mgm
28.11.2023 00:40
Matallaryn jogaplaryny kim ilki tapar)

1.Adamda bar höwürtge,
Içinde ala ýumurtga.

2.Agajym ýok, guralym ýok,
Suw üstünden köpri gurdum.

3.Alty ganatly ak öýde,
Goly bagly gul otyr.

4.Dagdan belent, deňizden çuň.

5.Eşikli etse-de hemmäni,
Özüniň ýalaňaç endamy.

6.Aýagy ýok, ýöreýär,
Agzy ýok, sözleýär.

7.Daşary ýaz, ot-alaw,
Öýjagazda buz, gyraw.

8.Daşy agaç, içi azyk,
Ýörän ýoly bellidir.

9.Suwsuz derýa,
Jaýsyz şäher.

10.Ak öýüm bar,
Işigem ýok, aýnasam ýok.

11.Aýagy ýok, eli ýok,
Köýnegi bar, ýeňi ýok.

12.Bir dostum bar öýkünjeň.

13.Bir aýagnyň üstünde,
Barýar, gelýär hem gülýär.

14.Bir itim bar üýrmezek,
Öýe adam goýbermezek.

15.Egrijesinden tutdugym,
Agzyna derman atdygym.
35
268
selbiska
12 Dekabr 2023
1)göz 2)ỳapdaky suwuñ doñmagy 3)gapyrgalar,ýürek 6)hat 8)galam 9)karta 10) peşehana 11)ỳassyk 12)Aỳna 13)Gapy 14)gulp 15)çäỳnek
male
3 Dekabr 2023
6njy nakyl dil
male
3 Dekabr 2023
1nji nakyl juyje
male
3 Dekabr 2023
2nji nakyl alemgosar
mgm
26 Noýabr 2023
8den galany bilindi🙂
mgm
26 Noýabr 2023
@0878, 14 dogry dine galanam asakda yazdylar dogry jogaby :))
djmurik
26 Noýabr 2023
14 nji matalyñ jogaby "Gulp"
mgm
26 Noýabr 2023
@geldiyevna, yok. Jansyz
mgm
25 Noýabr 2023
serdarowna
25 Noýabr 2023
@mgm, tekermi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.