melhem
19.04.2024 07:22
Iň meşhur syýahatçylyk internet sahypasynyň birindäki ulanyjylaryň garaýşyna görä iň gözel ýerler kesgitlenildi diýip Express habar berýär.

Hünärmenler, Tripadvisor programmasynyň kömegi bilen meşhur syýahatçylyk ýerleriniň maglumatlaryny öwrendiler. Gözlegiň dowamynda, olar ulanyjylaryň baha bermelerini öwrendiler we olaryň içindäki “owadan”, “kaşaň”, “göze ýaramly” we “ajaýyp” sözleriň sanyny ýazga geçirdiler.

Köplenç ýagdaýda bu sypatlary (3163 gezek) syýahatçylar San-Fransiskoda ýerleşýän ” Altyn derweze” köprüsi barada gürrüň berenlerinde ulanýardylar.

Bu sypatlary birneme seýrek (3107 gezek) Parižde ýerleşýän Eýfel diňi barada gürrüň berilende ulandylar. Rimdäki Trewi çüwdürimi 3105 gezek owadan hasaplandy.

Şotlandiýanyň paýtagtynyň panorama görnüşini görüp bolýan Edinburg galasy sanawda dördünji orny eýeledi. Ol ajaýyp diýilip 3091 gezek atlandyryldy.

Şeýle hem ilkinji onluga Kolizeý, Luwr, “Londonyň gözi” tomoşa tekeri, Tauer, ABŞ- da ýerleşýän Empaýr-steýt-bilding binasy girdi.

Kakajanow Seýitmuhammet
29
22
melhem
19.04.2024 00:03
Ýa­kyn­da dün­ýä­de iň özü­ne çe­ki­ji di­li­ anyk­la­mak mak­sa­dy bi­len pi­kir so­raş­ma ge­çi­ril­di. Dil öw­re­niş plat­for­ma­sy­nyň tä­ze mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­de iň özü­ne çe­ki­ji di­l in­di fran­suz di­li däl-de, ital­ýan di­li. Ang­li­ýa­dan, Fran­si­ýa­dan, Is­pa­ni­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan we ABŞ-dan 6 müň meý­le­tin­çi­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­nyň ne­ti­je­sin­de ital­ýan di­li­niň iň tä­sir­li dil­di­gi mä­lim edil­di. 2017-nji ýyl­da ge­çi­ri­len pi­kir so­raş­ma­da fran­suz di­li bu de­re­jä eýe bo­lup­dy.
Köp­ler ital­ýan di­li­ni öw­ren­mä­ge hö­wes dö­red­ýän, ro­man­tik dil hök­mün­de hä­si­ýet­len­dir­ýär­ler. Dil öw­ren­ýän­ler, esa­san hem, ital­ýan me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň tä­si­ri­ne düş­mek, ital­ýan­ça çe­per eser­le­ri oka­mak özü­ne ma­ýyl ed­ýär di­ýip bel­le­ýär­ler. 67 mil­li­on ada­myň ene di­li bo­lan ital­ýan di­lin­de hä­zir­ki wagt­da 85 mil­li­on tö­we­re­gi adam gep­le­ýär. Ital­ýan di­li Ita­li­ýa­dan baş­ga-da, San-Ma­ri­no­nyň we Şweý­sa­ri­ýa­nyň kä­bir se­bi­ti­niň res­mi di­li bo­lup, Wa­ti­ka­nyň esa­sy di­li ha­sap­lan­ýar. Hor­wa­ti­ýa­nyň we Slo­we­ni­ýa­nyň kä­bir se­bi­tin­de hem ital­ýan­ça «mo­da dil» ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­niň ope­ra we aý­dym-saz sun­ga­tyn­da ula­nyl­ýan söz­le­riň äh­li­si di­ýen ýa­ly ital­ýan­ça­dan ge­lip çyk­ýar. Ital­ýan­ça söz­le­riň kö­pü­si­niň çe­kim­li ses bi­len gu­tar­ma­gy beý­le­ki dil­ler­den aý­ra­tyn­lyk­ly ta­ra­py­nyň bi­ri­dir.
Dil öw­re­niş plat­for­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, pi­kir so­raş­ma­nyň do­wa­myn­da ne­mes di­li «iň gö­nü­mel dil», iň­lis di­li «iň my­la­kat­ly dil» diý­lip saý­la­nyp­dyr.
24
18
melhem
18.04.2024 22:11
Ga­ba­gyň çiş­me­gi

