Gabagyň çişmegi
Ekranyň garşysynda uzakly gün oturmak bedeniň alyş-çalşyna täsirini ýetirýär. Esasan hem, bedendäki suw aýlanyşygy peselýär. Bu ýagdaý gabaklaryň çişmegine sebäp bolýar. Munuň üçin ýoga bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Ýoga gan aýlanyşyny ýokarlandyryp, bedeniň işjeňligini artdyrýar.
Iýmitiň haýal siňmegi
Iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegi üçin hereket etmek örän möhümdir. Esasan hem, içegeleriň sagdyn işlemegi üçin maşk etmek zerur. Uzak wagtlap oturmagyň netijesinde aşgazana agram düşüp, içegeleriň işlemegi kynlaşýar. Bu ýagdaý garynda agyrylaryň peýda bolmagyna we içgatama sebäp bolýar. Her gün 2-3 gezek bedeniňi uzaldyp ýerine ýetirilýän maşklary ýerine ýetirmek iýmit siňdiriş bilen bagly meseleleri aradan aýyrmaga ýardam edýär.
Ýatkeşligiň peselmegi
Köplenç aklyňa hiç zat gelmeýär. Käte bolsa okan we bilýän zatlarymyzy ýadymyza düşürip bilmeýäris. Bu ýagdaý hereketsizlik bilen bagly bolup, beýnide gan aýlanyşy peseldýär. Şeýle hem beýni ýeterlik derejede kislorod bilen üpjün edilmeýär. Her gün orta derejede maşk etmek, arassa howada ýöremek hem-de welosipedli gezelenç etmek ýatkeşligiň peselmeginiň öňüni alýar.
Dyzlaryň agyrmagy
Uzak wagtlap oturmak bogunlaryň gowşamagyna we agyrylaryň peýda bolmagyna sebäp bolýar. Esasan hem, aýagyňy epläp oturanyňda dyzyň çişmegi, duz we suw ýygnanma ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýär. Bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin aerobik maşklar bilen meşgullanmaly. Gün tertibine maşk etmek meýilnamasyny girizmeli. Yzygiderli maşk etmek myşsalary güýçlendirýär we çeýe bolmagyny üpjün edýär.
Şekere bolan islegiň artmagy
Adam hereketi peselende özüni lapykeç duýup, süýji bir zatlar iýesi gelip ugraýar. Fiziki işjeňlik şeker bilen göreşmegiň iň gowy usulydyr. Işjeň hereket edilende energiýa artyp, bagt gormonlary diýlip atlandyrylýan endorfinler bölünip çykýar. Bagt gormony şekere bolan islegi azaldyp, sagdyn bolmaga itergi berýär. Başgaça aýdylanda, ýeterlik derejede maşk etmek we işjeň ýagdaýda bolmak depressiýany aradan aýryp, aşa köp iýmekden saklanmaga ýardam edýär.