manolya
12.02.2024 00:08
Finlýandiýada mugallymlar kasam kabul edýär

Finlýandiýa, Filippin adalary, Hindistan, Singapur, Kosowo ýaly ýurtlarda mugallymlar ýokary okuwy tamamlanlarynda kasam kabul edýärler. Mysal üçin, Finlýandiýada şeýle kasamyň ylmy ady «Komenskiniň kasamy» bolup, oňa «Mugallymlaryň kasamy» hem diýilýär. Mugallymlaryň kasam kabul etmek däbi Finlýandiýada 2017-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. «Komenskiniň kasamynyň» maksady mugallymçylyk käriniň derwaýyslygyny nygtamakdan ybaratdyr. Onda mugallymlaryň jemgyýetdäki ornuna we ýerine ýetirýän wezipesine, şeýle hem mugallymçylyk kärine degişli gymmatlyklara, ýörelgelere we hukuklara üns çekilýär. Her bir mugallymyň özbaşdak hem-de kärdeşleri bilen bilelike dogruçyllygy, deňhukuklylygy, mertebeliligi we ussatlygy ýörelge edinmelidigi aýdylyp geçilýär.

KOMENSKINIŇ KASAMY

«Men dünýädäki iň ähmiýetli jogapkärçilikleriň biri bolan ýaş nesli terbiýelemek wezipesini mugallym hökmünde öz üstüme almak bilen, bütin adamzadyň häzire çenli toplan maglumatlaryndan, ýeten medeni derejesinden we gazanan ukyp-başarnyklaryndan emele gelen gory has-da giňeltjekdigime we durmuşa geçirjekdigime;

Her bir ynsanyň öz ukyp-başarnyklarynyň esasynda kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin her bir ädimimde adalat we dogruçyllyk bilen hereket etjekdigime hem-de ähli okuwçylarymyň aňrybaş kämil bolmagy üçin zähmet çekmegi özüme borç hasaplajakdygyma;

Ata-enelere, olaryň ýerine hossarçylyk edýän maşgalalara we çagalar bilen iş salyşýan ähli hünärmenlere okuw-terbiýeçilik işinde ýadawsyz goldaw berip, yhlasymy gaýgyrmajakdygyma;

Meniň bilen paýlaşylan gizlin maglumatlary başgalara äşgär etmejekdigime, çagalaryň we ýaşlaryň şahsyýetine hormat goýjakdygyma, şeýle hem olaryň beden we ruhy taýdan eldegrilmesizlik hukuklaryny gorajakdygyma;

Öz gözegçiligimdäki çagalary we ýaşlary syýasy-ykdysady bähbitler üçin peýdalanylmakdan gorajakdygyma hem-de her bir ynsanyň öz dini we syýasy garaýyşlaryny kemala getirmek hukugyna arka çykjakdygyma;

Hünär ussatlygymy dowam etdirmek we has kämilleşdirmek üçin dynuwsyz zähmet çekip, mugallymçylyk käri bilen baglanyşykly umumy maksatlary durmuşa geçirmegi hem-de kärdeşlerime ýardam bermegi özüme ýörelge edinip ýaşajakdygyma, şeýle hem jemgyýetiň bähbitlerini elmydama ileri tutup, mugallymçylyk käriniň at-abraýyny mundan beýläk hem beýgeltjekdigime kasam edýärin!»

Taýýarlan, terjime eden

Şatlyk Hudaýberdiýew
32
52
manolya
11.02.2024 23:26
"Diňe men… başga hiç kim!”

Ençeme wagtdan bäri men internetde, esasan hem käbir sosial ulgamlarda türkmen ýaşlarynyň paýlaşýan suratlaryny görüp aňk-taňk bolýaryn. Meselem, gelin-gyzlar saçlaryny sary reňke boýap, dodaklaryny plastik hirurglaryň ýa-da makiýažyň kömegi bilen çişirip, ulaldyp, gözlerini çenden aşa gara sürmä boýap, uýat ýerlerini görkezýän köýnekleri geýip düşen suratlaryny internetde paýlaşýarlar. Oglanlar bolsa öz maşynlarynyň markasyny, gymmat köwüşlerini we sagatlaryny, nirelerde we nähili lezzet alýandyklaryny paýlaşýarlar. Bu suratlary görüp, “Adamlar näme üçin öz hususy durmuşlaryny internet köpçüligine çykarýarlarka?!” diýenimi duýman galýaryn. Ýa-da bolmasa ýaşlarymyzyň özlerini tapawutly alyp baryşlary öňki gymmatlyklaryň çagşandygyny aňladýarmyka?! Eýsem özlerini haryt kimin alyp baryp, seksual pozalarda durup surata düşýän gelin-gyzlarymyz, öz maddy baýlyklaryny (maşyn, egin-eşik we ş.m.) güjeňläp surata düşýän ýigitlerimiz bu birtüýsli hereketlerinden bihabarmyka?!

