maral
22.08.2024 18:23
Şwesiýadaky ekerançylyk instituty peýnirleriň içindäki deşigiň nädip ýüze çykýandygy babatda ylmy barlag geçirdi. Geçirilen barlaga görä ýyllar boýy bakteriýalar sebäpli döreýändigine ynanylýan deşikleriň döremegindäki sebäp başga.

Peýnirlerdäki deşikleri syçanlar emele getirýän eken. Oýun etdim, beýle däl. Barlaga görä bu deşikler saman tozanlary sebäpli emele gelýär.

Süýt sagylan wagty mikroskopiki kiçi saman bölejikleri, peýnir emele gelen wagty deşik hökmünde ýüze çykýar. Muny bilmek üçin hem az mukdarda süýde saman tozgasy taşlap görüpdirler.

Emmental we appenzel peýnirlerde elbetde bu deşikler has köp bolýar. Soňky 15 ýylda süýt sagmak usullary has modernleşensoň, peýnirlerde emele gelýän deşikleriň mukdary azalypdyr.

Ylym diýen zada haýran galaýmaly, 1917-nji ýyldan bäri alymlar tarapyndan bu deşikleriň bakteriýalar sebäpli ýüze çykýandygyna ynanýardylar.

Çeşme: seyler.eksisozluk.com
16
64
maral
22.08.2024 14:27
Ýagly deride duş gelýän iň uly mesele düwürtik bolup, deri hemişe ýalpyldawuk görünýär. Gury deri bolsa deriniň wagtyndan öň garramagy we şuňa meňzeş meseleleri ýüze çykarýar. Esasanam aýaklaryñ ýarylmagy gury deriniň iň uly meseleleriniñ biridir.
Aýaklaryñ ýarygyny aýyrmagyñ usuly:

Çyglandyryjy krem

Kremler gury deriniň iň uly kömekçilerinden biridir. Munuň üçin ýyly duşdan çykanyňyzdan soň, aýaklaryňyza çyglandyryjy kremi çalyň we soňra pagta jorap geýiň.

Wazelin

Kremden soň iň uly kömekçilerimiziň biri wazelindir. Wazelin içindäki çyglylygy saklaýar we guraklygy azaldýar, bu aýaklardyky çatlaklar üçin örän oňat peýdalydyr. Ony krem ​​ýaly ulananyňyzdan soň, aýagyňyza pagta jorap geýiň we daň atýança garaşyň.

Zeýtun ýagy we bal bejergisi

1 nahar çemçe zeýtun ýagyny we 1 çaý çemçe baly garyp dabanyňyza sürtüň. Bu resept topukdaky çatryklary ep-esli aýyrmaga kömek edýär. 20 minut sürtülenden soň ýuwup bilersiňiz.

Limon suwy

Limon düzümindäki kislotaly aýratynlygy sebäpli, dabanyň ýarylmagyny aýyrmak üçin örän peýdalydyr. Gyzgyn suw aýaklaryňyzy has guradýar. Šonuñ üçin ýyly suwa limon suwuny damdyranyñyzdan soň, 15 minut garaşyň. Soñra ýörite aýaklar üçin niýetlenen daş bilen sürtmeli. Ondan soň aýaklaryňyzy gowy ýuwuň, soňra bolsa aýagyňyzy bilen guradyň.

Çeşme: www.vipbakim.net
17
77
maral
22.08.2024 10:07
Islendik duz – bu natriý hloriddir (ýa-da NaCl) we deňizden gelýär. Deňiz duzy bilen iýmit duzlary olaryň gaýtadan işlenmek usullarda tapawutlandyrýar.

Deňiz duzy deňiz suwunyň bugarmagy netijesinde emele gelýär. Çeşmä baglylykda bugarmak birnäçe minerallary we elementleri galdyrýar. Bu minerallar ahyrsoňy deňiz duzuna aýratyn tagam we ys berýär. Deňiz duzy, duzuň guradylmagyna we ýygnalmagyna baglylykda gurluşy we kristal ululygy boýunça üýtgeýär.

Beýleki tarapdan, iýmit duzy duz ýataklaryndan alnan duzdyr. Iýmit duzy hapalaýjy maddalardan we mineral galyndylardan dynmak üçin agyrlaýyn gaýtadan (deňiz duzy bilen deňeşdirilende) işlenýär. Köplenç bu gaýtadan işlemek ýokary temperaturada guratmagy öz içine alýar. Şeýle hem köplenç tiroidiň (щитовидная железа) saglygyny goramaga kömek edýän ýokumly ýod bilen goşulýar.

Umuman, ikisiniň arasynda kän bir tapawut ýok. Deňiz duzunyň we iýmit duzunyň ikisiniň hem esasy iýmit gymmaty bar. Esasy zat, ony artykmaç ulanmazlyk.

BSG uly ýaşly adam üçin günde 5 gramdan (2 gram natriý) köp bolmazlygy maslahat berýär.

Çeşme: www.popmech.ru
19
38
maral
21.08.2024 17:40
Aglap başlan bolsañ sebäpsiz ýere,
Bu ýalançy dünýä gelipsiñ eýýäm.
Kimedir ýaranmak urdumy sere,
Nirä geleniñi bilipsiñ eýýäm.

Gün lowlap dursa-duýulmaz ýagty,
Bihuda geçirseñ berilen wagty.
Ynjalygñy bozsa goñşynyñ bagty,
Görüplige hossar bolupsyñ eýýäm.

