https://owrenmeli.app/67979-gogy.html#comment
manolya
11.05.2024 02:17
Besdir Aişwari gynama meni !
Maňa ne döw çaldy ,derdim kim biler?
Bu ýeňil ýüregim söýüp ýör kimi ?!
Daşyma çykarsam hemmeler güler.
Besdir !
Aişwari gynama meni !
Seniň mesgeniň -ä alys ,Hindistan.,
A meniňki bolsa bu, Türkmenistan,
Azýaly bolsakda saňa menzil kän,
Oýlan....
Aişwari gynama meni!
Gijeler göremok senden başga düýş,
O düýşe aldanýa ,bu sadaja huş
Bu neneňsi söýgi ,bu neneňsi güýç,
Besdir !
Aişwari gynama meni !
Özümi çeksemem gidip barýa jan,
Owadan ýigitler, soňam sizde kän,
Senä Hristian ,menem musulman,
Düşün !
Aişwari gynama meni!
Neçün düýşe girýäň ?
Oww men bir üşän .
Bilmedim bu söýgi nämeden nyşan,
Saňa men däl Şahruh,Hritnik,Kişan,
Gelşer.
Aişwari gynama meni !
Düýşde berýäň iň bolmanda idiňi ,
Laynda aýdaýyn aýtjak zadymy,
Sen haýran galarsyň bilseň adymy,
Ynan !
Aişwari gynama meni !
Dogry ,öň söýýärdim, görüp kinoňy .
Arzuwlap oturkam diýýärdi :"Soňy"
Seni yzlap görsem ejemden uly,
Düşün !
Aişwari gynama meni !
Bir günem ýitirdim düýşümde ony ,
Şo gün diýdi alyp uludan demi:
"Söýemde söýmediň gynama meni ,
Besdir Kerimhally söýemok seni .!.
Kerim hallyýew
24
159