manolya
14.05.2024 00:06
Salam agzalar bu gün @0878..yagny Zubeyda gelnejäň doglan güni....
Uzak yaşa gelneje ady ýaly özem owadan gelneje 😁 şu bara owadan geplemäni hiç başaramok..
Uzak ýaşaň...çagajyklaryňyza guwanyp döwran sürüň......näme diýeyin indi başga 🤔...edil menä kiçijek zada begenýän sizem doglan günleriňizi gutlap begendireýin diýýän ...hany onda agzalar gutlagyň soňuny siz dowam ediň 😀.....


14.05.2024..
51
364
manolya
12.05.2024 00:30
ERK HAKYNDA GOŞGY


Hemme bilýär — erki bolýar her kimiň.

Meniňem paýyma birisi düşdi.

Göwnüne degmezdim lälik erkimiň,

Şoň üçin aldy-da, başyma geçdi.


Günäsizmi ýa-da günälimidi,

«ýör» diýse, yzyna düşäýmelidi.

«Mün» diýse, säginmän munäýmelidi.

«Düş» diýse, säginmän düşäýmelidi.


Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,

Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,

Edilýän gybatlar — «opurlyşyklar»,

Akyllysyraýan akylsyz gözler.—


Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,

Peslikdigini-de örän berk syzdym.

Ýöne erkim weli, diýsei bezzatdy,

Erkim bardy, emma ýene erksizdim.


Syzdym şu erk bolsa ruhum, serimde,

Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz,

Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de,

Okap biljek dessanlarym okalmaz.


Munuň özi şum düýş görup uklama,

Munuň özi diňe boşluga elter.

Agşamky haýp geçen minutlaryma,

Şeýdip başym ýaýkap ökünýän erte.


Emma agşam ýüregimde tirpildi,

Otyryn. Göz welin, şol penjirede.

Ine, barmak aýna kakýar, tyrkyldy.

Men gidýärin boş dünýäme ýene-de.


...Men ahyr oturyp hyýala batdym,

Nätmeli? Bu lälik erki nätmeli?

Az ýöräp, köp ýöräp bir pikre ýetdim

Ony it ýenjenden beter ýençmeli!


Men ony tutdum-da, daňdym erige,

Soň erikden çygly çybyk kesindim,

«Ilkinji urgyny haýsy ýerine

Eçilsemkäm» diýip, esli kösendim.


Wagtym az bolsa-da, bolsa-da iş kän,

Bar işimi taşlap urdum men, urdum.

Urdukça urmaga açyldy işdäm,

Urdukça beýgeldi, guýjedi ruhum.


Ony tertip bilen alty gün saýdym,

Wagt bolupdyr hezil edinerçe-de.

Özünden gidenne düşünip aýdyň,

Boşatdym bagyndan ýedilenjide.


Boşatdym özümi halymsyraýan

Erkimiň öňünde çöken duýgudan.

Manysyz bolsa-da manylsyraýan

Şowsuz oturşyklar, şowsuz söýgüden.


Salam berdim bu durmuşa täzeden,

Birden wagtym many bilen gaplandy;

Bir wagtlar garşy çyksam näz eden

Erkim urgularda mäkäm taplandy.


Eger günleň biri tozadyp çaňyn,

Bir boş dünýä çagyraýsa erkiňýz,

Erk tapyň siz şeýle erki daňmaga,

Soňra taýak bilen beriň merkini.

-Gurbannazar Ezizow-
24
105
manolya
11.05.2024 21:37
• Bülbül ,gül için aglayip inlerken,
Lale onun derdine derman olurmu ?

..............

• Gül geldi gülerek, gülleri güldürdi o gül
Gül güler miydi güle , gelmese gülzare o gül...

.................

•Gönlüme girmene lafim yok !...
Ama malumdur ki;
Karga gül bahçesinde gezmekle
bülbül olmaz,
Bilesin sende ....!

@H.z.Mevlana.

..............

• Güller güzeldir..dikeni acitir derler,
Neden acitsin ki ?
Tutmasini bilince eller .

-Hz.Mevlana-
23
40
manolya
11.05.2024 18:14
Şahyrlar aslynda görip bolýarlar.

Şahyrlar aslynda görip bolýarlar,
Poezýany gysganýarlar kelpeňden,
Şoň üçinem hemme goşgy ýazmaýar,
Edil Gündey böwsüp çykýar selçeňler.

Şygryýeti gögeleden gabanyp,
Goraýarlar käri şek-u ,ysnatdan,
Şahyrlar aslynda görip bolýarlar,
Gorkýarlar öteräk geçýän yhlasdan.