Ek­ra­nyň gar­şy­syn­da uzak­ly gün otur­mak be­de­niň alyş-çal­şy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Esa­san hem, be­den­dä­ki suw aý­la­ny­şy­gy pe­sel­ýär. Bu ýag­daý ga­bak­la­ryň çiş­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Mu­nuň üçin ýo­ga bi­len meş­gul­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ýo­ga gan aý­la­ny­şy­ny ýo­kar­lan­dy­ryp, be­de­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar.

Iý­mi­tiň ha­ýal siň­me­gi

Iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi üçin he­re­ket et­mek örän mö­hüm­dir. Esa­san hem, içe­ge­le­riň sag­dyn iş­le­me­gi üçin maşk et­mek ze­rur. Uzak wagt­lap otur­magyň ne­ti­je­sin­de aş­ga­za­na ag­ram dü­şüp, içe­ge­le­riň iş­le­me­gi kyn­laş­ýar. Bu ýag­daý ga­ryn­da agy­ry­la­ryň peý­da bol­ma­gy­na we iç­ga­ta­ma se­bäp bol­ýar. Her gün 2-3 ge­zek be­de­ni­ňi uzal­dyp ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek iý­mit siň­di­riş bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara­dan aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Ýat­keş­li­giň pe­sel­me­gi

Köp­lenç ak­ly­ňa hiç zat gel­me­ýär. Kä­te bol­sa okan we bil­ýän zat­la­ry­my­zy ýa­dy­my­za dü­şü­rip bil­me­ýä­ris. Bu ýag­daý he­re­ket­siz­lik bi­len bag­ly bo­lup, beý­ni­de gan aý­la­ny­şy pe­sel­dýär. Şeý­le hem beý­ni ýe­ter­lik de­re­je­de kis­lo­rod bi­len üp­jün edil­me­ýär. Her gün or­ta de­re­je­de maşk et­mek, aras­sa ho­wa­da ýö­re­mek hem-de we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­mek ýat­keş­li­giň pe­sel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.

Dyz­la­ryň agyr­ma­gy

Uzak wagt­lap otur­mak bo­gun­la­ryň gow­şa­ma­gy­na we agy­ry­la­ryň peý­da bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Esa­san hem, aýa­gyňy ep­läp otu­ra­nyň­da dy­zyň çiş­me­gi, duz we suw ýyg­nan­ma ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Bu ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak üçin ae­ro­bik maşk­lar bi­len meş­gul­lan­ma­ly. Gün ter­ti­bi­ne maşk et­mek me­ýil­na­ma­sy­ny gi­riz­me­li. Yzy­gi­der­li maşk et­mek myş­sa­la­ry güýç­len­dir­ýär we çe­ýe bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Şe­ke­re bolan is­le­giň art­ma­gy

Adam he­re­ke­ti pe­se­len­de özü­ni la­py­keç du­ýup, süý­ji bir zat­lar iýe­si ge­lip ug­ra­ýar. Fi­zi­ki iş­jeň­lik şe­ker bi­len gö­reş­me­giň iň go­wy usu­ly­dyr. Iş­jeň he­re­ket edi­len­de ener­gi­ýa ar­typ, bagt gor­mon­la­ry diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan en­dor­fin­ler bö­lü­nip çyk­ýar. Bagt gor­mo­ny şe­ke­re bo­lan is­le­gi azal­dyp, sag­dyn bol­ma­ga iter­gi ber­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ýe­ter­lik de­re­je­de maşk et­mek we iş­jeň ýag­daý­da bol­mak dep­res­si­ýa­ny ara­dan aý­ryp, aşa köp iý­mek­den sak­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
23
18
melhem
18.04.2024 00:46
(Oýlanma)

