massimus
01.11.2023 11:37

-Salam Massimus, doglan günüň bilen.

-Geliň klasdaşlar, giriberiň.

Saşdan sypma ýokd-a barybir.

-Tüweleme, ýylmanan bolup, sen-ä äre beräýmeli bolupsyň.

-Gyz bolamd-a saňa baryp, depäňde "Balsaýat" çalardym.

-Seni alardymam welin, sen meň wkusyma gabat geleňok.

-Zorlabam bolsa barardym saňa.

-Entegem gyz bolup dogulmadygyň, Hudaý bir sowupdyr meni.

-Saş, nemelaý, zat bara.....

-Rozamy, başga wagt-a ili gürledeňok, şoňa gezek gelende bolsa mäläp ugraýaň.

-Gaýtmadymy?

-Soňurak bararyn diýipdir. Maks, şu günlükçe şony ýatdan çykarsana, şondan söz açylsa özüňi ýitirýäň, başga adama öwrülýäň.

-Ok, Saşka, ýör öýe gireli.

Klasdaş gyzymyz Gurbangözel (oňa klasda Guga diýýärdik) hemişe bolşy ýaly doglan günleri gyzykly geçirmegi gurnaýardy.

-Geliň hany bije çekeliň, her bijede gyzykly şertler bardyr, nesibäňe düşen şerti gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.

Men oňa:

-Howlukma Guga, entek hemmeler gelibersin, barymyz gatnaşsak gyzykly bolar diýdim.

-Hemmeler geld-ä, wiý huşum gursun, seň arzylyň gelenoga, bolýa garaşaly oňa.

Klasdaşym Jemka:

-Başlaberelile Massimus, o "suwulgan" geljekmi, gelmejekmi, senem şoňa swarkalanan ýalyda.

-hü, hü, hü, hü... Gyzlaň bary gülüşdiler.

Diňe Gurbangözel hezil edip güldi.

-hah, hah, ha...

-Guga men seň gülüşiňe aşyk. Gülkiňi satjakmy?

-Isleseň kopiýalap beräýerin. Agzym uly bolansoň hezil edip gülýändä.

-Dogry aýdýaň, agzy uly gyzlaň abraýam uly bolýar diýýärler.

-Senden gep gutuljak dälle.

Birdenem gapy ýuwaşlyk bilen açylyp, bir gyz içerik seretdi.

-Gel-eýt gyz, ogry pişik ýaly bolup durmada.

Roza näzirgäp içeri girdi.

-Massimus, doglan günüň bilen, Göroglyň ýaşyny bersin, 10 ogul, 10 gyzyň bolsun, hemişe gülüp gez.

-A gyz 10 ogul, 10 gyz diýen bolup, işdäň ýaman zorlaý seň, nä Massimus döwüň çagasymy, bolmanda biçäre gelne bir rehmiň gelsin, ýa özüň äre bar Massimusa (biziň gyzlarymyz şeýle grubyrakdy bagyşlarsyňyz!).

Doglan gün gyzykly geçýärdi. Guga bijeleri paýlady. Her kim aldy bir kagyz, ýöne hiç kime görkezmeli däl, diňe saňa gezek gelende okamaly.

-Hany Mekan, bijäňi oka.

-Gelin bolup salam bermeli. Menä etjek dälo-w, seň bijäňem gursun, ýüzüňem.

Oglanlar üýşüp Mekana:

-Bol dost, näme çyksa bizem edýäs-ä, birinji gezek durmuşa çykýan ýalylaý bolşuň.

Bir ýerden ýaglyk tapdylar. Mekana daňdylar. Mekan 3 gezek egilip salam berdi. Saşka gürrüňe goşuldy.

-Bul edişiň-ä bolmady Mekan, saňa gelin bolup salam bermeli diýildi, ýaglygyň bolany bilenem geline kän meňzäňok, hany eline iki sany käse beriň, geline meňzesin.

-Gowusy men Tailanda baryp operasiýa etdirip geläýeýin dost.

-Hytaýa gidäýseneý dost arzanrak bolar.

Gezek Saşkada geldi.