Gyş güni ,gyrawa gara öwrülip,
Ýene arşa galyp,ýaz ýagýar olar,
Göriplik etmezler şahyrlar güýçlä ,
Ýazyp bilmeýäni ýazgarýar olar,

Ugur alyp ,olaň nurly ýolundan,
Biz hem ýagşylara daş atmasadyk...
Dünýämiz düz bordy...
Ruhumyz tämiz ,
Ýaşap bilmeýäni ýaşatmasadyk,

Kerim Hallyýew
25
58
manolya
11.05.2024 12:36
Gel otur karşıma zamanı geldi
Ayrılık vakti, ayrılık vakti
Uzadı bu mesele gereğinden fazla
Saat on iki ayrılık saati

Çözmeye gerek yok
Bitsin hiç umut yok
Arama çare
İlacı bizde yok

Aşk denen bu illet
Bitiyor elbet
Geçiyor acısı
Bir süre sabret

Bakma bana öyle
Ben de istemezdim böyle olsun
Var mı başka yol sen söyle
Yok ki bunu sen de anlıyorsun

Bakma bana öyle
Ben de istemezdim böyle olsun
Var mı başka yol sen söyle
Yok ki bunu sen de anlıyorsun

Çözmeye gerek yok
Bitsin hiç umut yok
Arama çare
İlacı bizde yok

Aşk denen bu illet
Bitiyor elbet
Geçiyor acısı
Bir süre sabret

Bakma bana öyle
Ben de istemezdim böyle olsun
Var mı başka yol sen söyle
Yok ki bunu sen de anlıyorsun

Bakma bana öyle
Ben de istemezdim böyle olsun
Var mı başka yol sen söyle
Yok ki bunu sen de anlıyorsun

Nahide Babashli
25
99
manolya
11.05.2024 02:17
Besdir Aişwari gynama meni !

Maňa ne döw çaldy ,derdim kim biler?
Bu ýeňil ýüregim söýüp ýör kimi ?!
Daşyma çykarsam hemmeler güler.
Besdir !
Aişwari gynama meni !

Seniň mesgeniň -ä alys ,Hindistan.,
A meniňki bolsa bu, Türkmenistan,
Azýaly bolsakda saňa menzil kän,
Oýlan....
Aişwari gynama meni!

Gijeler göremok senden başga düýş,
O düýşe aldanýa ,bu sadaja huş
Bu neneňsi söýgi ,bu neneňsi güýç,
Besdir !
Aişwari gynama meni !

Özümi çeksemem gidip barýa jan,
Owadan ýigitler, soňam sizde kän,
Senä Hristian ,menem musulman,
Düşün !
Aişwari gynama meni!

Neçün düýşe girýäň ?
Oww men bir üşän .
Bilmedim bu söýgi nämeden nyşan,
Saňa men däl Şahruh,Hritnik,Kişan,
Gelşer.
Aişwari gynama meni !

Düýşde berýäň iň bolmanda idiňi ,
Laynda aýdaýyn aýtjak zadymy,
Sen haýran galarsyň bilseň adymy,
Ynan !
Aişwari gynama meni !

Dogry ,öň söýýärdim, görüp kinoňy .
Arzuwlap oturkam diýýärdi :"Soňy"
Seni yzlap görsem ejemden uly,
Düşün !
Aişwari gynama meni !

Bir günem ýitirdim düýşümde ony ,
Şo gün diýdi alyp uludan demi:
"Söýemde söýmediň gynama meni ,
Besdir Kerimhally söýemok seni .!.

Kerim hallyýew
24
157
manolya
10.05.2024 22:15
Hiç neneň däl adam.

Sermest bahar gelip baglar güllände.
Men ondan soradym:
-Taplarym niçik?
-Hiç neneň däl, ganymatdyr -diýdi ol.
Özge zat diýmedi açykdan- açyk.

Ot - ýalynly tomsuň tüp yssysynda
Men ondan soradym:
-Hallaryň niçik ?
-Hiç neneň däl - diýip, jogap berdi ol,
Başga zat diýmedi açykdan -açyk.

Ýapraklar saralyp güýze düşen çagy
Men ondan soradym :
- Ýagdaýlar niçik ?
-Hiç neneň däl -diýip, jogap berdi ol.
Ýöne pyşgyrmady açykdan -açyk,

Aýazly gyş geldi çarhlap dişini,
Men ondan soradym:
-Hal -ahwal niçik ?
-Hiç neneň däl- diýip ,jogap berdi ol.
Ýöne zat diýmedi açykdan -açyk.

Düşünip bilmedim hiç neneň däle,
Bu sözden çykaryp bilmedim many.
Ýöne dile geldi durdy bu sözler.
Ýada salan wagtym ýaňky bendäni.

Birden gürüm -jürüm boldy ol adam,
Yzynda ne gürrüň galdy ,ne gybat,
Bir men käte öz içimi gepledýän:
Niredekä hiç neneň däl ganymat .


@Berdinar Hudaýnazarow
25
72
manolya
10.05.2024 00:30
Salam hemmä hormatly agzalar ....bu gün 10 njy maý @flowers_ agzaň doglan güni....ýene-de öňkiler ýaly 00:00 garaşyp ýatyp galypdyryn 🤦🤦 şonnada giç dälä gutlaýyn...hany onda gutlaga geçdim...

Saňa bolan arzuwlarym köp örän,
Ähli ajaplyklar ýoldaşyň bolsun!
H er bir işde üstünlige bol rowa
Rysgal-bereket, dik başyň bolsun!
Ak bagtyň hem-de uzak ýaşyň bolsun!

