mgm
14.10.2023 19:34

Dünýäniň iň täsin kölleri

1.Salar de Uyuni

Dünýäniň iň duzly köli diýip bilinýän Salar de Uyuni Boliwiýada ýerleşýär.Takmynan 10 mlrd ton duza eýe diýip çaklanylýan bu köl ýurduň iň uly turistlik ýerleriniň arasyndadyr.Deňiz derejesinden 3656 metr beýikde ýerleşýän bu köliň tutýan meýdany 10500 dir.Köl gündüzleri ýagty saçýar gijelerine buz örtükli ýaly görünýär.

#Täsin_кöller


2.Hillier köli

Günbatar Awstraliýada ýerleşýän we Middle adasynyň tokaýlary bilen gurşalan Hillier köli syýahatçylaryny haýrana goýýar.Gülgüne reňki bilen üns çekýän bu köliň içinde köp mukdarda duz we arkea,arka bakteriyalary bar.Bu ajaýyp reňkiň hem sebabi şoldur.:)


3.Van köli

Bu köl Dünýäniň iň taryhy ýerlerinden biri bolan Türkiýäniň Van welaýatynda ýerleşýär.Rowaýatlary we tebigy owadanlygy bilen haýrana goýýan Van köli Türkiýäniň iň uly kölüdir.


4.Oregon Krater köli

Bu köl Amerikanyň Oregon welaýatynda ýerleşýär.Köl müňlerçe ýyl mundan ozar wulkan partlamasynda dörän çukur netijesinde emele gelipdir.Döräli bäri diňe gar we ýagyş suwlary bilen dolýan bu kölüň syrly tarapy her ýyl özini täzeläp durmagydyr.Ýagny ýylyň bellibir wagtynda suwlar öz özinden ýitýär we ýenede gar ýagyş suwlary bilen täzeden dolýar.Bu köl dünýäniň iň cuň 7.nji köli.


5.Baýkal köli

Buzluklar şaheri Sibiriň Russiýa Federasiýasynyň Irkutsk administratiw sebiti we Burýatiýa awtonom respublikasynyň arasynda ýerleşýän Baýkal köli ägirt uly göwrümi bilen ünsi özüne çekýär. Dünýäniň iň gadymy süýji suw köli hökmünde tanalýan Baýkal köli, çuňlugy 637 metr we uzynlygy 636 kilometre barabardyr. Dürli dürlüligi bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Baýkal kölüne Sibiriň merjeni hem diýilýär.


6.Konstanz köli

Şwesariýa,Germaniýa we Awstraliýanyň arasynda ýerleşýän Konstanz köli Ýewropanyň iň uly 3-nji köli.Bu köl ajaýyp tebigaty bilen meşhurdyr.Adyny Roma imperatory Konstantinden alan bu şäherde şol döwürden galan ýadygärliklere duşmak bolýar.


7.Bled köli

Slowreiýanyň Gorenjska sebitinde Alp daglarynyň eteginde ýerleşýän Bled köli Ýewropanyň hatda Dünýäniň ünsini çekýän kölleriň biri.Ýüzmek we suw sportlary bilen meşgullanmak üçin bu köle syýahat edip bilersiňiz.Köliň ortasynda ýerleşýän adajykda Bled galasy bar.Bled galasy 1004-nji ýylda gurulup ýurduň iň köne galasydyr ol galadan köli synlamak ajaýyp bolsa gerek.


8.Plitwike kölleri Milli Parky

nyň Lika diyen ýerinde yerleşýän Plitwike kölleri milli parky owadanlygy bilen syýahatçylaryny hayran galdyrýar.Plješevica, Mala Kapela we Medveđak daglary bilen gurşalan bu kölde birnäçe şagluwuklara hem duşmak bolýar.Bu köle gelýän syýahatçylar üçin kölde gezelenç etmek üçin ýodajyklar bar.


9.Meduza köli

Palau döwletinde ýerleşýän Meduza köli Eil Malk adasy bilen bilelikde 250 adany öz içine alýar.Bu kölde meduzanyn iki görnüşi bar aý meduzasy we altyn meduzasy . Beyleki görnüşlerden tapawutlulukda bu meduzalarda iňňe ýok şonuň üçin hem bu kölde ýüzmek mumkin.


10.Abraham köli

Kanadada ýerleşýän bu köl -30 gradus kä wagtlar ondan hem pes bolup durýar.Suwuň ýüzünde duran we owadan görünýän köpürjikler howa bilen täsirleşende partlaýjy metan gazyndan durýar.


ÇEŞME: anadoluhaber.com.tr

milliyet.com

gezilesiyerler.com

gezimasali.com

46
247
mgm
20 Oktýabr 2023
@Imissyou, Hawala, Minnetdar:)
mgm
20 Oktýabr 2023
@Imissyou, Asyl mendede yokdy bir mugallymymyz bar okuwy soyduren🙃
mgm
20 Oktýabr 2023
@Imissyou, Hawa arzuwlaryma yetmek ucin okuw gerega🙃
mgm
20 Oktýabr 2023
@Imissyou, Ay okuw bilen basagay bu gunler🤷🏻‍♀️
mgm
20 Oktýabr 2023
@Imissyou, Salam sükür gowy siz nahili sizede gic yagsy🙃
mgm
15 Oktýabr 2023
Sag bolun hemman)👍🏻
gouja
15 Oktýabr 2023
👍
wselennayaa
15 Oktýabr 2023
👍
awstralya
15 Oktýabr 2023
Спасибо 👍
awstralya
15 Oktýabr 2023
Mana iberayin solary
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.