Ýadyňdamy, “söýgümiziň 100 günlügini” bellän günümiz?! Meni öýümüze çenli ugradypdyň. Ümzügi baryp ho-ol daglaryň düýbüne çenli uzap, gözýetimde barha inçelip gidýän, iki gapdaly döwrebap çyralar bilen bezelen şäheriň giň köçesiniň ýanýodasyndan ýöräp barýarkak, sen menden “Bagtlymyň?!” diýip sorapdyň. Onda-da nähili… Megerem şol gün dünýäde menden bagtly adam bolanam däldir. Asyl şondan soň men dünýäniň iň bagtly gyzyna öwrülen bolsam näme? Ýok, ýok, men ol derejä sen maňa duşan günüň eýe bolupdym ahbetin… Şol gün göwün guşum söýgümizi ganatlarynyň aşagyna alyp, al-asmana göterilipdi. Ýylgyrypdym. Bagtdan ýaňa ýylgyryp barşyma ýaňaklarymdaky çukanak ýazylaýarly däldi. Şonda saňa hiç zat diýmändim. Ýöne sen eýýäm ol soragyň jogabyny gözlerimden okap bilipdiň. Hawa, gözler gürleşen halaty sözler artykmaç!..

Bilýäňmi näme?! Ellerim aýalaryňdaka, tiz wagtdan seniň şo-ol arzyly familiýaňy götermek hukugy beriljegine ynanýarkam, diňe bir durmuşyňy däl, ýakynda siziň öýüňiziň törüni hem bezemek ähtimallygym gitdigiçe artýarka, her sapar gözleriňe seredemde söýgüden püre-pür bolan dideleriňde öz husnumy görüp bilýärkäm, men özümiň bu dünýädäki iň bagtly zenany däldigime asyl-asyl ynanmaryn. Aslynda bizi biri-birege duşuran şol baharyň ajaýyp gününden soň men ýaşap başladym. Sen meniň ýüregimiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän günüňden, ykballarymyz şol bagtly çatrykda gabatlaşan gününden, gözlerim gözleriňe düşen pursatyndan başlap, gaýdan her bir senesini “ömrümiň süýjüligi” diýip atlandyrýaryn. Ondan öňki ýyllar hakda pikir ýüwürtsem, birhili, boşluk duýýaryn. Şonda “Şol wagta deňiç nirede bolduň?!” diýip, biygtyýar pyşyrdaýaryn.

Sen meň barlygym-barym bolup dünýäme girdiň, bagtym, baýlygym bolup ýaşap başladyň. Indi hem geljegim, genjim, igenjim, söýünjim, söýjegim, şatlygym, şat günlerim bolubam tä iň soňky demime çenli, tä bu amanady Eýesine tabşyrýançam şeýle bolmagyny dowam eder.

A ine bu günem ýersiz ýere birden sözümiz azaşdy oturyberdi. Kejirligime tutdurdym. Ötünçleriňi kabul etmekden boýun towladym. Sen bolsaň özüňe gelişýän agraslyk bilen biraz ardynjyradyňda, ünji gatyşykly, gyryljak, emma örän mylaýym äheň bilen:

Bir zada düşün. Hemme adamlar edýän işleriniň garşylygyna nämedir bir zadyň tamakinçiligini edýärler. Aslynda-da adamzadyň ýaradylyşy şeýle. Eger Hudaýam iň soňunda öz eşreti-sapaly Jennetini adamzada wada bermedik bolsady, onda hiç kimiň ynanjy galmazdy. Ahyrýetiniň abat bolup, uçmahyň nesip etmegi üçinem adamlar gije-gündiz gowy doga-dilegler edýärler. Menem seniň gözleriňde bagtymyň suratyny däl, hut özüni görenim üçin, saňa özümdenem beter ynananym üçin, sen ýanymda bolsaň gaýgy-aladalardan yrakda bolýanym üçin senden hiç wagtam aýrylasym gelenok. Has dogrusy, men muny dileg edipdim. Nije ýyldyr öýümüze kejebe düşürmegi arzuw edip ýören ejeme seniň ýaly eli çeper, işine ezber gelni görkezesim gelýär. Arzuwlaryma haýpyň gelmese-de, ýekeje oglunyň bagtly bolmagynyň dileginde gezip ýören bir mährem enäniň hormatyna ýazygymy öt… – diýdiň.
Bu sözleriň özi meniň tutuş dünýämi gurşap aldy. Maňa diňe razylygyň alamaty hökmünde bir yşarat edäýmek galypdy:

– Bagyşlaýan!