-Bir çäýnek çaý demläp gelip, hemmelere guýup bermeli. Çaý bilen bitýän bolsa, bedreläp getirjek.

Mekan oňa:

-Ajyrak bolsun, keýwany.

Saşkaň jogaby taýyn.

-Gelin, ýaglygyň gaçypdyr, gowja edip daňaweri.

Gezek maňa geldi. Bijäni okadym:

-Men owadan, menden maýmyn owadan diýip 3 gezek aýtmaly.

Roza muňa begendi:

-Maňa maýmyn diýeniň üçin, jogap bermeli günüň geldi.

-Men owadan, menden maýmyn owadan, men owadan, menden maýmyn owadan,

men owadan, menden maýmyn owadan.

Saş:

-Dost, goý how, ikiňizem owadan.

Gyzykly bijeler boldy. Hemmesini bir gezekde aýdyp bolmaýar.

Gezek Roza geldi.

-Daşardan oglanlaň biriniň köwşüni getirip, şoň bilen wals oýnamaly. Ýok, ýok gyzlar, men pas, ony edip biljek däl.

-Ilk-ä hemmeleň üstünden güldiň, indi yza ýol ýok, bar köwüş tapyp gel.

Ýene Saşka-da:

-Meňkini bir getirmäwer, ysyndan hemmeler jaýdan çykyp gaçarlar.

Roza gitdi, derrewem yzyna geldi.

Jemka:

-A gyz, biz saňa köwüş diýdig-ä, sen şypbyk süýräp geläýipsiň.

Yzyma seretsem Roza eli şypbykly ýylgyryp dur.

Guga:

-Hä, muňa serediň, hemmeler doglan güne köwüşli gelýär, diýmek şypbyk kimiňki bolýar, öý eýesiniňki, häý Roza hanym, etjegim içimde diýsene. Massimus köwşüň eýesi senmi?

Şypbyga seretdim, meňki däl.

-Aý ýok, meňkä däl bi.

-Näz eden bolmasana, tur walsa çyk.

Ýerimden turuzdylar. Roza bilen ýuwaşja tans oýnap başladyk. Meň endamym titreýärdi. Göýä Mekan Ataýew biziň durmuş toýumyzda aýdym aýdýan ýalydy. Men şu çaka çenli Rozany beýle ýakyndan synlap görmändim. Ol hemişeki ýaly owadandy, näzlidi, syrlydy.

Töwerekden her hili sesler gelýärdi.

-Gör, nähili mynasyp para.

-Howwa, edil perişde bilen mahluk ýaly.

-Maks, soň balagyňam çalyş, kola dökülipdir.

-Ýok ol kola däl, Rozaň pomadasy.

-Maks, jübiňde rozaň pomadasy barmy.

-Howwa 10 ogul, 10 gyz diýen bolup, bela bular.

-Tüweleme, iliňk-ä aňsat bolaýýar, iliň çagasy möýüň çagasy ýaly.

Ba-r romantikany jigim bozaýdy.

-Massimus, geläýdä bir minut.

-Aýdyber.

-Geläý.

-Aýdyber diýýän.

-Kakam daşaryk çykjak bolup şypbygyny tapman ýör, ýaňy gyzlaň biri içeri alyp gaýdypdyr.

Saşka:

-Jigim, kakaňa aýdaý, şypbygyny gyzlar gezekleşip geýip ýörler, gyzlaň bary şol şypbyk diýip ýatyrlar.

Garaz, doglan gün gutardy. Myhmanlary ugratmaga çykdym. Roza ýuwaşlyk bilen meň ýanyma geldi. Biz oň bilen ýuwajadan ýöräp barýarys.

-Massimus, seň meni nähili söýýändigiňi bilýän, dogrudanam sen gowy oglan.

-Hatyňda aýdypdyň.

Ýöne sen özüňe mynasyp gyzy taparsyň.

-Onam aýdypdyň.

-Men saňa mynasyp däl.

-Nämüçin?

-Meň durmuşym saňa görnüşi ýaly däl, meň ýene bir durmuşym bar, meň ýabany dünýäm bar, ol ýerde sen ýaşap bilmeýäň.