Iman dolandyrsa, agras seriñi,
Guldugyñy duýsañ, bilseñ ýeriñi.
Söýüp başlan bolsañ pygamberiñi,
Yslamyñ gujagna dolupsyñ eýýäm.

Sallah ykbal, reñksiz, göýä bir tümlük,
Ýoldaşly ýol saýla, bolsa-da gumluk,
Ýaşap başlan bolsañ, iki adamlyk,
Ojagyña gelin alypsyñ eýýäm.

"Dar" diýip nalama, dünýäñ giñ sygmy,
Gör-ä adam bolmak, neneñ kyndygny.
Bu durmuşyn dertlerinden dyndyñmy,
Gutlaýan gardaşym, ölüpsiñ eýýäm!

Kerim Hally
13
114
maral
21.08.2024 10:37
Slm

Bes edenler ýagşy söze uýmany,
Ýaltanmazlar gürlemäge bimany,
Dil bersede ýokdan bar edip Allam,
Kyn görýärler doly "Salam" diýmäni.

Şanazar Hydyrow
21
424
maral
20.08.2024 22:12
Kimde kim sylasa ýakyny-ýady,
Şowly bolar durmuş akymyñ bady.
Ýaşadykça göz ýetirsiñ bir zada,
Ýazgydyñy ýeñmez hiç hili kada.
Sabryñ ýanyñdaka derdiñ ýat bolsa,
Doganyñ dogandan göwni şat bolsa,
Şonda üýtgär bu kenaryñ howasy,
Gorar seni mydam enäñ dogasy.

Salyh Halmyradow
16
30
maral
20.08.2024 18:48
Söýdüm çyn ýürekden, şo boldy bagtym,
Söýdüm bilbilleriň söýşi dek ýazy.
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtym,
Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy.

Misli maňa beren ýaly rugsadym,
Söýdi başga birin gül açan gözel,
Kämillik ýaşyndan geçen pursatym,
Kämillik ýaşyndan geçen şol gözel.

«Munuň günäkäri sen däl! — diýdiler —
Munuň günäkäri başlangyç duýgy —
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtyň,
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgi.

Söýgi öýlänçi däl, birden gelenok,
Söýgi ýyllar boýy jem bolýan duýgyň.»
...Onda neçün şindem takat berenok
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgim?

Gurbannazar Ezizow
13
32
maral
19.08.2024 18:47
Bir-birekden gözlemäli günäni,
Arzuwlar içinde, nebis azmasa,
Näçe janyksagam, bize bagly däl,
Söýgiñ güýji ýetmez, ykbal ýazmasa.

Öwezgeldi Taganow
14
32
maral
18.08.2024 18:12
Hünärmen düşündirdi: Reels, Short, TikTok ýaşlarda ünssüzlige sebäp bolýar! Näme üçin? Serediň!

Geçirilen barlaglarda “Instagram Reels”, “Youtube Shorts”, “Tiktok” we “Snapchat” ýaly gysga wideolara tomaşa edilende üns merkeziniň gysgaldylandygyny aýdylýar.

2010-njy ýyllarda başlanan sanly döwür we sosial media durmuşymyzyň her bir ugruna girip, yzygiderli maglumat akymyna sezewar bolýarys. Hünärmenleriň pikiriçe, sosial mediýada (Reels, Shorts, TikTok, Snapchat we ş.m.) çalt hereket edýän wideolara yzygiderli täsir edýän adamlaryň ünsi azalýar.

Sosial media ýatkeşligiñ peselmegine getirýär. Hususan-da , “Instagram” programmasy ulanyjynyň halaýan zatlaryna esaslanýan teklipleri hödürleýär we şeýlelik bilen adamlaryň programmada has uzak wagt geçirmegine sebäp bolýar. 5-15 sekunt kä halatlarda ondan hem gusga wideolara tomaşa edýän adam beýnisi muña öwrenişýär we netijede kinolara, filmlere tomaşa etmäge, kitap okamaga bollan islegleri, gyzyklanmalary azalýar. Häzirki döwürde 20-30 ýaş aralygyndakylarda ýatkeşligiñ örän peselýändigi aýdylýar. Hatda kiçi çagalaryñ hem köpüsiniñ wagtyny şol wideolara sarp etmekleri örän zyýanly.

çeşme: karar.com
15
71
maral
17.08.2024 18:50
Rugsat berenden soň haýbatly horaz.
Başlar baky urşy «ýok» bilen «baryň»,
A men sen barada ýazaryn gazal,
Oňarsam gussamy ilden gizlärin.

Öterin men ähli deňizden, otdan,
Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym.
Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan,
Seni söýüp, soňra mertlik gazandym.

Döredi öňümde gomlaryň beýgi,
Ýeňdim men olary ýeňşi deý gämiň,
Belki, myradyna ýetmedik söýgi
Ýeten söýgülerden kämildir kämil.

Bu dünýe jemidir (oý ediň, barlaň!),
Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň.

Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň
Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä.
Duşanlary — bir ýassykda uklarlar,
Duşmadyga — bir ýassyk az görünýä.

Şu gün köçämizden bir gözel geçdi.
Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden?
Ol saňa şeýle bir gaty meňzeşdi,
Sen adyňy tutman, saklandym zordan.

Sen sesimi eşden bolsaň eger-de,
Ýüregňi gyýardy ol misli päki.
Men nirde ýansam-da doňsam-da nirde,
Seniň rahatlygňy bozmaryn baky.

Seniň rahatlygyň bar bolsa eger,
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar.

Gurbannazar Ezizow
11
37