Seýrek duş gelýän 13 täsin haýwan
Dünýäde 8.7 mln haýwan görnüşi bar...Bularyň birnäçesi intäk doly öwrenilmedi...Barlygyna ynanyp bilmejegiňiz täsin haýwanlar
1.Barreleye balygy
Ýaragyň okuny ýada salýan bu täsin balyk Handi we Atlantik ummanynyň düýplerinde ýaşaýar.
2.Appaloosa aty
“Appaloosa” Amerikada iň meşhur at tohumydyr we ýerli ilat tarapyndan Ispaniýanyň tegmilli aty hökmünde hem bellidir. Bu at tohumy özüne çekiji reňkleri we çylşyrymly nagyşlary bilen gözleri özüne çekýär.
3.Kolugo lemury
Tebigy paraşýutly bu lemur tohumy deri ganatlarynyň kömegi bilen islän ýerine uçup bilýär. Adyny Günorta-Gündogar Aziýanyň Kolugo şäherinden alýar we Madagaskaryň tokaýlarynda bir ýerden başga bir ýere uçýarlar.
4.Royal Flycatcher
Serçäniň bir görnüşi bolan bu guşlara "şa uçýanlary" hem diýilýär. Olary beýlekilerden tapawutlandyrýan zat, kellesinde şlýapa meňzeýän gara ýelekleri. Şapka ýaly ýelekleri bilen Napoleona meňzeýär. Olaryň ýelekleriniň käbiri gyzyl, käbirleri gara.
5.Umbonia Spinosa möjegi(mör-möjek)
Bu möjek Günorta Amerikada "Membracidae" görnüşleriniň biri hökmünde bellidir, arkasyndaky şahynyň görnüşi sebäpli ony beýleki görnüşlerden tapawutlandyrýar. Dişli şah ilkinji seredeniňde tikene meňzeýär. Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde, şol sanda Kolumbiýa, Wenesuela, Gollandiýa Gwiana, Iňlis Gwianasy we Ekwadorda duş gelýär.
6.Gaňyrçakly garynja
Garynja görnüşleriniň arasynda iň howply garynjalaryň biri, ony öldürmäge synanyşanlary arkasyndaky gaňyrçaklar bilen kesmäge we saklamaga ukyply.
7.Mantis karidesi
Olaryň köpüsiniň uzynlygy 10 sm bolsa-da, seýrek ýagdaýda 38 santimetre çenli ulalýar. Awuny tutmak üçin urmagy bilen tanalýarlar. Şu wagta çenli 450 dürli görnüşe ýetildi.
8.Gök totyguş balygy
Teňňeleriniň gök reňki sebäpli arka çyrasy bilen yşyklandyrylýar diýip pikir edip bilersiňiz. Olaryň has açyk ýa-da goýy reňkleri bar. Uzynlygy 90 santimetre çenli üýtgäp biler. Günbatar Atlantik suwlarynda tapylan görnüş.
9.Kel Uakari
Gyzyl ýüzleri bilen ilkinji gezek seredeniňde ünsüni özüne çekýän maýmyn görnüşi. Bu gyzyl ýüzli maýmynlar adamlara iň ýakyn ýüz keşplerini görkezýär. Şeýle hem akyllaryny ulanyp akyl işlerini ýerine ýetirip bilerler. Iň ösen maýmyn görnüşlerinden biridir.
10.Źiraf möjegi
Uzyn boýny sebäpli bu at bilen atlandyrylýar.Erkek möjekler köpelmek döwründe boýunlaryny ulanyp beýleki erkekler bilen söweşýär. Źiraf möjekleri belli bir agaç görnüşiniň ýapraklary bilen iýmitlenýär.
11.Gülgüne peri armandilosy
Bir seretseň gorkunç görünse-de, olar hiç hili zyýan ýetirmeýär. "Gum ýüzüjileri" diýlip atlandyrylýan Armadillolaryň gije Argentinanyň çöllerinde aýlanyp ýörşüni görüp bilersiňiz. Olar ownuk mör-möjekler, gurçuklar we ulitkalar bilen iýmitlenýärler. Dünýädäki "näzik" haýwanlar!
12.Gara haźźyk
Tropiki howa şertlerinde ýaşaýarlar, sebäbi sowuga garşy durmaýarlar. Bedenleri uzyn bolan bu haźźyklar, reňkleri bilen beýleki görnüşlerden tapawutlanýar.
13.Gülgüne dodakly ýerganat balygy
Galapagos adalarynda deňziň 30 metr aşagynda ýaşaýarlar. Bu balygyň uzynlygy 40 santimetre ýetip bilýär. Gowy ýüzüji däl, şonuň üçin pektoral ganatlaryny deňziň üstünde ýüzmek üçin ulanýarlar. Şeýle hem köplenç deňiziň düýbünde oturýar.