Ogulnur Pirjikowa
29
46
melhem
17.04.2024 21:47

Çaga wagtyñyz ýatdan çykmajak gülküli pursadyñyz ýa-da ulularymyzyñ bize çagalyk döwrümizden gürrüñ beren gülküli bir pursady?!

47
566
melhem
17.04.2024 12:22
Alymlar wideoýazgyda bedeniniň bir ýarysynda erkek jynsynda duşgelýän reňkli, beýleki ýarysynda aýal jynsynda bolýan reňki bilen haýwanat dünýäsiniň iň bir ajaýyp goşa jynsly seýrek duş gelýän guşy surata düşürdiler.

Alymlaryň aýtmagyna görä, seýrek ýaşyl bal ary guşy Kolumbiýanyň Manizales şäheriniň golaýyndaky gorag astyndaky fermada tapyldy.

Onuň bedeniniň bir ýarysynda deňiz-gök reňkdäki ýelegi, beýlekisinde bolsa sary-ýaşyl ýelekleri we ortasynda bolsa açyk araçäk bar.

Alymlaryň aýtmagyna, bu guş görnişinde adatça erkekleriň açyk gök ýelekleri we gara kellesi bar, urkaçylarynyň bolsa tutuş bedeni ýaşyl reňkde bolýar.

Bu guşuň üýtgeşik reňklenmegi ikitaraplaýyn gynandromorfizm sebäpli ýüze çykdy diýip çaklanylýar - seýrek duş gelýän öýjük bölünişigi, iki dürli sperma bilen tohumlandyrylmaga mümkinçilik berýän ýumurtgalyk döredýär.

Alymlar "Guş sag tarapynda adaty erkek ýeleklerin, çepde urkaçy ýeleklerini görkezdi" -diýip, alymlar içerki organlarynyň hem ortadan erkek we urkaçy jynsyna degişli böleklere bölünendigini bellediler.

Şeýle-de bolsa, alymlar muny diňe görmek arkaly tassyklap bilmediler.

Barlaglaryň netijesinde: "Guşymyzyň içki organlarynyň hem ikitaraplaýyn gynandromorf bolandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak mümkin däldigi" anyklanyldy.
32
68
melhem
16.04.2024 10:36
MENIŇ ŞYGARYM

Bilýän kynçylyklaň bolanny ýöne,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Soň bu günler gaýdyp gelermi näme,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Bilýäň, boldy bizde ne ajap söýgi,
Käte şatlyk boldy, käte-de gaýgy,
Çümseňem görünmez ummanlaň düýbi,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kä kyn düşdi ýykylyp soň aglamak,
Şer işleriň ýollaryny baglamak,
Ne derkar, gamlanyp özüň aldamak,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kim çekip bilipdir jahan ahyny,
Sen diňleme baýguşlaryň gohuny,
Ähli zatlar geçýän eken ahyry,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Bir ömür-gapyňda bir nahal ekmek,
Garaňka göz ýumup, ak ertä bakmak,
Nämä gerek ýersiz ýere gam çekmek,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kim sen? Bakylygyň mizany biler,
Köne tanşyň bir gün salama geler,
Özüňi gynama, bolany bolar,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
28
32
melhem
16.04.2024 00:14
Gezjek ýeriňde saňa «badak atýanlar» welin, rowaýatdaky garyby büdredýän daş ýaly görünsin. Ol rowaýaty köpiňiz bilýänsiňiz. Gadym döwürlerde bir derýanyň üstünden altyn köpri salypdyrlar. Gyzylyň üstünde otursa, adamyň şähdaçyk, keýpiçag bolýandygy düşnükli. Şeýle joşguny duýmak üçin agyr mähelle sil akan ýaly bolup, köprüden o ýan-bu ýan geçer ekeni. Egninde ýamaly içmekden başga dony bolmadyk pukaralaryň biri beýle mugt eşretiň köpe miýesser edendigine geň galyp, az salymlygam bolsa, dünýäni unudyp, ganat baglap uçasy gelipdir. Il sowluşyp, köpriniň gyzgyny sowaberende “gel, şu köprüden ýeke özüm hezil edip geçeýin-le” diýen niýet bilen ýola düşüpdir. Köprä golaýlaberende welin, bir daşa büdräp, aýagyny mazaly agyrdypdyr. Garyp görgüli: «Agzy aşa ýetende, burny ganar» diýleni boldy. «Indi men agsak aýak bilen gyzyl köpriniň gyzygyny duýup bilmerin» diýip, aglamjyrap başlapdyr. Şol wagt altyn köpri jarka ýarylypdyr-da, aşak çöküpdir. Bu ahwalata geň galan garybyň ýaňky zeýrenji derrew şükranalyga öwrülipdir: «Eý, Allam, daş maňlaý däldigim üçin şu daş bilen meni halas eden ekeniň. Badymy saklaman, köprä münenligimde, bu wagt men nirelerde bolardym. Men juda bagtly ekenim» diýip begenipdir.

