Ilkinji söýgümi äkitdi ýyllar
Men ony ýatlaýan güneş doganda
Ýatlaýan bossanda açylsa güller
Gül ysyn ýaýradyp atyr saçanda
Aý-aýdyň gijeler akar boýunda
Häzirem garaşýan wadaly ýerde
Ýary taşlap ýarsyz barsam kenara
Tolkunlar näzli ýar nirde diýerler
Arzuwymda adyň aýdym bolsada
Indi saňa ýar diýmäge çakym ýok
Syrly bolup galsyn syrly gijeler
Ony ile duýdyrmaga hakym ýok
Ýaşlykdan joş uryp aýdan aýdymym
Häzirem gaýtalaýar säher şemaly
Ýary ýatlap baksam aýly asmana
Jemalyň ýatlatýar aýyň jemalyn
Aldanyp özgäniň mekir alyna
Sen bolduň söygimden ýalňyz galan ýar
Säherler ýaldyrap güneş doganda
Meni süýji arzuw bilen oýarýaň