manolya
21.01.2024 23:57
Ilkinji söýgümi äkitdi ýyllar
Men ony ýatlaýan güneş doganda
Ýatlaýan bossanda açylsa güller
Gül ysyn ýaýradyp atyr saçanda

Aý-aýdyň gijeler akar boýunda
Häzirem garaşýan wadaly ýerde
Ýary taşlap ýarsyz barsam kenara
Tolkunlar näzli ýar nirde diýerler

Arzuwymda adyň aýdym bolsada
Indi saňa ýar diýmäge çakym ýok
Syrly bolup galsyn syrly gijeler
Ony ile duýdyrmaga hakym ýok

Ýaşlykdan joş uryp aýdan aýdymym
Häzirem gaýtalaýar säher şemaly
Ýary ýatlap baksam aýly asmana
Jemalyň ýatlatýar aýyň jemalyn

Aldanyp özgäniň mekir alyna
Sen bolduň söygimden ýalňyz galan ýar
Säherler ýaldyrap güneş doganda
Meni süýji arzuw bilen oýarýaň
30
151
manolya
21.01.2024 00:11
Ömrüň agajyndan düşüp dur günler
Günler ,ömrüň eleginde elener,
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün -şäher dãl gaýdyp gelere.


#Gurbannazar Ezizow
38
78
manolya
20.01.2024 18:43
Ukuda wagtyň dil öwrenmegiň usuly

Häzirki wagtda ýaş nesilleriň arasynda daşary ýurt dillerini öwrenmek islegi günsaýyn artýar. Munuň üçin dürli sapaklar, miltimediýa programmalar, täsirli kitaplar we birnäçe sanly platformalar ulanylýar. Daşary ýurt alymlary adamyň ukuda wagty hem daşary ýurt dillerini öwrenmäge mümkinçiliginiň bardygyny öňe sürýärler.

Käbir zatlaryň ukuda wagtyň hem öwrenip bolýandygy barada subutnama ýok, emma öwredilýän zatlaryň ukuda berkidilýändigi barada onlarça subutnamalar bar. Bir zady öwrenenimizden soňra uklasak, bu biziň beýimizde hemişelik galmagyna mümkinçilik döredýär. Eger-de, bir zady öwrenenimizden soňra hereketde bolmagymyz, öwrenen zatlarymyzy ýatlap bilmek ähtimallygymyzyň peselýändigini, alymlar birnäçe tejribelerde subut etdiler.

Diýmek, uklamazdan ozal okan kitabymyz, ýa bolmasa, täze dil boýunça öwrenen sözlerimiziň aňymyzda galmak mümkinçiligi has-da uludyr.

Mahym HALYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Öň hem bir ýerde okapdym ,öwrenmelidemi bilemok, öň hem bärde goýlan bolsa ötünç soraýan !Täzeden okaňda geçiberiň )
36
356
manolya
19.01.2024 12:09
Mawydan manysyzja degişme...

Her Öwrenmeli programma girsem kitabym
meni gabanyp, birnäçe wagtlap maňa kitabyň katynam açanok. 😆😆
33
367
manolya
18.01.2024 13:15
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa bölüminiň müdiri A.Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Akmyradow Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy H.Ataýew grek hozunyň ýapragyndan alnan garyndyny mikrokapsulaşdyrmak işini amala aşyrdylar.

Bu garyndy derman, azyk, kosmetiki we arassalaýjy serişdeleriň önümçiliginde peýdalanylyp bilner. Organiki kislotalar, şol sanda ellagowiý we kofeýniý agyry dörediji we bakteriýalary we mikroorganizmleri ýok edýär. Türkmenistanda bu derman garyndysyny öndürmegiň baý geljegi bar. Sebäbi türkmen tebigatynda grek hozunyň 20 – 40 aralygyndaky görnüşleri ösýär.

Dermanlyk garyndyny mikrokapsulamagyň esasy maksady, dürli sintetiki birleşmeleri, ýaglary we dargadyjylary öz içine almaýan adam saglygy üçin peýdaly derman serişdeleri öndürmekden ybaratdyr. Şeýle dermanlarda ynsan bedeni üçin köp sanly peýdaly maddalar goşulýar.

Derman garyndysyny ýasamak üçin grek hozunyň ýapragy Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Garaýalçy dag jülgesinden getirildi. Ylmy taslamanyň başlygy A.Rahmanowanyň sözlerine görä, ylmy işde akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy gollanmasyndaky gymmatly ylmy maglumatlar peýdalanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, derman serişdesi döräp biljek ýürek-damar keselleriniň, hroniki egzemanyň, dermatomikozanyň, ekssudatiw diateziň, skrofuleziň, rahitiň, iriňli ýaralaryň, çaga örgüniniň, furunkulanyň, karbunkulanyň we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almakda netijelidir. Täze derman serişdesi kislotalara, wiruslara we mikroblara garşy, antiparazit, antitora we immunizasiýa täsirlerine eýedir.