-O nähili ýabany dünýä, sen içgilimi Roza?

-Soň saňa hemmesini gürrüň bererin, häzirlikçe hoş, meni bagyşla Massimus.

Ol şeý diýdide ýabyň boýundan gyzlar bilen bile ýöräp gitdi. Men eşiden zatlaryma doly düşünip bilmesemem, olaryň yzlaryndan seredip durdum. Birdenem çirkin ses eşidildi.

-Massimussss, Massimusss. Men olaryň yzyndan ylgadym. Roza ýerde huşsuz, samyrdap ýatyrdy.

-Näme boldy.

-Ony ýylan çakdy, Massimus kömek et.

-Ýylan, näääddiiip.

Roza bolsa şol samyrdap ýatyrdy:

-Bagyşla meni, meni bagyşla..

23
75
massimus
31.10.2023 01:23

-Tur Massimus, oýan, çagamyz aglaýar.

-Özüň seredäýdä akylym, biraz ýataýyn.

-Wah biri bolsa seretjekle, üçisi maňa kyn düşýär.

-Üçüsi? Roza? Sen bizde näme işleýäň? Bu çagalar kimiňki? Öýe nirden girdiň?

-Wah şu wagtam ýadyňa oýun düşýädä, görä üçisem aglap otyr bulaň.

-Nirden gelen bolsaňam tizräk gidewer, wah bulaň aglaýşyny, ejem oýansa ikimizem öldürer.

-Bu zatlary çaga bolmanka pikir etmeli ekeniň, çaga öýüň bezegi, çaga näçe köp bolsa öý şonça baý bolar, çagaly öý bazar diýip akyl satardyň, gel indi bazarkom kömek et maňa.

-Ejem oýandy öýdýän, ol bärik gelýär, ana gapy açyldy. Eje, jan eje, men bu gyzy birinji gezek görýän, öň başga ýerde görýädim, öýde birinji gezek. Çagalaram bilemok kimdendigini, meň hiç hili günäm ýok, öýe nädip girendiginem bilemok.

-Massimus, degişgenligiň galjak däldä?

-Howwa enesi muň ýadyna oýun düşýär. Enesi? Allajan maňa näme bolýar, Roza bizde näme işleýär? Bu gorkunç çagalar kimiňki?

-Roza, men näçe ýaşymda?

-Basym 45 ýaşaýaň ezizim.

Ömrümiň 30 ýyly nädip geçdikä? Ömür şeýle tiz geçýämikä? Eý durmuş, eý biwepa dünýä, saňa gelip kimiň ýüzi güldi? Beýdäýmeli däldiň namart dünýä, ýatmankam 15 ýaşymdadym, turamda 45 ýaşymda, her uklamda 30 ýylym gitse, ýene iki günlük ukym galypdyr.

-Massimus tur oglum, okuwa gijä galýaň, gijesi bilen futbol görüp irdenem galyp bileňok, üstesinede samrap ýatyrsyň, namart dünýä, pylan boldy.

-Eje Roza nirede?

-Kim o Roza?

-Gelniň, çagalar aglap otyrda, olar nirä gitdi?

-Sen şo oýuny azrak gör, basym dälireýäň sen.

Mekdebe ugradym, ýolda Saşka garaşyp durdy.

-Saş gowudyra?

-Saşda hemme zat daş, sebäbi ol ýaş, söýenim garagaş, söýmedi bagry daş.

-Sen durşuna zehin, sende talant barda klient ýok.

-Talant barda klient ýok, klientleňem garny dok..

-Boldy, boldy dost, mekdebe bir gowy nastroýenýede gideli.

-Keýpiň ýokla babaý?

-Aý agşam bir düýş gördüm, hakyky ýalow.

-Nähili?

-Meň 3 sany çagam bar eken.

-Oho, başyndan gürrüň ber hany, çagalaň nädip boldy.

-O taýlaryny özümede görkezmediler.

-18 ýaşdan kiçi bolanyň üçin gyrkandyrlar o ýerlerini. Kempir kim?