     Her bir zadyň aňyrsynda haýsydyr bir haýryň bukulyp goýlandygy köp wagt geçmänkä aýan bolýar. Hudaý berjek zadyny göwnüňe geňeşenok, bir sebäp döredýär ýetiriberýär. Her bir wakanyň, hadysanyň düýbi-teýkary, ahyry-soňy biziň üçin haýyrly bolsa, ähli hereketlerem niýetiňe görä ýagşylyga öwrülip gelýän bolsa, birmahallar Zaratuştrany biynjalyk eden ýagşylyk bilen ýamanlygyň darkaşy hakdaky pikire ýöntemje netije çykaryp bolýar: durmuşda ýagşy adamlar biziň göz öňüne getirişimizden has köp.

 

RAHMET GYLYJOW,

«17-AÝTMALY HABARYM BAR» KITABYNDAN
26
35
melhem
15.04.2024 23:00
Hiç hili jogapkärçiligiňiz ýok gününi göz öňüne getiriň. Eýsem şeýle güni döredip bolarmy? Garward business Reviewden Neil Pasriça öz tejribelerini “eldegirmesiz gün” diýip makala ýazypdyr.

“Käbir günler şahsy öndürijiligimize böwet bolýan telefon gürrüňlerinden, ýygnaklardan ýa-da sapaklardan gaçyp bilmeris. Emma öndürijilige berilmeli gymmatly wagty yzyna almak meselesinde alaçsyz bolup bileris. Bu makalada wagty yzyna dolamak üçin bir-iki maslahat bereris.

Ýygnaklary ýigrenýärin. Çünki ýygnaklar diňe bolan wagtlary biziň wagtymyzy almaýar.  Olar men uklamazdan öň, oýananymdan soň, gysgaça dem alan wagtym mydama meni gümeýär. Çünki mydama kellämiň bir ujunda meni aladalandyrýar. Gynandyrýan ýeri hem bir ýygnak gutaransoň, başga bir ýygnagyň plany düzülýär.

Walmartda direktor bolup işläp ýören mahalym günlerim ýygnaklar bilen geçýärdi. Elbetde işleýän hemmeleriň güni şeýledir. 2016-njy ýylda ýazyjy we orator bolmak üçin işden çykan mahalym, ýygnaklaryň indi meni gümemejekdigine göz ýetirdim.

Emma ýalňyşypdyryn…

Indi bolsa editor we web ýazyjylar bilen gürrüňler edilmeli, radio gürrüňlerini etmeli bolýaryn. Ýagny ýygnaklar hiç wagt gutaranok.

Emma men wagtymy ýygnaklara berip, döredijiligimi ýitirmek islämok. Dünýämiz tehnologiýa bilen utgaşdygyça, biz hem özümize wagt aýyryp bilemizok. Ýagny döredijilik ukybymyz ýitip barýar.