Gurbangözel ANNAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby
27
57
manolya
18.01.2024 09:00
Garawiýn uniwersiteti Fes şäherinde, häzirki wagtda Marokkanyň çäginde ýerleşip, dünýäniň iň irki uniwersiteti hasaplanylýar. Uniwersiteti 857-859-njy ýyllarda Fatima al-Fihri tarapyndan metjit hökmünde esaslandyryldy soňra bolsa ruhy we bilim merkezleriniň birine öwrüldi. 1963-nji ýylda Marokkanyň häzirki zaman jemgyýetçilik uniwersitet ulgamyna girizildi we iki ýyldan soň resmi taýdan “Garawiýn uniwersiteti” adyny aldy. Metjidiň binasy Marokkanyň taryhynyň dürli döwürlerinden bäri dowam edip gelýän Yslam binagärliginiň möhüm toplumydyr.

Alymlar Garawiýniň Ikinji jahan urşundan soň medrese hökmünde netijeli işländigini aýdýarlar. Uniwersitet binalary 1963-nji ýylda täzeden üýtgedilip guruldy. ÝUNESKO we Ginnesiň rekordlar kitaby ýaly käbir çeşmeler Garawiýni dünýäniň iň köne uniwersiteti ýa-da üznüksiz işleýän ýokary okuw mekdebi hökmünde görkezýär. Bu ýokary okuw mekdebinde dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplar bilim alýarlar.

Güljahan GURBANGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby
26
54
manolya
18.01.2024 00:07
Gadymy sadranç ,ýa-da küşt oýny.


Küşt oýnunyň taryhy öz gözbaşyny intellektual oýun hökmünde sadranjyň döremeginden ýa-da oýlanyp tapylmagyndan alyp gaýdýar. Orta asyrlaryň meşhur taryhçylary we edebiýatçy alymlary öz eserlerinde sadranç oýunlary barada gyzykly maglumatlary belläp geçipdirler.

Küşt oýuny boýunça ähli ensiklopediýalarda we okuw kitaplarynda sadranjyň nazaryýetini esaslandyryjy alym hökmünde Abu Bekr As-Sulynyň ady görkezilýär. Orta asyryň meşhur taryhçy we edebiýatçylarynyň biri bolan Abbasylar halifatynyň paýtagty Bagdatda ýaşan we işlän türkmen alymy Abu Bekr Muhammet ben Ýahýa ben Abdylla ben Al-Abbas ibn Muhammet ben Sul as Sulydyr.

Sadrançdaky şanyň, ruhuň we atyň göçümleri küşt oýnunyň häzirki zaman göçümleri bilen gabat gelýär. Pyýadalar bir öý öňe göçýär. Perziler gytaklaýyn bir öý göçýär. Piller gytaklaýyn bir öýüň üstaşyry ikinji öýe göçýär we öňünde duran malyň ýa-da pyýadanyň üstünden böküp geçýär. Pyýadalar garşydaş tarapyň iň soňky setirine baranda diňe perzi çykýar, başga mala öwrülmeýär.

Ýewropa küştçileri XX asyryň başlarynda gadymy sadranç oýuny bilen gyzyklanyp başladylar. Küşt boýunça islendik kitaby açanyňda küşt tablisalaryna duşmak bolýar. Küşt tablisalaryna gadymda sadranç mansubalary diýlipdir we olar müň ýyllaryň dowamynda saklanyp biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Sewinç ERMATKULOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby
24
47
manolya
16.01.2024 13:15
Käbir erkekler edil bal ary ýaly,
gülden güle gonup ýörler... 🍃
28
109
manolya
12.01.2024 22:27
Jigime hat .

Gözleriň gussaly görünýär ,jigim.
Dök ỳüregňi ,göwniň biraz ýeňlesin.
Ýetik ahyr munda meň dertlidigim,
Hasrat seni asyl -asyl ýeňmesin.

Aýtmasaňam egniň gysyk çalaja,
Bilýän, durmuş has çökderdir çakyňdan,
Ykbal asla boýun bolmaz alaja,
Taýyňdan tazygyp bitaý çatylsaň,

Ýylgyrýaň ,armana gaçan dideleň,
Ýüregiň yzasyn mugtyna satýar,
Saglyk bolsun galan zady ideme,
Indi seň kãn zada akylyň çatýar,

Sen hamala bu barlykdan iripsiň,
Gülüşeli biraz öňküler deýin,
Geçen agşam düýşüme-de giripsiň
Gözleriň gussaly görünýär jigim.
30
186
manolya
12.01.2024 19:05
10.Atajan Annaberdi ýeke tar motorly gelýärkä benzini gutarypdyr. Ol geçip barýan maşynlaryň birini saklap, benzin

sorapdyr. Şahyra ―benzinim ýok‖ diýmegiň uslybyny tapmadyk sürüji: ―Şlýangaň barmy?‖ diýen bolýar.

--Wah, şlýanga ýokdur.

--Bedräňem ýokmy?

Atajan Annaberdiniň gaşlary çytylyp gidýär:

--A-how, halypa, heý, ―ýolda benzinim gutaraýmasyn‖ diýip, ýeke tar motoryň rulundan bedre asyp ýören adama

gabat geldiňmi sen?

