manolya
12.05.2024 00:30
ERK HAKYNDA GOŞGY


Hemme bilýär — erki bolýar her kimiň.

Meniňem paýyma birisi düşdi.

Göwnüne degmezdim lälik erkimiň,

Şoň üçin aldy-da, başyma geçdi.


Günäsizmi ýa-da günälimidi,

«ýör» diýse, yzyna düşäýmelidi.

«Mün» diýse, säginmän munäýmelidi.

«Düş» diýse, säginmän düşäýmelidi.


Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,

Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,

Edilýän gybatlar — «opurlyşyklar»,

Akyllysyraýan akylsyz gözler.—


Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,

Peslikdigini-de örän berk syzdym.

Ýöne erkim weli, diýsei bezzatdy,

Erkim bardy, emma ýene erksizdim.


Syzdym şu erk bolsa ruhum, serimde,

Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz,

Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de,

Okap biljek dessanlarym okalmaz.


Munuň özi şum düýş görup uklama,

Munuň özi diňe boşluga elter.

Agşamky haýp geçen minutlaryma,

Şeýdip başym ýaýkap ökünýän erte.


Emma agşam ýüregimde tirpildi,

Otyryn. Göz welin, şol penjirede.

Ine, barmak aýna kakýar, tyrkyldy.

Men gidýärin boş dünýäme ýene-de.


...Men ahyr oturyp hyýala batdym,

Nätmeli? Bu lälik erki nätmeli?

Az ýöräp, köp ýöräp bir pikre ýetdim

Ony it ýenjenden beter ýençmeli!


Men ony tutdum-da, daňdym erige,

Soň erikden çygly çybyk kesindim,

«Ilkinji urgyny haýsy ýerine

Eçilsemkäm» diýip, esli kösendim.


Wagtym az bolsa-da, bolsa-da iş kän,

Bar işimi taşlap urdum men, urdum.

Urdukça urmaga açyldy işdäm,

Urdukça beýgeldi, guýjedi ruhum.


Ony tertip bilen alty gün saýdym,

Wagt bolupdyr hezil edinerçe-de.

Özünden gidenne düşünip aýdyň,

Boşatdym bagyndan ýedilenjide.


Boşatdym özümi halymsyraýan

Erkimiň öňünde çöken duýgudan.

Manysyz bolsa-da manylsyraýan

Şowsuz oturşyklar, şowsuz söýgüden.


Salam berdim bu durmuşa täzeden,

Birden wagtym many bilen gaplandy;

Bir wagtlar garşy çyksam näz eden

Erkim urgularda mäkäm taplandy.


Eger günleň biri tozadyp çaňyn,

Bir boş dünýä çagyraýsa erkiňýz,

Erk tapyň siz şeýle erki daňmaga,

Soňra taýak bilen beriň merkini.

-Gurbannazar Ezizow-
24
105
manolya
13 May 2024
@Nazarova__, garaş 5 mint
nabat_
13 May 2024
@manolya, bolyaa🙂
manolya
13 May 2024
@Nazarova__, ýok wi fi haýal ýüklensin entäk
nabat_
13 May 2024
@manolya, bolya girdiñmi su wagr
manolya
13 May 2024
@Nazarova__, şu nikde girjek...kän oň içine düşünemok..özüň tap meni
nabat_
13 May 2024
@manolya, bolya garasyan🙁
manolya
13 May 2024
@Nazarova__, bilesi ýoga mende ...hä garaş ýükläýin bilesä baraý
nabat_
13 May 2024
@manolya, bilesi we şu yer
manolya
13 May 2024
@Nazarova__, näme prog bar
nabat_
13 May 2024
@manolya, gaty erbed mna🥺😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.