-Şo öňki, däliň belläni.

-Bolýa, düýşüňde bir ogşadyňmy özi?

-Ogşandyryn, bolmasa çagalar nirden bolsun.

-Düýnä bagtyň çüwdi, zähmet mugallymymyz gelip aýyrmadyk bolsa, düýşüňe başga zatlar girerdi.

-Entegem urşup başlamankak geläýdow.

-Senem mugallymy görüp beter dyzaýaňmy?

-Aý boýumyzyň reýtingini galdyrýanlaý.

-Indi uruşmaga gitseň zähmet mugallymynam äkit, galýan zatlaňy goramaga peýdasy kän şoň.

-Sen ulalsaň kime öýlenjek?

-Meni polny ekläp biljege.

-Onda durmuşa çykaýsanaý dost.

-Seň maňa göwnüň ýetenok öýdýän dost, ellimi sallasam ellisini tapýan, obaň ýetişen gyzlarynyň düýşüne girip, olara erteki aýdyp berýän oglan men.

Klasa girdik. Olam gelipdir, şol serýoznylygy, hiç kime ýüz bermän otyr. Maňa ünsem berenok, men bolsa o eşegiň çagalaryna seredişip ýörin. Agşam ýanymda ýatan gyz, indi meň öňümdäki partada, yzyna seredenogam. Gije onuň gözlerindäki maňa bolan söýgini diýsene, ah o gözler, ah o lebler, men o gözlere gözümi gyrpman bir ömür seretmäge taýyn. Biologiýa mugallymy jan edip bir zatlar düşündirýär, meň gözlerim öňümdäki partada, gulagymda bolsa "ruki wwerh"iň aýdymlary ýaňlanýar. Bir görsem doskada Saşka kellesini gaşap dur.

Mugallym

-Tur Massimus, dostuňa kömek et, adam şekilli maýmynlara haýsylar degişli?

Men ýerimden turdum we kellämde aýlanýan sözi gaýtaladym.

-ROZA.

-Hemmeler gülüşdiler, men biraz özüme geldim, Roza ýerinden turup maňa öwrüldi.

-Men maýmyna meňzeşmi?

-Ýo men maýmyn, wiý sen maýmyn, adamam maýmyn, maýmynam adam, sen maýmyna meňzeş däl, maýmyn saňa meňzeş, wiý, nämeler diýip durun?

Maýmyn, wiý Roza klasdan aglap çykyp gitdi. Men öz söýgili maýmynymyň göwnüne degipdim, wah meň şimpanzeşkam, wah meň orangutankam, gorillajygym, gibbonym meň. Men samsygy bagyşla, seň eliňe tiken girerine dözmeýän, gözüni ýumsa seni görýän, gözüni açsa görmegi arzuw edýän, seň ýanyňda geçen döwrüni ömrüne many hasaplaýan, seň bagtly bolmagyň üçin bir ömür bagtsyz bolmaga taýyn, seň durmuşa çykan günüň ýekelikden, ejizlikden aglan, seni soňky demine çenli şol 15 ýaşly ýigit bolup söýjek däli aşygyňy bagyşla...

31
121
massimus
30.10.2023 09:08

Salam agzalar. Iş, aladalar bilen armaňda. Adam ulaldygyça hysyrdylar, problemalaram köpelýär. Emma size bu gün problemalarym barada däl-de aladasyz günlerim hakynda gürrüň bermek isleýän. Elbetde ol günlerem aladasyz däldi. Bar gaýgym okuwdaky ýüregimiň eýesidi.

Bir güni Rozanyň boýdaşy maňa:

-Massimus saňa bir täzeligim bar diýdi.

-Gowy täzelikmi?

-Gaty gowam däl.

-Aýt hany.

-Aýtsam, bir klas uly Şageldi bara.

-Howwa.

-Şo Roza hat ýazypdyr.

-Näme diýip?

-Öýdäki sygryňy satjakmy? diýip.

-Näme sygyr?

-Sen sygyr, boşa galaýma diýýän, ol Roza söýüşeli diýipdir, Rozada öň hat gelse ýyrtýady, muny welin emaý bilen jübüsine salyp gyssanyp çykyp gitdi.