Emma men özümi üýtgetdim, indi öýe gelen wagtym aýalym we iki çagam bilen köp wagt geçirýärin. Meniň üçin şolar bilen geçiren wagtymdan has gymmatly wagt ýok. Ýagny indi olara wagt aýryp, işjeňligimi güýçlendirmek isleýärin. Munuň üçin hem gysga wagtda köp iş etmegim gerek.

Ahyry muny başarmak üçin “eldegirmesiz günler” diýen dermany oýlap tapdym. Bu günlerde hiç bir adam menden habar alyp bilmeýär.

Gysgaça ýygnaklar bilen geçýän günlerimde 500 sany söz ýazýan bolsam, eldegirmesiz günde 5000 söz ýazýaryn. Gysgaça işjeňligim 10 esse ulalýar.

Eldegirmesiz günleri nädip saýlamaly?

Senenamany açyp 16 hepdeden  soňraky birinji günden başlap gözden geçirip başlaýaryn. Her hepde bir güni saýlap, şol güni eldegirmesiz yglan edýärin. Üstüne hem “Eldegirmesiz” diýip ýazýaryn.

Näme üçin 16 hepde diýýärin. Çünki orator hökmünde öňümizdäki planlar 16 hepde öňünden belli. Şol gün men telefony öçürip, kompýuterden wi-fi-ýy aýyrýaryn. Hiç zat meniň ünsümi çekmeli däl.

Eýsem ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlardan nähili habarly bolýan?

Hiç zat aslynda beýle adatdan daşary däl. Onsuzam telefonyň ýok döwründe hem adamlar gyssagly ýagdaýlardan habarly bolýardylar ahyry. Bu güni aýalyma hem aýtdym. Eger gerek bolsa iş ýerimde boljakdygymy aýdýaryn”

Çeşme: ceotudent.com
25
23
melhem
15.04.2024 19:48
Dünýä ýüzünde gözüň reňkleri boýunça iň köp ýaýrany goňur reňkli gözlerdir. Ýer ýüzüniň 55% ilaty goňur gözli diýip hasaplanylýar.

Adamyň bedeninde iň çalt işleýän myşsa gözdür.

Kör adamlar düýş görüp bilýärler, eger-de olar dogabitdi kör däl bolan ýagdaýynda.

Itler ýaşyl bilen gyzyl reňkiň tapawudyny saýgaryp bilmeýärler.

Gözleri açyk duran halatynda asgyrmaklyk mümkin däldir.

Täze doglan çagalar aglanlarynda  gözlerinden ýaş dökülmeýär. Olar 6 hepdelik bolanlaryndan soň gözi ýaşly aglap başlaýarlar.

Haçanda kompýuteriň ekranyna sagatlarça seredilip ýa-da okalanda gözler ýadaýar. Sebäbi gözler ortaça  gyrpmalardan az gyrpylýar we gözüň myşsalaryna dynç berilmeýär.

Kosmosda basyşyň ýetmezçiligi sebäpli kosmonawtlar aglap bilmeýärler, olaryň göz ýaşlary çykmaýar .

Adamyň gözi diňe 3 reňki, ýagny gyzyl, mawy, ýaşyl reňkleri görmäge ukyplydyr. Başga ähli reňkler şularyň garyşygydyr.

Delfinler bir gözüni açyp uklaýarlar.

Baýguşlar gök reňk saýgaryp bilýän ýeke-täk guşdyrlar.

Gurçuklarda hiç hili gözleri bolmaýar.

Ynsanyň gulaklary we burny ösmegini hiç haçan togtamaýar. Emma gözleri şol bir ölçegde durýar.

Aslynda ynsan gözleri bilen däl, beýnisi bilen görýär. Biziň gözlerimiziň funksiýasy edil fotokameralaryňky ýaly, olar ýagtylygy tutýar we maglumaty beýnä geçirýär.

Dünýäniň köp ýerinde gytak gözler owadan we özüne çekiji hasaplanylýar.

Taýýarlan Merjen ATAGARRYÝEWA
26
24