maral
11.08.2024 09:34
Garry dünýe başyñ sämedip barýar,
Ýaşlygam elini salgadyp barýar,
Ykbal girdabyna gark bolup köpler,
Ejizlik baýdagyn galgadyp barýar.

Köpler özi bilen öwünip barýar,
Indi şir hem tilkä öýkünip barýar,
Hatda ýakynlaram ýatlaşyp senden,
Ýatlar doganyña öwrülip barýar.

Jennat Meredowa
17
22
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.