-Gyssanyp çykyp giden bolsa bu kagyz oňa gerek bolandyr, onsaňam kagyz ýyrtyp ýörenden ony peýdalyrak zada ulananyň gowy.

-Roza maňa ol oglan gaty dogumly, hiç kim onuň göwnüne degip bilenok, ol menem ömürbaky gorar diýýär. Şoň üçinem sen ol oglany ýoluňdan aýyrmaly, nädibem bolsa.

Nädibem bolsa ony ýolumdan aýyrmaly, ýöne nädip? Gaýga çümüp otyrkam klasdaşym Saşka geldi.

-Massimus keýpiň ýokla ýa Real Ýunaýted ýene utulaýdymy?

-Real Madrid how.

-Aý şol birtopar türsikli ylgaýanlarda.

-Maňa kömegiň gerek Saş.

-Futbol göreli bir diýme, galan zada taýyn.

-Ikimiz dost gerek?

-Puluma ýok öňki 2 müň manadyňam bereňok entek.

-Häzir ikimiz birini ýok etmeli dost.

-Erkegeý dost, direktorymy, hol gün meni urany üçinmi, haçan, nirde aýyrýas, bölekläp ite bermeli ony, aý ýok ony item iýmeýäleý, durşuna wirus ol.

-Şageldi bara 9-lardaky şony ýitirmeli.

-Şageldi kaçokmy? Killer ugradaýsanaý pulunyň ýaryny töleşeýin. Men gana bolamok dost, ýüregim ejiz leçeniýe alyp ýörin, guragyrym bar, ginekologiýadan başga hemme kabinetde hasapda durun.

-Ony odin-odina çagyrsam nädýä?

-Daş bolýa, gel seň bilen surata düşeýinle dost?

-Näme üçin.

-Sebäbi uruşdan soň seň bu ýüzüňä bolmaz. Uruşmankaň 5 minut öňünden skora jaň et, birden ýetişibilmän ýörmesinler, soň täze alan jalbaryňy maňa goýaýda, tüýs razmerimdä dost.

Saşka we beýleki klasdaş oglanlar bilen mekdepdäki 9B ýazylan klasa bardyk. Şageldini çagyrdym, ol özüniň daýaw göwresini güjeňläp klasdan çykdy. Ýanynda-da hemme ýerde onuň öwgüsini ýetirýän, ony mekdebiň karolyna öwüren nökerleri. Şageldini täzeden eredip guýsaň men ýalydan 2,5-y çykar, her eli dagy meň aýagym ýaly. Gele gelmän maňa herreldi.

-Näme boldy Massimus, ýürek iýipsiň öýdýän hä?

Ýanyndakylaram aýdyp gutarmanka gülýäler, olarada kyn.

Hemişe ejiz adamlar ilki hüjüm edýändir. Menem şeýtdim.

-Sen erkekmi?

-Maňa diýýäňmi?

-Erkekmi sen?

-Eý seni nämedip nämederinow düşündiňmi?

-Sen erkekmi diýýän? Şol wagt Saşka gulagymyň ýanynda pyşyrdap: soragy üýtgedäý dost, eýýäm 3 gezek soradyň.

-Sen janyňdan doýduňmy Massimus, häý sen ejeň, kakaň barada pikir et.

Seň kelläňe sim bilen urlan ýalylaý. Agzyňa eýe bol bolmasa agzyň agyrar.

-Men seni okuwdan soň Garlyň mal ýatagynyň ýanyndaky urşulýan ýere çagyrýan, gel erkek bol, gaçyp gidäýseň seni ýeriň teýinden bolsa-da taparyn düşündiňmi?

Ömründe beýle garşylyga uçramadyk oglan özüni ýitirdi, gözleri howsalalydy, ondan ejizem bolsam 1-nji raundda söz, göz uruşdyrmakda (face to face-de) ony ýeňipdim. Onuň sesi howsalaly we naýynjar çykdy.

-Massimus men saňa näme etdim dost, düşündirä.

