maral
10.08.2024 21:02
Arzuwlarmyñ güneşini dogdurdyñ,
Umyt elim uzadamda men saña.
Giñ dünýäme şatlyk nurun ýagdyrdyñ,
Öz dünýäñi sowgat edip sen maña.

Seniñ bilen bagtly men elmydam,
Sen ezizim şatlygymyñ gözbaşy.
Ylham berip, durmuşymda gal mydam,
Bolup ähli şygyrlarma sözbaşy.

Gülüp-oýnap, şatlanaly mähriban,
Takdyr joşup nagmalarny kakanda.
Bagty buşlap, tämiz yşky taryplan,
Mukam bolup ýañlanaly jahanda.

Şükür, seni maña berdi Biribar,
Baky nur sen ykbalymyñ dañynda.
Bu şatlyk, bu bagtym üçin söwer ýar,
Bergili men seniñ söýgiñ öñünde!
9
22
maral
10 Awgust 2024
Awtor: Akyýew M
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.