildi.


6.Geçi süýdi sygyr süýdünden has kalariýaly bolsada ýokumly maddalara has baýdyr.


7.Süýt fobiýasy (gorkusy) bardyr.


8.Süýdüň ak görünmeginiň sebäbi içindäki mineral maddalar yşygy serpikdirýär.


9.Şonuň üçinde ýagsyz süýtler gögümtil görünip biler.


10.Ajy zatlary iýeniňden soň süýt icmek ýanma duýgusyny azaldar.


11.Süýt dişleri güýçlendirýär.


12.ABŞ-de 11-nji ýanwar süýt günidir.


13.Dünýa bolsa bu güni 1-nji iýulda belleýär.


14. Pepsi we süýdi garyp taýýarlanylýsn içgi bar(ne gözel pepsini ýöne içseler bolmadymyka😐)ady bolsa "Pilk"


15.Süýt kofýanyň ajylygyny alar. Şol sebäpden süýtli kofýalaryň tagamy ajy dälir.


Çeşme: Listelist.com

37
225