melhem
15.04.2024 23:00
Hiç hili jogapkärçiligiňiz ýok gününi göz öňüne getiriň. Eýsem şeýle güni döredip bolarmy? Garward business Reviewden Neil Pasriça öz tejribelerini “eldegirmesiz gün” diýip makala ýazypdyr.

“Käbir günler şahsy öndürijiligimize böwet bolýan telefon gürrüňlerinden, ýygnaklardan ýa-da sapaklardan gaçyp bilmeris. Emma öndürijilige berilmeli gymmatly wagty yzyna almak meselesinde alaçsyz bolup bileris. Bu makalada wagty yzyna dolamak üçin bir-iki maslahat bereris.

Ýygnaklary ýigrenýärin. Çünki ýygnaklar diňe bolan wagtlary biziň wagtymyzy almaýar.  Olar men uklamazdan öň, oýananymdan soň, gysgaça dem alan wagtym mydama meni gümeýär. Çünki mydama kellämiň bir ujunda meni aladalandyrýar. Gynandyrýan ýeri hem bir ýygnak gutaransoň, başga bir ýygnagyň plany düzülýär.

Walmartda direktor bolup işläp ýören mahalym günlerim ýygnaklar bilen geçýärdi. Elbetde işleýän hemmeleriň güni şeýledir. 2016-njy ýylda ýazyjy we orator bolmak üçin işden çykan mahalym, ýygnaklaryň indi meni gümemejekdigine göz ýetirdim.

Emma ýalňyşypdyryn…

Indi bolsa editor we web ýazyjylar bilen gürrüňler edilmeli, radio gürrüňlerini etmeli bolýaryn. Ýagny ýygnaklar hiç wagt gutaranok.

Emma men wagtymy ýygnaklara berip, döredijiligimi ýitirmek islämok. Dünýämiz tehnologiýa bilen utgaşdygyça, biz hem özümize wagt aýyryp bilemizok. Ýagny döredijilik ukybymyz ýitip barýar.

Emma men özümi üýtgetdim, indi öýe gelen wagtym aýalym we iki çagam bilen köp wagt geçirýärin. Meniň üçin şolar bilen geçiren wagtymdan has gymmatly wagt ýok. Ýagny indi olara wagt aýryp, işjeňligimi güýçlendirmek isleýärin. Munuň üçin hem gysga wagtda köp iş etmegim gerek.

Ahyry muny başarmak üçin “eldegirmesiz günler” diýen dermany oýlap tapdym. Bu günlerde hiç bir adam menden habar alyp bilmeýär.

Gysgaça ýygnaklar bilen geçýän günlerimde 500 sany söz ýazýan bolsam, eldegirmesiz günde 5000 söz ýazýaryn. Gysgaça işjeňligim 10 esse ulalýar.

Eldegirmesiz günleri nädip saýlamaly?

Senenamany açyp 16 hepdeden  soňraky birinji günden başlap gözden geçirip başlaýaryn. Her hepde bir güni saýlap, şol güni eldegirmesiz yglan edýärin. Üstüne hem “Eldegirmesiz” diýip ýazýaryn.

Näme üçin 16 hepde diýýärin. Çünki orator hökmünde öňümizdäki planlar 16 hepde öňünden belli. Şol gün men telefony öçürip, kompýuterden wi-fi-ýy aýyrýaryn. Hiç zat meniň ünsümi çekmeli däl.

Eýsem ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlardan nähili habarly bolýan?

Hiç zat aslynda beýle adatdan daşary däl. Onsuzam telefonyň ýok döwründe hem adamlar gyssagly ýagdaýlardan habarly bolýardylar ahyry. Bu güni aýalyma hem aýtdym. Eger gerek bolsa iş ýerimde boljakdygymy aýdýaryn”

Çeşme: ceotudent.com
25
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.