massimus
01.11.2023 11:37

-Salam Massimus, doglan günüň bilen.

-Geliň klasdaşlar, giriberiň.

Saşdan sypma ýokd-a barybir.

-Tüweleme, ýylmanan bolup, sen-ä äre beräýmeli bolupsyň.

-Gyz bolamd-a saňa baryp, depäňde "Balsaýat" çalardym.

-Seni alardymam welin, sen meň wkusyma gabat geleňok.

-Zorlabam bolsa barardym saňa.

-Entegem gyz bolup dogulmadygyň, Hudaý bir sowupdyr meni.

-Saş, nemelaý, zat bara.....

-Rozamy, başga wagt-a ili gürledeňok, şoňa gezek gelende bolsa mäläp ugraýaň.

-Gaýtmadymy?

-Soňurak bararyn diýipdir. Maks, şu günlükçe şony ýatdan çykarsana, şondan söz açylsa özüňi ýitirýäň, başga adama öwrülýäň.

-Ok, Saşka, ýör öýe gireli.

Klasdaş gyzymyz Gurbangözel (oňa klasda Guga diýýärdik) hemişe bolşy ýaly doglan günleri gyzykly geçirmegi gurnaýardy.

-Geliň hany bije çekeliň, her bijede gyzykly şertler bardyr, nesibäňe düşen şerti gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidir.

Men oňa:

-Howlukma Guga, entek hemmeler gelibersin, barymyz gatnaşsak gyzykly bolar diýdim.

-Hemmeler geld-ä, wiý huşum gursun, seň arzylyň gelenoga, bolýa garaşaly oňa.

Klasdaşym Jemka:

-Başlaberelile Massimus, o "suwulgan" geljekmi, gelmejekmi, senem şoňa swarkalanan ýalyda.

-hü, hü, hü, hü... Gyzlaň bary gülüşdiler.

Diňe Gurbangözel hezil edip güldi.

-hah, hah, ha...

-Guga men seň gülüşiňe aşyk. Gülkiňi satjakmy?

-Isleseň kopiýalap beräýerin. Agzym uly bolansoň hezil edip gülýändä.

-Dogry aýdýaň, agzy uly gyzlaň abraýam uly bolýar diýýärler.

-Senden gep gutuljak dälle.

Birdenem gapy ýuwaşlyk bilen açylyp, bir gyz içerik seretdi.

-Gel-eýt gyz, ogry pişik ýaly bolup durmada.

Roza näzirgäp içeri girdi.

-Massimus, doglan günüň bilen, Göroglyň ýaşyny bersin, 10 ogul, 10 gyzyň bolsun, hemişe gülüp gez.

-A gyz 10 ogul, 10 gyz diýen bolup, işdäň ýaman zorlaý seň, nä Massimus döwüň çagasymy, bolmanda biçäre gelne bir rehmiň gelsin, ýa özüň äre bar Massimusa (biziň gyzlarymyz şeýle grubyrakdy bagyşlarsyňyz!).

Doglan gün gyzykly geçýärdi. Guga bijeleri paýlady. Her kim aldy bir kagyz, ýöne hiç kime görkezmeli däl, diňe saňa gezek gelende okamaly.

-Hany Mekan, bijäňi oka.

-Gelin bolup salam bermeli. Menä etjek dälo-w, seň bijäňem gursun, ýüzüňem.

Oglanlar üýşüp Mekana:

-Bol dost, näme çyksa bizem edýäs-ä, birinji gezek durmuşa çykýan ýalylaý bolşuň.

Bir ýerden ýaglyk tapdylar. Mekana daňdylar. Mekan 3 gezek egilip salam berdi. Saşka gürrüňe goşuldy.

-Bul edişiň-ä bolmady Mekan, saňa gelin bolup salam bermeli diýildi, ýaglygyň bolany bilenem geline kän meňzäňok, hany eline iki sany käse beriň, geline meňzesin.

-Gowusy men Tailanda baryp operasiýa etdirip geläýeýin dost.

-Hytaýa gidäýseneý dost arzanrak bolar.

Gezek Saşkada geldi.

-Bir çäýnek çaý demläp gelip, hemmelere guýup bermeli. Çaý bilen bitýän bolsa, bedreläp getirjek.

Mekan oňa:

-Ajyrak bolsun, keýwany.

Saşkaň jogaby taýyn.

-Gelin, ýaglygyň gaçypdyr, gowja edip daňaweri.

Gezek maňa geldi. Bijäni okadym:

-Men owadan, menden maýmyn owadan diýip 3 gezek aýtmaly.

Roza muňa begendi:

-Maňa maýmyn diýeniň üçin, jogap bermeli günüň geldi.