--Ýa, sen-ä bejerdiň-ow – diýip, sürüji öz bedresine benzin guýmak bilen boluberipdir.


11. ENEBAŞGA AGAM

Söwda-satyk bilen meşgullanyp ýören nätanyş ýaşuly çaýlamak üçin Atajanlarda düşläpdir. Ol Ýeseniniň diwardan

asylgy suratyny içgin-içgin synlapdyr-da: ―Bu ýigit garyndaşyňyzmy?‖ diýipdir. Onuň bilen gepiniň alyşmajagyny aňan

şahyr: ―Hawa, enebaşga agam ol‖ diýip, ýylgyraýypdyr.


12. AÝALSYZ GEZMERSIŇ


Aýalyny edil geýim çalşan ýaly çalşyp ýören ýaş bagşy ―Teşnidi‖ aýdyp oturan eken. Ol aýdymda ―Baglarda gyzyl

alma, ýar lebi şirin alma, ajala kän ýalbardym, özüm al, ýarym alma‖ diýen ýerine ýetipdir welin, Atajan: ―Bagşy aga,

sen bu aýdymy ―Ajala kän ýalbardym, ýarym al, özüm alma‖ diýip, üýtgedip aýt. Sebäbi, janyň sag bolsa, sen aýalsyz

gezmersiň‖ diýipdir.


13.BAZARDA


Atajan Annaberdi sygryny satmak üçin bazara barypdyr. Mal jellatlary derrew onuň daşyna üýşüp, sygyryň bahasyny

sorapdyrlar. Mal uçursyz gymmat bolansoň, sygyryň bahasyny aýtmaga ýüzi çydamadyk Atajan: ―Men-ä şu sygra bir

manat diýýän, aljak adam galybermeli‖ diýipdir.


14. ŞONDAN KÄN DÄLDIR


Bir oturlyşykda pulmesi ýigitleriň biri: ―Atajan kaka, üç aýalym bar‖ diýip, öwnüp başlaberjek bolupdyr welin, Atajan:

―Bolubilýä, inim, şu oturanlaryň hiç biriniňkem şondan kän däldir‖ diýipdir.


15. ÇAGAŇY BIR HÜWDÜLÄÝME


Folklor toparyna gatnaşýan gelinleriň biriniň ýognasdan ýakymsyz sesi bar eken. Ol Atajan Annaberdä: ―Aýdym

aýdyşymy neneň gördüň?‖ diýipdir. Atajan: ―Bolubilýä, gelin, ýöne çagaňy bir hüwdüläýme‖ diýen.


16.OGULLYK BERIP GOÝBERER


Atajan Annaberdiniň birine ogullyk berlen ýoldaşy bar eken. Atajan ony bir oturlyşykdan alyp gaýtjak bolupdyr welin,

hiç oýaryp bilmändir. Şonda ol ýoldaşyny yralap: ―Hany, tursan-a, how, öň-ä ejeň seni birine ogullyk berip goýberipdir.

Bu ýatyşyň bolsa, uklap ýatyrkaň olam seni birine ogullyk berip goýberer‖ diýipdir.


17. TOÝDA


Bir toýda Atajan Annaberdä bir okara çorba getiripdirler-de, soň habar tutmandyrlar. Ep-esli wagt geçensoň, bir ziňňir

uzyn ýigdekçe gapydan boýnuny uzadyp: ―Näme kemçilik bar?‖ diýipdir. Atajan: ―Çemçe getir, çörek getir...‖ diýip

oturman: ―Näme-ow, inijik, ―Uzynyň akyly giç geler etjek bolýarmyň?‖ diýipdir.


18. ―HYDYRLARYŇ‖ ARASYNDA


Çary Gurbangylyç bilen Atajan Annaberdi çöle gidipdir. Olar kolhoz başlyklarydyr permeler bilen iýşip-içişip otyrkalar,

tost aýtmak gezegi Atajana ýetýär. Ol: ―Aý, Çary aga, ynha, Hydyr gören çöl, ynha-da Hydyr gören adamlar...‖ diýip,

söze başlapdyr. Çary Gurbangylyç onuň sözüni bölüp: ―Haý, Atajan ýalňyşdyň-ow, bular saňa et diýseň et berip otyr,

şerap diýseň şerap. Guşuň süýdi diýseňem-ä tapyp berýäler. Bular Hydyr gören däl-de, hakyky Hydyr ata. Ynha,

ikimiz Hydyr gören bolýas‖ diýipdir.


19.BERGILI BOLAÝJAK EKENIŇ


Atajan Annaberdi bir ýoldaşyndan 50 manat pul karz sorapdyr. Ýoldaşy pul bermejek bolup: ―50 manadym-a ýok, 25

manadym bar‖ diýipdir. Onda Atajan: ―Aý, şol 25 manadyňy bir ber, 25 manadam bergili bolaýjak ekeniň-dä‖ diýen.
31
227