maral
21.08.2024 17:40
Aglap başlan bolsañ sebäpsiz ýere,
Bu ýalançy dünýä gelipsiñ eýýäm.
Kimedir ýaranmak urdumy sere,
Nirä geleniñi bilipsiñ eýýäm.

Gün lowlap dursa-duýulmaz ýagty,
Bihuda geçirseñ berilen wagty.
Ynjalygñy bozsa goñşynyñ bagty,
Görüplige hossar bolupsyñ eýýäm.

Iman dolandyrsa, agras seriñi,
Guldugyñy duýsañ, bilseñ ýeriñi.
Söýüp başlan bolsañ pygamberiñi,
Yslamyñ gujagna dolupsyñ eýýäm.

Sallah ykbal, reñksiz, göýä bir tümlük,
Ýoldaşly ýol saýla, bolsa-da gumluk,
Ýaşap başlan bolsañ, iki adamlyk,
Ojagyña gelin alypsyñ eýýäm.

"Dar" diýip nalama, dünýäñ giñ sygmy,
Gör-ä adam bolmak, neneñ kyndygny.
Bu durmuşyn dertlerinden dyndyñmy,
Gutlaýan gardaşym, ölüpsiñ eýýäm!

Kerim Hally
13
113
sazsoft
21 Awgust 2024
«Sallah ykbal, reňksiz, göýä bir tümlük,
Ýoldaşly ýol saýla, bolsa-da gumluk» 💜😓
maral
21 Awgust 2024
@zumerret_, hawa ýañky mesele hakda aýdypdyrlara, 2 3 ýyllykda gaty kän agzalýady
maral
21 Awgust 2024
@zumerret_, bolmanam her kime her hili täsir edip biler, her kim her hili pikirde, düşünjede:)🤍
maral
21 Awgust 2024
@zumerret_, ýok siz däl öñ başga biri diýdi
maral
21 Awgust 2024
@zumerret_, wi. Öñem biri şeý diýipdi ýöne menä hä gowy görýän
maral
21 Awgust 2024
@zumerret_, näme bolly🙂
maral
21 Awgust 2024
@tim_, 😊
alma___
21 Awgust 2024
Gutlaýan gardaşym, ölüpsiñ eýýäm.Öleniñem gutlanýan ekeni 🤷‍♂️
maral
21 Awgust 2024
*Gün lowlap dyrsa-da duýulmaz ýagty
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.