-Galanyny mal ýatagyň ýanynda düşündirerin, sen şonsuzam köp zat bildiň.

Indi meň ýöreýşim üýtgäpdi, Özümi alyp barşym Fransiýany basyp alan Saşa Makedonskiýden kem däldi. Men dünýäň eýesi Gitlerdim, 50 gyrnagyň arasynda ýaşaýan Ýuliý Sezardym, men adam iýýän Gannibaldym, soňuny bulaşdyryp ugradym, meşhurlygam hemme göterip bilmeýän eken. Klasdaş oglanlarym meni ýerde gökde goýman öwüp gelýärler, olaryň käbirine jogap berýädim, käbirlerine ünsem bermeýärdim. Olar men ýaly ýyldyzdan gaty görenokdylar. Biri maňa: Geraklyň aňyrsy türkmen bolanmyş, ol özünden näçe esse güýçli duşmanlary ýeňenmiş, senem şo tohumdan öýdýän dost diýdi. Ýene biri maňa bagyşlap goşgy düzüp gelýärdi.

Massimusum, Massimus,

Sen biz üçin Aerobus,

Abraýyňy ölçesem,

Çykar dört, bäş awtobus.

Biri aýdym aýdyp gelýär:

Maňa diňe Massimus gerek gelmezmiň,

Sensiz bary biderek dostum bilmezmiň.

Öz klasymyzyň gapysyna geldim, hemmeler içeri girdi, men bir özüm daşynda galdym. Biraz garaşaýyn. Ýyldyzlar biraz gijiräk girmeli, goý olar Roza meň edermenligim barada gürrüň bersinler. Goý ol meň gapymy açmagyma sabyrsyzlyk bilen garaşsyn. Gapyny açandan gujagyny açyp maňa ylgasyn. Öz ýanymdan göz öňüme getirýärdim.

Men Rozany öýde-de ýeke wagtym kän göz öňüme getirýärdim. Şoň üçin öýde ýeke galmazlyga çalyşýadym.

Häzir bolsa men gapyny açýan olam maňa tarap ýöreýär, hemme gyzlar el çarpýar, hemme gyzlaň Roza gözi gidýär. Oň egninde şol kinodaky köýnek, kellesinde şol meşhur şlýapa.

Klasyň aýnalary açyk ondan okeanyň sesi gelýär. Men ýuwaşlyk bilen onuň elinden tutýan, ikimiz bile äpişgä münýäs, ol ellerini iki ýana açýar, men bolsa ony gujaklaýan, okeanyň owadandygyny, Roza şol Titanikdäki Roza meňzeýär, ýöne men Jege kän meňzämokdym, men başgaça owadandym. "Sözsiz söýgi" filminde Şahrugyň owadan bolup düşen suratyny Madhura ugradýan Raja bara şo kopiýa mendä. Ýöne bize hiç zat päsgel berip bilenok, Biz äpişgeden okeana seredip uzaklara ýüzüp barýas...

24
80
massimus
29.10.2023 22:29

Çagalyk hakynda gürrüň etmek hemişe gyzykly. Häzirki çagalary görýäň, telefon, internet, ösen bir dünýä. Ýöne barybir biziň çagalygymyz gyzyklydy, dogry dälmi? Mekdepden gelip nahary ýarym ýalta iýip köçä ylgardyk. Köçedäki futbol, leňňer, gyşda ýaplar doňanda hokkeý. O döwürler klasdaşlaň albomyna, anketalaryna hindi surat ýelmemek modady. Baýramçylyklarda gyzlara Şahruk, Salman, Aişwariýany sowgat bererdik. Klasymyzda bir gyz bardy, wah tutuş mekdepde ýekejedi ol. Her gün mekdebe gelende göni ýüregimiň üstünden ýöräp gelýärdi. Titanikdäki Roza meňzeşdi. Beýleki klasdaş gyzlar bilen arkaýyn gürleşýärdim. Emma oňa gezek gelende ufff gyşyň günem derläp başlaýadym. Mekdepde gowy okaýardym. Klaskomdym. Bizi mugallymymyz höweslendirmek üçin her hepde iň köp bäşlik alanlary "prezident parta"da oturdýardy. Bir klasdaş gyzymyz hemişe şo partada oturýardy, ökdedi, biz diňe ikinji ýer üçin söweşýärdik. Bir günem ýaňky Roza meň ýanyma geldi. Gözlerime seredip:

-Massimus näçe bäşligiň bar diýdi.

