massimus
31.10.2023 01:23

-Tur Massimus, oýan, çagamyz aglaýar.

-Özüň seredäýdä akylym, biraz ýataýyn.

-Wah biri bolsa seretjekle, üçisi maňa kyn düşýär.

-Üçüsi? Roza? Sen bizde näme işleýäň? Bu çagalar kimiňki? Öýe nirden girdiň?

-Wah şu wagtam ýadyňa oýun düşýädä, görä üçisem aglap otyr bulaň.

-Nirden gelen bolsaňam tizräk gidewer, wah bulaň aglaýşyny, ejem oýansa ikimizem öldürer.

-Bu zatlary çaga bolmanka pikir etmeli ekeniň, çaga öýüň bezegi, çaga näçe köp bolsa öý şonça baý bolar, çagaly öý bazar diýip akyl satardyň, gel indi bazarkom kömek et maňa.

-Ejem oýandy öýdýän, ol bärik gelýär, ana gapy açyldy. Eje, jan eje, men bu gyzy birinji gezek görýän, öň başga ýerde görýädim, öýde birinji gezek. Çagalaram bilemok kimdendigini, meň hiç hili günäm ýok, öýe nädip girendiginem bilemok.

-Massimus, degişgenligiň galjak däldä?

-Howwa enesi muň ýadyna oýun düşýär. Enesi? Allajan maňa näme bolýar, Roza bizde näme işleýär? Bu gorkunç çagalar kimiňki?

-Roza, men näçe ýaşymda?

-Basym 45 ýaşaýaň ezizim.

Ömrümiň 30 ýyly nädip geçdikä? Ömür şeýle tiz geçýämikä? Eý durmuş, eý biwepa dünýä, saňa gelip kimiň ýüzi güldi? Beýdäýmeli däldiň namart dünýä, ýatmankam 15 ýaşymdadym, turamda 45 ýaşymda, her uklamda 30 ýylym gitse, ýene iki günlük ukym galypdyr.

-Massimus tur oglum, okuwa gijä galýaň, gijesi bilen futbol görüp irdenem galyp bileňok, üstesinede samrap ýatyrsyň, namart dünýä, pylan boldy.

-Eje Roza nirede?

-Kim o Roza?

-Gelniň, çagalar aglap otyrda, olar nirä gitdi?

-Sen şo oýuny azrak gör, basym dälireýäň sen.

Mekdebe ugradym, ýolda Saşka garaşyp durdy.

-Saş gowudyra?

-Saşda hemme zat daş, sebäbi ol ýaş, söýenim garagaş, söýmedi bagry daş.

-Sen durşuna zehin, sende talant barda klient ýok.

-Talant barda klient ýok, klientleňem garny dok..

-Boldy, boldy dost, mekdebe bir gowy nastroýenýede gideli.

-Keýpiň ýokla babaý?

-Aý agşam bir düýş gördüm, hakyky ýalow.

-Nähili?

-Meň 3 sany çagam bar eken.

-Oho, başyndan gürrüň ber hany, çagalaň nädip boldy.

-O taýlaryny özümede görkezmediler.

-18 ýaşdan kiçi bolanyň üçin gyrkandyrlar o ýerlerini. Kempir kim?

-Şo öňki, däliň belläni.

-Bolýa, düýşüňde bir ogşadyňmy özi?

-Ogşandyryn, bolmasa çagalar nirden bolsun.

-Düýnä bagtyň çüwdi, zähmet mugallymymyz gelip aýyrmadyk bolsa, düýşüňe başga zatlar girerdi.

-Entegem urşup başlamankak geläýdow.

-Senem mugallymy görüp beter dyzaýaňmy?

-Aý boýumyzyň reýtingini galdyrýanlaý.

-Indi uruşmaga gitseň zähmet mugallymynam äkit, galýan zatlaňy goramaga peýdasy kän şoň.

-Sen ulalsaň kime öýlenjek?

-Meni polny ekläp biljege.

-Onda durmuşa çykaýsanaý dost.

-Seň maňa göwnüň ýetenok öýdýän dost, ellimi sallasam ellisini tapýan, obaň ýetişen gyzlarynyň düýşüne girip, olara erteki aýdyp berýän oglan men.

Klasa girdik. Olam gelipdir, şol serýoznylygy, hiç kime ýüz bermän otyr. Maňa ünsem berenok, men bolsa o eşegiň çagalaryna seredişip ýörin. Agşam ýanymda ýatan gyz, indi meň öňümdäki partada, yzyna seredenogam. Gije onuň gözlerindäki maňa bolan söýgini diýsene, ah o gözler, ah o lebler, men o gözlere gözümi gyrpman bir ömür seretmäge taýyn. Biologiýa mugallymy jan edip bir zatlar düşündirýär, meň gözlerim öňümdäki partada, gulagymda bolsa "ruki wwerh"iň aýdymlary ýaňlanýar. Bir görsem doskada Saşka kellesini gaşap dur.

Mugallym

-Tur Massimus, dostuňa kömek et, adam şekilli maýmynlara haýsylar degişli?

Men ýerimden turdum we kellämde aýlanýan sözi gaýtaladym.

-ROZA.

-Hemmeler gülüşdiler, men biraz özüme geldim, Roza ýerinden turup maňa öwrüldi.

-Men maýmyna meňzeşmi?

-Ýo men maýmyn, wiý sen maýmyn, adamam maýmyn, maýmynam adam, sen maýmyna meňzeş däl, maýmyn saňa meňzeş, wiý, nämeler diýip durun?

Maýmyn, wiý Roza klasdan aglap çykyp gitdi. Men öz söýgili maýmynymyň göwnüne degipdim, wah meň şimpanzeşkam, wah meň orangutankam, gorillajygym, gibbonym meň. Men samsygy bagyşla, seň eliňe tiken girerine dözmeýän, gözüni ýumsa seni görýän, gözüni açsa görmegi arzuw edýän, seň ýanyňda geçen döwrüni ömrüne many hasaplaýan, seň bagtly bolmagyň üçin bir ömür bagtsyz bolmaga taýyn, seň durmuşa çykan günüň ýekelikden, ejizlikden aglan, seni soňky demine çenli şol 15 ýaşly ýigit bolup söýjek däli aşygyňy bagyşla...

31
121
massimus
31 Oktýabr 2023
@dowran123, salam
sazsoft
31 Oktýabr 2023
🥲🥲🥲
nuria
31 Oktýabr 2023
🦧😂🤣
Miss_Minnosh❤️
31 Oktýabr 2023
🤣🤣🤣gulup ollum
Miss_Minnosh❤️
31 Oktýabr 2023
O eşege🤣🤣🤣🤣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.