maral
10.08.2024 16:58
Men seni özüme özge saýmadym,
Seni diñe iñ ýakyn belledim,
Çünki ýüreklermiz urýardy meñzeş,
Ýa ýürek urgymam saña deñledim.

Men seni özüme özge saýmadym,
Hyýallarym seniñ bilen bagladym,
Senli düýşlerimden oýanyp ençe,
Ahmyr çekip ýüregimden agladym.

Men seni özümden özge saýmadym,
Emma adyñ saýramadym hiç yerde,
Seni ýüregimiñ töründe goýup,
Apaladym duýdurmazdan hiç kese.

Ogulhajat Atabaýewa
12
25
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.