Menem zoorrrddaaaannnn:

ooooonnnn diýdim.

Ol gynandy.

-Mende dokuz sany bar, bu hepde men oturyp bilmeýändä diýdi.

Içimden:

-Wah sen ýatybam bilýäň ýekejäm diýdim.

Ertesi hemme sapakdan dörtlük aldym. Ol jemi 11 bäş alypdyr. Men muňa 1x bet-de stawkam çykan ýaly begendim. Oň gözlerindäki bagty görmek üçin men hemme zada taýyndym. Hakyky dälidim.

Bir gün ol ýanyndaky jorasyna:

-Marojny iýesim gelýä, ýöne pulum ýokda diýdi. Şo pula meňem ýanymda ýokdy. Marojny satýan oglan agamyň klasdaşy ýazga alaryn, okuwdan soň oklaryn diýip pikir etdim.

Rozaň boýdaşynyň ýanyna bardym.

-Uly jaňda marojna gidelimi.

-Pulum ýoga.

-Men joşýan.

-Diňe ikimizmi?

-Rozanam ýanyňa alaý.

-Ok.

Biz köçäň ugrunda gidip barýas. Roza gürlänok. Men boýdaşy bilen gürleşip barýan. Näme gürleýänimi özümem bilemok.

-Öýüňizde itiňiz barmy?

-It? ýok?

-8-lerdäki Mergen bilen Atabaý urşupdyr?

-Näme üçin?

-Aý ikisiniňem gözi gögeripdir, urşup bilmeýän bolsa uruşmaly dällä (özümçe Wandam).

-Hmmmm.

-Azon gatlagy diýlen zat ýok bolsa biziň barymyzam gyrlarys. Aslynda howada kisloroddan azot köp eken (Albert Eýnşteýni neneň gördüňiz).

-Gyrylmankak marojny iýdiräýin diýdiňmi?

-ähä, ähä, ähä, (iň gorkunç gülki).

Gyzlar köçede garaşyp durlar, men öýe marožny almaga girdim. Barsam agamyň klasdaşy ýok, oň ýerine şerraý ejesi otyr. Ol puluňy berseň zordan berýä (marojnyny). Özümi çümmükläp gördim ukudan oýanmak üçin, bolmady ýene çümmükledim.

-Kimiň ogly sen balagyňa garynja girdimi, näme gaşynyp dursuň?

-Ataş ýokmy?

-Ýok Ataş, hä näme?

-Ataşyň maňa bergisi bardy. Şony sorap gelipdim.

-Näçe manat?

-Bäş müň manat, ýöne ýerine 5 marojny berseňizem bolýa.

-Ok, pul ber diýmeseň bolýar, başga soran zadyňy bereýin (marojnyny).

Şeýdip masgara bolmakdan gutuldym (Ýogsada, Ataşyň puluny soň berendirin).

Bir güni men Roza hat ýazdym. Hatymy şeýle rehmiňi getiriji, ýürek awadyjy sözlerden doldurdym. Men bu haty Bill Geýtse ugradanymda ol maňa öz baýlygynyň ýaryny bererdi. Harp ýalňyşy bolaýmasyn diýip haty gaýtalap okanymda her gezek özümem aglapdym. Men bilýän öýünde Rozada aglandyr. Iki günden hatymyň jogaby geldi.

-Sen gowy oglan Massimus, entek sen mendenem owadan gyza duşarsyň, meni bagyşla, men okamaly instituta girmeli. Meniň ilkinji söýgimiň kiçijik taryhy şu ýerlerde gutardy öýdýän. Soň ol gyza kän ýerde kän gezek her hili ýagdaýlarda gabat geldim. Bir gezek ony ölümdenem halas etdim. Emma bu eýýäm başga bir taryh...

32
229