Ylham Gurbanaly

Şu ukyň arasynda ýalňyş ýazan bolmagym ahmal sorry....
Allajan başyňy öňe egdirmesin...çynar agajy ýaly başyň dik bolsun 😁🥀

Çagjyklaryňa maşgalaňa guban......Gözüňe ýaş aýagňa-da ,daş degmesin doglan güniň gutly bolsun !


Gutlamak bilen köne dost mawy 💙🥀

10.05.2024
56
452
manolya
22.04.2024 17:00
Soltan Mahmut: "Maňa harby kömek gerek bolsa, näçe atly goşun iberip bilersiňiz?"

Soragyna jogap hökmünde Arslan ýabgu içen içgisiniň täsiri astynda 253 okundan bir ok alyp: "Muny öz halkymyza (Kynyk) iberen bolsam, 10 müň atly." meýdançadan aldy-da: "Muny öz halkymyza ibersem, 30 müň atly" -diýdi. Ol öz meýdançasyndan alan oklarynyň birini görkezdi we: "Muny Balkan dagyna ibersem, 100 müň atly bolar. Gel. "Ol bir ok we üç ýaý alyp:" Muny aýratyn ibersem, 100 müň atly "diýdi. Ahyrynda bir oky görkezdi-de:" Muny Türküstana ibersem, 200 müň atly geler "-diýdi.

Arslan ýabgunyň sözlerine haýran galan Soltan Mahmyt ýagdaýa gaty gowy düşünip, bu barada oýlandy. Soňra Mahmyt ondan howatyrlanyp Gutulmyş bilen kakasy Arslan ýabguny Kalenjar galasyna tussag etdirdi.

çeşme:kitap
32
125
manolya
21.04.2024 23:58
"Zemzem suwy"

Zamzam, Arapça; Düşnüksiz ses, gaty däl, titreýän, gykylykly sesleri aňladýar. Şeýle hem bol, hasylly, kanagatlandyryjy suw diýmegi aňladýar

Zemzem suwy Ysmaýyl pygamber tarapyndan tapylýar.

Ybraýym pygamber aýaly Hajar we kiçi ogly Ysmaýyly çölde galdyrdy. Iýmit we suw gutaransoň, Hacer suw gözlemek üçin Sefa we Merve depeleriniň arasynda ylgaýar. Bu aralykda Ysmaýyl, aýagy bilen ýeri depeläp suw çeşmesini tapýar. Ondan çykýan suwuň ýitip gitmeginden howatyr eden Haçer "Zem-Zem!" Diýip gygyrypdyr.

Näme üçin Zemzem suwuny içeniňizde, kybla tarap ýüzlenýärsiňiz?diýip sorag berdiler.
Ibn Abbas aşakdaky jogaby berdi: - Zemzem suwuny içeniňizde, kybla ýüz tutuň, Allanyň adyny agzap geçiň we üç demde içiň, ganýançaňyz içiň, Allany öwüň - azza wa jal

Zem­zem su­wy ada­ty suw­dan has ýo­kum­ly­dyr. Onuň dü­zü­mi mi­ne­ra­la ju­da baý­dyr.

Zem­zem su­wu­nyň ni­re­den gel­ýän­di­gi hä­zir­ki teh­no­lo­gi­ýa mä­lim däl­dir.

Zem­zem su­wu­nyň çyk­ýan ýe­ri­niň tö­we­re­gin­de hiç hi­li gu­ýy ýok­dur. Ol de­ňiz­den 80 ki­lo­metr uzak­da ýer­leş­ýär. Bu şert­ler­de Zem­zem su­wy de­ňiz­den ýa-da baş­ga bir gu­ýy­dan gel­me­ýär.

Zem­zem su­wu­ny içen adam hem aç­ly­gy­ny hem suw­suz­ly­gy­ny gandyrýar.

Bü­tin­dün­ýä Sag­lyk gu­ra­ma­sy­nyň ha­sa­ba­ty­na gö­rä, Zem­zem su­wy dün­ýä­dä­ki aras­sa suw­la­ryň ha­ta­ry­na girýär.

Ame­ri­ka­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, dü­zü­min­de mik­ro­or­ga­nizm we bak­te­ri­ýa bol­ma­dyk ýe­ke-täk suw Zem­zem su­wu­dyr.

Synaglaryň netijesinde önümde natriý, kalsiý, magniý, kaliý, bikarbonat, ftorid, hlorid, nitrat we sulfat ýaly maddalaryň bardygy mälimdir. Onda mineral mineral konsentrasiýasy bar.

Zemzem suwy pygamberimiz dik durup içipdir.

Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) adamlaryň köpüsi sebäpli oturmaga amatly ýer tapyp bilmeýändigi ýa-da Zamzamyň töwereginiň çyglydygy sebäpli dik durup içdi.

"Zemzem suwy içilende okalýan doga""

"(Allâhümme) innî es'elüke 'ilmen nâfian ve rizkan vâsian ve şifâen min külli dâin."

toplap taýýarlan :
@manolya
36
123