Meniň bilesigelijiligim kem-kemden möwjäp, bir pilleden soňra zamanamyzda internet dünýäsiniň hödürleýän täzeçe üýtgeşmeleriniň sebäplerini öwrenmäge alyp bardy. Netijede, köp adamlaryň nerkeslik (narsizm) häsiýetlere eýe bolýandygyna göz ýetirdim.

Narsissikusyň rowaýaty

“Narcissism [iňlisçe]” ýa-da “Nerkeslik [türkmençe]” söz Narsissikus diýen gadymy grek rowaýatyndan gelip çykýar. Rowaýata göra, Narsissikus atly ýaş we görmegeý bir ýigit söýginiň yşgyna düşüp, intizar bolýar. Günleriň bir güni Narsissikusyň jemalyna owadan Ýaň Perisi aşyk bolyar we ol Narsissikusyň diýýan her bir sözüni gaýtalaýar. Narsissikus bolsa Ýaň Periniň duýgusyny terk edip, özüne mynasyp boljak taý gözlemegini dowam edýär. Bir pursat Narsissikus öz şekilini suwda görüp oňa aşyk bolýar we şol şekili yzygiderli, tä ýogalýança synlap oturýar. Narsissikusyň ýogalan derýasynyň kenarynda bir gül peýda bolýar we ony adamlar şu günki güne çenli “Nargis” diýip atlandyrýarlar.

Narsissikus rowaýaty adamyň öz-özüne aşa köňül berip, daş-töweregindäkiler bilen netijeli aragatnaşyk saklap bilmeýändigi üçin ýüze çykýan tragediýany görkezýar. Bu hem biziň şu günki zamanamyzda nerkes keseline duçar bolan adamlaryň köpelmegi sebäpli bolup geçýän wakalara kybap gelýär.

Nerkes keseli näme?

Nerkes keseli fiziki däl-de, psihiki we ruhy ýagdaýdyr. Bu kesel birnäçe häsiýetleri öz içine alýar. Olar: gedemlik, men-menlik, şöhratparazlyk we özdiýenlilikdir.

Nerkes keseliniň alamatlary

Tanymal amerikan psihoterapewti Sandy Hotçkisiň bellemegine göra, narsistler köpçülik tarapyndan kabul edilen kadaly edep-terbiýeden çykyp, birnäçe aýratynlyklary görkezýärler:

Utançsyzlyk – nerkes keseli bilen syrkawlan adamlar öz üstünlikleri, akyly we sypaty barada utanman öwünýärler. Utanjyň ýoklugy sebäpli hem nerkes ýaşlar internetde öz maddy baýlyklaryny we daş-keşplerini görkezýän suratlaryny ikirjiňlenmän paýlaşýarlar.

Gedemlik – nerkes adamlar ulumsy äheňde gürleýärler. Olar meselem, özleriniň BMW maşynynyň barlygyny görkezmek üçin “Meniň maşynymyň açaryny gördüňizmi?” diýmegiň deregine “Meniň BMW maşynymyň açaryny gördüňizmi?” diýip gopbamsyraýarlar.

Bahyllyk – nerkesler başgalaryň özlerinden has üstün, has akylly we owadan bolmagyny islemeýärler. Şeýlelikde, olar her kimden öňde bolmak üçin mekirlige baş urmaga, plastiki hirurgiýany ulanmaga we para almaga taýyn adamlardyr.

Perwaýsyzlyk – nerkes keseline duçar bolanlar adamlar bilen özara gatnaşykda köp perwaýsyzlyk görkezýärler. Şol sebäpli hem olar bilen uzak möhletleýin ýa-da berk dostluk/joralyk gatnaşyklaryny ýola goýmak kyn bolýar. Olar başga adamy öz peýdasy üçin ulanmagy hiç zatça görmeýärlar.