-Men owadan, menden maýmyn owadan, men owadan, menden maýmyn owadan,

men owadan, menden maýmyn owadan.

Saş:

-Dost, goý how, ikiňizem owadan.

Gyzykly bijeler boldy. Hemmesini bir gezekde aýdyp bolmaýar.

Gezek Roza geldi.

-Daşardan oglanlaň biriniň köwşüni getirip, şoň bilen wals oýnamaly. Ýok, ýok gyzlar, men pas, ony edip biljek däl.

-Ilk-ä hemmeleň üstünden güldiň, indi yza ýol ýok, bar köwüş tapyp gel.

Ýene Saşka-da:

-Meňkini bir getirmäwer, ysyndan hemmeler jaýdan çykyp gaçarlar.

Roza gitdi, derrewem yzyna geldi.

Jemka:

-A gyz, biz saňa köwüş diýdig-ä, sen şypbyk süýräp geläýipsiň.

Yzyma seretsem Roza eli şypbykly ýylgyryp dur.

Guga:

-Hä, muňa serediň, hemmeler doglan güne köwüşli gelýär, diýmek şypbyk kimiňki bolýar, öý eýesiniňki, häý Roza hanym, etjegim içimde diýsene. Massimus köwşüň eýesi senmi?

Şypbyga seretdim, meňki däl.

-Aý ýok, meňkä däl bi.

-Näz eden bolmasana, tur walsa çyk.

Ýerimden turuzdylar. Roza bilen ýuwaşja tans oýnap başladyk. Meň endamym titreýärdi. Göýä Mekan Ataýew biziň durmuş toýumyzda aýdym aýdýan ýalydy. Men şu çaka çenli Rozany beýle ýakyndan synlap görmändim. Ol hemişeki ýaly owadandy, näzlidi, syrlydy.

Töwerekden her hili sesler gelýärdi.

-Gör, nähili mynasyp para.

-Howwa, edil perişde bilen mahluk ýaly.

-Maks, soň balagyňam çalyş, kola dökülipdir.

-Ýok ol kola däl, Rozaň pomadasy.

-Maks, jübiňde rozaň pomadasy barmy.

-Howwa 10 ogul, 10 gyz diýen bolup, bela bular.

-Tüweleme, iliňk-ä aňsat bolaýýar, iliň çagasy möýüň çagasy ýaly.

Ba-r romantikany jigim bozaýdy.

-Massimus, geläýdä bir minut.

-Aýdyber.

-Geläý.

-Aýdyber diýýän.

-Kakam daşaryk çykjak bolup şypbygyny tapman ýör, ýaňy gyzlaň biri içeri alyp gaýdypdyr.

Saşka:

-Jigim, kakaňa aýdaý, şypbygyny gyzlar gezekleşip geýip ýörler, gyzlaň bary şol şypbyk diýip ýatyrlar.

Garaz, doglan gün gutardy. Myhmanlary ugratmaga çykdym. Roza ýuwaşlyk bilen meň ýanyma geldi. Biz oň bilen ýuwajadan ýöräp barýarys.

-Massimus, seň meni nähili söýýändigiňi bilýän, dogrudanam sen gowy oglan.

-Hatyňda aýdypdyň.

Ýöne sen özüňe mynasyp gyzy taparsyň.

-Onam aýdypdyň.

-Men saňa mynasyp däl.

-Nämüçin?

-Meň durmuşym saňa görnüşi ýaly däl, meň ýene bir durmuşym bar, meň ýabany dünýäm bar, ol ýerde sen ýaşap bilmeýäň.

-O nähili ýabany dünýä, sen içgilimi Roza?

-Soň saňa hemmesini gürrüň bererin, häzirlikçe hoş, meni bagyşla Massimus.

Ol şeý diýdide ýabyň boýundan gyzlar bilen bile ýöräp gitdi. Men eşiden zatlaryma doly düşünip bilmesemem, olaryň yzlaryndan seredip durdum. Birdenem çirkin ses eşidildi.

-Massimussss, Massimusss. Men olaryň yzyndan ylgadym. Roza ýerde huşsuz, samyrdap ýatyrdy.

-Näme boldy.

-Ony ýylan çakdy, Massimus kömek et.

-Ýylan, näääddiiip.

Roza bolsa şol samyrdap ýatyrdy:

-Bagyşla meni, meni bagyşla..

23
75
massimus
2 Noýabr 2023
@guldesse, indiki bölümlerde bu barada hökman durup geçeris
massimus
1 Noýabr 2023
@guldesse, howwa
altyyeva
1 Noýabr 2023
Soňy nahili bolday 🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.