maral
13.08.2024 23:50
Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly,
Ikimize welin, ýeterlik olar.

Gurbannazar Ezizow
15
24
maral
13.08.2024 17:14
Bizde käte goşgular ýalñyzlykdan döreýär.

Gurbannazar Ezizow
14
41
maral
13.08.2024 12:52
Maña seniñ bilen gürleşmek gerek,
Dökmek gerek ýüregimiñ posuny.

Gurbannazar Ezizow
20
38
maral
12.08.2024 23:09
Kä umyt diridir tükense demiñ,
Kä umydyñ özüñdenem öñ ölýär.

Atamyrat Atabaýew
21
21
maral
12.08.2024 13:55
Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!

Kerim Gurbannepesow
21
30
maral
11.08.2024 21:08
Diýseler-de: adam-adamdan kem däl,
Ykballar meñzeş däl, rysgallar deñ däl.

Berdinazar Hudaýnazarow
10
53
maral
11.08.2024 15:26
Kanadada Garrylar öýüni we çagalar öýüni birleşdirdiler. Onuñ netijesi örän oñat boldy. Garrylaryñ agtyklary bar, ýetim çagalar bolsa söýginiñ we aladanyñ nämedigini bildiler. Geçirilen barlaglar garrylaryñ ruhy saglygynyñ ýokarlanýandygyny, durmuşa bolan gyzyklanmalaryñ artýandygyny bellediler.
15
59
maral
11.08.2024 09:34
Garry dünýe başyñ sämedip barýar,
Ýaşlygam elini salgadyp barýar,
Ykbal girdabyna gark bolup köpler,
Ejizlik baýdagyn galgadyp barýar.

Köpler özi bilen öwünip barýar,
Indi şir hem tilkä öýkünip barýar,
Hatda ýakynlaram ýatlaşyp senden,
Ýatlar doganyña öwrülip barýar.

Jennat Meredowa
17
22
maral
10.08.2024 21:02
Arzuwlarmyñ güneşini dogdurdyñ,
Umyt elim uzadamda men saña.
Giñ dünýäme şatlyk nurun ýagdyrdyñ,
Öz dünýäñi sowgat edip sen maña.

Seniñ bilen bagtly men elmydam,
Sen ezizim şatlygymyñ gözbaşy.
Ylham berip, durmuşymda gal mydam,
Bolup ähli şygyrlarma sözbaşy.

Gülüp-oýnap, şatlanaly mähriban,
Takdyr joşup nagmalarny kakanda.
Bagty buşlap, tämiz yşky taryplan,
Mukam bolup ýañlanaly jahanda.

Şükür, seni maña berdi Biribar,
Baky nur sen ykbalymyñ dañynda.
Bu şatlyk, bu bagtym üçin söwer ýar,
Bergili men seniñ söýgiñ öñünde!
9
22
maral
10.08.2024 16:58
Men seni özüme özge saýmadym,
Seni diñe iñ ýakyn belledim,
Çünki ýüreklermiz urýardy meñzeş,
Ýa ýürek urgymam saña deñledim.

Men seni özüme özge saýmadym,
Hyýallarym seniñ bilen bagladym,
Senli düýşlerimden oýanyp ençe,
Ahmyr çekip ýüregimden agladym.

Men seni özümden özge saýmadym,
Emma adyñ saýramadym hiç yerde,
Seni ýüregimiñ töründe goýup,
Apaladym duýdurmazdan hiç kese.

Ogulhajat Atabaýewa
12
25