melhem
18.04.2024 00:46
(Oýlanma)

Ýadyňdamy, “söýgümiziň 100 günlügini” bellän günümiz?! Meni öýümüze çenli ugradypdyň. Ümzügi baryp ho-ol daglaryň düýbüne çenli uzap, gözýetimde barha inçelip gidýän, iki gapdaly döwrebap çyralar bilen bezelen şäheriň giň köçesiniň ýanýodasyndan ýöräp barýarkak, sen menden “Bagtlymyň?!” diýip sorapdyň. Onda-da nähili… Megerem şol gün dünýäde menden bagtly adam bolanam däldir. Asyl şondan soň men dünýäniň iň bagtly gyzyna öwrülen bolsam näme? Ýok, ýok, men ol derejä sen maňa duşan günüň eýe bolupdym ahbetin… Şol gün göwün guşum söýgümizi ganatlarynyň aşagyna alyp, al-asmana göterilipdi. Ýylgyrypdym. Bagtdan ýaňa ýylgyryp barşyma ýaňaklarymdaky çukanak ýazylaýarly däldi. Şonda saňa hiç zat diýmändim. Ýöne sen eýýäm ol soragyň jogabyny gözlerimden okap bilipdiň. Hawa, gözler gürleşen halaty sözler artykmaç!..

Bilýäňmi näme?! Ellerim aýalaryňdaka, tiz wagtdan seniň şo-ol arzyly familiýaňy götermek hukugy beriljegine ynanýarkam, diňe bir durmuşyňy däl, ýakynda siziň öýüňiziň törüni hem bezemek ähtimallygym gitdigiçe artýarka, her sapar gözleriňe seredemde söýgüden püre-pür bolan dideleriňde öz husnumy görüp bilýärkäm, men özümiň bu dünýädäki iň bagtly zenany däldigime asyl-asyl ynanmaryn. Aslynda bizi biri-birege duşuran şol baharyň ajaýyp gününden soň men ýaşap başladym. Sen meniň ýüregimiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän günüňden, ykballarymyz şol bagtly çatrykda gabatlaşan gününden, gözlerim gözleriňe düşen pursatyndan başlap, gaýdan her bir senesini “ömrümiň süýjüligi” diýip atlandyrýaryn. Ondan öňki ýyllar hakda pikir ýüwürtsem, birhili, boşluk duýýaryn. Şonda “Şol wagta deňiç nirede bolduň?!” diýip, biygtyýar pyşyrdaýaryn.

Sen meň barlygym-barym bolup dünýäme girdiň, bagtym, baýlygym bolup ýaşap başladyň. Indi hem geljegim, genjim, igenjim, söýünjim, söýjegim, şatlygym, şat günlerim bolubam tä iň soňky demime çenli, tä bu amanady Eýesine tabşyrýançam şeýle bolmagyny dowam eder.

A ine bu günem ýersiz ýere birden sözümiz azaşdy oturyberdi. Kejirligime tutdurdym. Ötünçleriňi kabul etmekden boýun towladym. Sen bolsaň özüňe gelişýän agraslyk bilen biraz ardynjyradyňda, ünji gatyşykly, gyryljak, emma örän mylaýym äheň bilen:

Bir zada düşün. Hemme adamlar edýän işleriniň garşylygyna nämedir bir zadyň tamakinçiligini edýärler. Aslynda-da adamzadyň ýaradylyşy şeýle. Eger Hudaýam iň soňunda öz eşreti-sapaly Jennetini adamzada wada bermedik bolsady, onda hiç kimiň ynanjy galmazdy. Ahyrýetiniň abat bolup, uçmahyň nesip etmegi üçinem adamlar gije-gündiz gowy doga-dilegler edýärler. Menem seniň gözleriňde bagtymyň suratyny däl, hut özüni görenim üçin, saňa özümdenem beter ynananym üçin, sen ýanymda bolsaň gaýgy-aladalardan yrakda bolýanym üçin senden hiç wagtam aýrylasym gelenok. Has dogrusy, men muny dileg edipdim. Nije ýyldyr öýümüze kejebe düşürmegi arzuw edip ýören ejeme seniň ýaly eli çeper, işine ezber gelni görkezesim gelýär. Arzuwlaryma haýpyň gelmese-de, ýekeje oglunyň bagtly bolmagynyň dileginde gezip ýören bir mährem enäniň hormatyna ýazygymy öt… – diýdiň.
Bu sözleriň özi meniň tutuş dünýämi gurşap aldy. Maňa diňe razylygyň alamaty hökmünde bir yşarat edäýmek galypdy:

– Bagyşlaýan!

Ogulnur Pirjikowa
29
46
Abat_
18 Aprel 2024
<3 <3
bibb
18 Aprel 2024
Gaty gowy...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.