manolya
12.01.2024 19:05
10.Atajan Annaberdi ýeke tar motorly gelýärkä benzini gutarypdyr. Ol geçip barýan maşynlaryň birini saklap, benzin

sorapdyr. Şahyra ―benzinim ýok‖ diýmegiň uslybyny tapmadyk sürüji: ―Şlýangaň barmy?‖ diýen bolýar.

--Wah, şlýanga ýokdur.

--Bedräňem ýokmy?

Atajan Annaberdiniň gaşlary çytylyp gidýär:

--A-how, halypa, heý, ―ýolda benzinim gutaraýmasyn‖ diýip, ýeke tar motoryň rulundan bedre asyp ýören adama

gabat geldiňmi sen?

--Ýa, sen-ä bejerdiň-ow – diýip, sürüji öz bedresine benzin guýmak bilen boluberipdir.


11. ENEBAŞGA AGAM

Söwda-satyk bilen meşgullanyp ýören nätanyş ýaşuly çaýlamak üçin Atajanlarda düşläpdir. Ol Ýeseniniň diwardan

asylgy suratyny içgin-içgin synlapdyr-da: ―Bu ýigit garyndaşyňyzmy?‖ diýipdir. Onuň bilen gepiniň alyşmajagyny aňan

şahyr: ―Hawa, enebaşga agam ol‖ diýip, ýylgyraýypdyr.


12. AÝALSYZ GEZMERSIŇ


Aýalyny edil geýim çalşan ýaly çalşyp ýören ýaş bagşy ―Teşnidi‖ aýdyp oturan eken. Ol aýdymda ―Baglarda gyzyl

alma, ýar lebi şirin alma, ajala kän ýalbardym, özüm al, ýarym alma‖ diýen ýerine ýetipdir welin, Atajan: ―Bagşy aga,

sen bu aýdymy ―Ajala kän ýalbardym, ýarym al, özüm alma‖ diýip, üýtgedip aýt. Sebäbi, janyň sag bolsa, sen aýalsyz

gezmersiň‖ diýipdir.


13.BAZARDA


Atajan Annaberdi sygryny satmak üçin bazara barypdyr. Mal jellatlary derrew onuň daşyna üýşüp, sygyryň bahasyny

sorapdyrlar. Mal uçursyz gymmat bolansoň, sygyryň bahasyny aýtmaga ýüzi çydamadyk Atajan: ―Men-ä şu sygra bir

manat diýýän, aljak adam galybermeli‖ diýipdir.


14. ŞONDAN KÄN DÄLDIR


Bir oturlyşykda pulmesi ýigitleriň biri: ―Atajan kaka, üç aýalym bar‖ diýip, öwnüp başlaberjek bolupdyr welin, Atajan:

―Bolubilýä, inim, şu oturanlaryň hiç biriniňkem şondan kän däldir‖ diýipdir.


15. ÇAGAŇY BIR HÜWDÜLÄÝME


Folklor toparyna gatnaşýan gelinleriň biriniň ýognasdan ýakymsyz sesi bar eken. Ol Atajan Annaberdä: ―Aýdym

aýdyşymy neneň gördüň?‖ diýipdir. Atajan: ―Bolubilýä, gelin, ýöne çagaňy bir hüwdüläýme‖ diýen.


16.OGULLYK BERIP GOÝBERER


Atajan Annaberdiniň birine ogullyk berlen ýoldaşy bar eken. Atajan ony bir oturlyşykdan alyp gaýtjak bolupdyr welin,

hiç oýaryp bilmändir. Şonda ol ýoldaşyny yralap: ―Hany, tursan-a, how, öň-ä ejeň seni birine ogullyk berip goýberipdir.

Bu ýatyşyň bolsa, uklap ýatyrkaň olam seni birine ogullyk berip goýberer‖ diýipdir.


17. TOÝDA


Bir toýda Atajan Annaberdä bir okara çorba getiripdirler-de, soň habar tutmandyrlar. Ep-esli wagt geçensoň, bir ziňňir

uzyn ýigdekçe gapydan boýnuny uzadyp: ―Näme kemçilik bar?‖ diýipdir. Atajan: ―Çemçe getir, çörek getir...‖ diýip

oturman: ―Näme-ow, inijik, ―Uzynyň akyly giç geler etjek bolýarmyň?‖ diýipdir.


18. ―HYDYRLARYŇ‖ ARASYNDA


Çary Gurbangylyç bilen Atajan Annaberdi çöle gidipdir. Olar kolhoz başlyklarydyr permeler bilen iýşip-içişip otyrkalar,

tost aýtmak gezegi Atajana ýetýär. Ol: ―Aý, Çary aga, ynha, Hydyr gören çöl, ynha-da Hydyr gören adamlar...‖ diýip,

söze başlapdyr. Çary Gurbangylyç onuň sözüni bölüp: ―Haý, Atajan ýalňyşdyň-ow, bular saňa et diýseň et berip otyr,

şerap diýseň şerap. Guşuň süýdi diýseňem-ä tapyp berýäler. Bular Hydyr gören däl-de, hakyky Hydyr ata. Ynha,

ikimiz Hydyr gören bolýas‖ diýipdir.


19.BERGILI BOLAÝJAK EKENIŇ


Atajan Annaberdi bir ýoldaşyndan 50 manat pul karz sorapdyr. Ýoldaşy pul bermejek bolup: ―50 manadym-a ýok, 25

manadym bar‖ diýipdir. Onda Atajan: ―Aý, şol 25 manadyňy bir ber, 25 manadam bergili bolaýjak ekeniň-dä‖ diýen.
31
227
nabat_
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, hä🙄🙁nm boldy🤦‍♀️
susom
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, doganym yaly gorenim un owrenyan 👍
nabat_
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, Eziz gowmy,Şatlygy öwrenmelä cagyryp beraydä.
susom
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, mna snen owernip yorn
susom
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, beta sn 😁
manolya
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, ine şeýdip ýylgyrmaly 🙂
susom
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, guliankydyr 😁sna bet gelisdi
susom
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, disin gozumi alyp barya 😎
susom
12 Yanwar 2024
@ezizhan_hallyyew, calaja yylgyr diya😁
manolya
12 Yanwar 2024
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.