massimus
29.10.2023 22:29

Çagalyk hakynda gürrüň etmek hemişe gyzykly. Häzirki çagalary görýäň, telefon, internet, ösen bir dünýä. Ýöne barybir biziň çagalygymyz gyzyklydy, dogry dälmi? Mekdepden gelip nahary ýarym ýalta iýip köçä ylgardyk. Köçedäki futbol, leňňer, gyşda ýaplar doňanda hokkeý. O döwürler klasdaşlaň albomyna, anketalaryna hindi surat ýelmemek modady. Baýramçylyklarda gyzlara Şahruk, Salman, Aişwariýany sowgat bererdik. Klasymyzda bir gyz bardy, wah tutuş mekdepde ýekejedi ol. Her gün mekdebe gelende göni ýüregimiň üstünden ýöräp gelýärdi. Titanikdäki Roza meňzeşdi. Beýleki klasdaş gyzlar bilen arkaýyn gürleşýärdim. Emma oňa gezek gelende ufff gyşyň günem derläp başlaýadym. Mekdepde gowy okaýardym. Klaskomdym. Bizi mugallymymyz höweslendirmek üçin her hepde iň köp bäşlik alanlary "prezident parta"da oturdýardy. Bir klasdaş gyzymyz hemişe şo partada oturýardy, ökdedi, biz diňe ikinji ýer üçin söweşýärdik. Bir günem ýaňky Roza meň ýanyma geldi. Gözlerime seredip:

-Massimus näçe bäşligiň bar diýdi.

Menem zoorrrddaaaannnn:

ooooonnnn diýdim.

Ol gynandy.

-Mende dokuz sany bar, bu hepde men oturyp bilmeýändä diýdi.

Içimden:

-Wah sen ýatybam bilýäň ýekejäm diýdim.

Ertesi hemme sapakdan dörtlük aldym. Ol jemi 11 bäş alypdyr. Men muňa 1x bet-de stawkam çykan ýaly begendim. Oň gözlerindäki bagty görmek üçin men hemme zada taýyndym. Hakyky dälidim.

Bir gün ol ýanyndaky jorasyna:

-Marojny iýesim gelýä, ýöne pulum ýokda diýdi. Şo pula meňem ýanymda ýokdy. Marojny satýan oglan agamyň klasdaşy ýazga alaryn, okuwdan soň oklaryn diýip pikir etdim.

Rozaň boýdaşynyň ýanyna bardym.

-Uly jaňda marojna gidelimi.

-Pulum ýoga.

-Men joşýan.

-Diňe ikimizmi?

-Rozanam ýanyňa alaý.

-Ok.

Biz köçäň ugrunda gidip barýas. Roza gürlänok. Men boýdaşy bilen gürleşip barýan. Näme gürleýänimi özümem bilemok.

-Öýüňizde itiňiz barmy?

-It? ýok?

-8-lerdäki Mergen bilen Atabaý urşupdyr?

-Näme üçin?

-Aý ikisiniňem gözi gögeripdir, urşup bilmeýän bolsa uruşmaly dällä (özümçe Wandam).

-Hmmmm.

-Azon gatlagy diýlen zat ýok bolsa biziň barymyzam gyrlarys. Aslynda howada kisloroddan azot köp eken (Albert Eýnşteýni neneň gördüňiz).

-Gyrylmankak marojny iýdiräýin diýdiňmi?

-ähä, ähä, ähä, (iň gorkunç gülki).

Gyzlar köçede garaşyp durlar, men öýe marožny almaga girdim. Barsam agamyň klasdaşy ýok, oň ýerine şerraý ejesi otyr. Ol puluňy berseň zordan berýä (marojnyny). Özümi çümmükläp gördim ukudan oýanmak üçin, bolmady ýene çümmükledim.

-Kimiň ogly sen balagyňa garynja girdimi, näme gaşynyp dursuň?

-Ataş ýokmy?

-Ýok Ataş, hä näme?

-Ataşyň maňa bergisi bardy. Şony sorap gelipdim.

-Näçe manat?

-Bäş müň manat, ýöne ýerine 5 marojny berseňizem bolýa.

-Ok, pul ber diýmeseň bolýar, başga soran zadyňy bereýin (marojnyny).

Şeýdip masgara bolmakdan gutuldym (Ýogsada, Ataşyň puluny soň berendirin).

Bir güni men Roza hat ýazdym. Hatymy şeýle rehmiňi getiriji, ýürek awadyjy sözlerden doldurdym. Men bu haty Bill Geýtse ugradanymda ol maňa öz baýlygynyň ýaryny bererdi. Harp ýalňyşy bolaýmasyn diýip haty gaýtalap okanymda her gezek özümem aglapdym. Men bilýän öýünde Rozada aglandyr. Iki günden hatymyň jogaby geldi.

-Sen gowy oglan Massimus, entek sen mendenem owadan gyza duşarsyň, meni bagyşla, men okamaly instituta girmeli. Meniň ilkinji söýgimiň kiçijik taryhy şu ýerlerde gutardy öýdýän. Soň ol gyza kän ýerde kän gezek her hili ýagdaýlarda gabat geldim. Bir gezek ony ölümdenem halas etdim. Emma bu eýýäm başga bir taryh...

32
229
massimus
31 Oktýabr 2023
@Sunshine lady, Sag boluň
massimus
31 Oktýabr 2023
@yddd, Salam
yddd
30 Oktýabr 2023
Salam
bellidal
30 Oktýabr 2023
Ah cagalyk cagalyk sen aytma şaryñ yuzune rucgada hat yazyp arzuw edip onam gazda cisirip ucuryp 😊
ylham_gurbanaly
29 Oktýabr 2023
@guldesse, Salam. Hawa köpden bäri. Üýtgeşik zat ýok "olar" ýaly)
Miss_Minnosh❤️
29 Oktýabr 2023
ylham_gurbanaly
29 Oktýabr 2023
@Miss_Minnosh❤️, başda tanamokdym)
massimus
29 Oktýabr 2023
@0878, howwa, iň gyzykly günlerdi
massimus
29 Oktýabr 2023
@guldesse, howwa bolan, "gündizki talaňçylygam" bolan
Miss_Minnosh❤️
29 Oktýabr 2023
@ylham_gurbanaly, sen meni onki nikimde tananokdynmy???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.