Men-menlik – nerkesler özlerini üýtgeşik we has mertebeli saýýandyklary uçin başga adamlardan yzygiderli öwgi we üns hantama bolýarlar. Olaryň pikirine görä, başgalar olara elmydama borçly.

Derisi galyňlyk – narsist bir zat gerek bolsa hiç kimden çekinmän “ýolup-goparyp” aljak adamdyr. Üstesine hem, olar tankytlary kän ýüzlerine almaýarlar.

Nerkes häsiýetiniň bejerilişi we onuň öňüni alyş çäreleri

Köp ýokanç keselleri antibiotikler arkaly bejerip bolýan bolsa, nerkes keseli psihiki ýagdaý bolany üçin, oňa gönüden-göni bejergi ýokdur. Nerkesleriň utançsyz, gedem, bahyl, perwaýsyz, borçsuz we derisi galyň bolmak häsiýetleri kem-kemden olardan maşgalalaryny, dost-ýarlaryny we kärdeşlerini daşlaşdyryp, olaryň töwereginde emeli boşluk döredýär. Ýöne bu ýekeligiň bejergisiniň täsiriniň boljagyna umyt azdyr. Sebäbi nerkesler ýeke galandan soň edil awçy ýaly özlerine täze “aw gözlemäge” başlaýarlar. Şu sebäpden hem, olar öz-özlerine kömek edip bilmeýärler we bu ýagdaýdan gutulmagy islemeýärler.

Nädip nerkes keseliniň öňüni alyp bilersiňiz?
Interneti diňe öz maşgalaňyz üçin, gymmatly dostluk gatnaşyklaryňyz we olary oňküden hem has beter güýçlendirmek üçin ulanyň.

Gerekmejek, ýeňil-ýelpaý “dost-joralaryňyzy” öz sahypaňyzdan aýryň.

Internetdäky we daş-töweregiňizdäki adamlaryň elmydama sizi makullamagyna garaşmaň.

Her adamyň maddy ýagdaýynyň tapawutlydygyna düşünmäge çalşyň. Maddy baýlyklaryňyzy internetde paýlaşmak size lezzet berse-de, başgalarda öz ýagdaýlary babatda sussupeslik ýa-da gynanç döredip, sizi bolsa nerkese has ýakynlaşdyryp biljekdiginden habardar boluň.

Esasan, sizi köpleriň ýakyndan tanamaýan internet dünýäsinde özüňizi sada we giň düşünjeli alyp barmaga çalşyň. Diýjek sözleriňizi we goýjak suratlaryňyzy “ýedi ölçäp, bir kesiň”.


#Ylymly
35
301
manolya
10.02.2024 19:12
PROGRAMMALAR....

ESET NOD32

siziň kompýuteriňizi wirusdan goraýar. Programmany gurnamak ýa-da ulanmagy dowam etdirmek üçin hiç hili aktiwasiýa hökman däl. Bazasy yzygiderli täzelenip durýar. Täze baza mümkin boldugyça gysga aralyk bilen saýtda goýulýar. Size şony öz kompýuteriňize ýükläp, täzeläýmek galýar.



FoxitReader

FoxitReader arkaly PDF faýllary açyp bolýar.



Kätip

Kätip esasan iki sany işi amala aşyrmaga ýardam berýär: a) kirillisadaky teksti latynça ýa-da latynçadaky teksti kirillisa aňsatlyk bilen geçirmek; b) Microsoft Word we Microsoft Excel programmalarynda ýazan sözleriňiziň harp ýalňyşyny barlap, maslahat berilýän düzedişleri girizip bilersiňiz.



Shareit

Shareit edil Android we iOS sistemaly ykjam telefonlarda hem-de planşetlerde bolşy ýaly, kompýuter arkaly faýl alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär.



Everything

Everything kompýuteriňizde haýsy faýlyň we papkanyň nirede ýerleşýändigini bilmeýän bolsaňyz, size şol faýllaryňyzy we papkalary ady boýunça gözläp tapmaga ýardam edýär.



Zero Assumption Recovery (ZAR)

Zero Assumption Recovery kompýuteriňizden, gaty diskiňizden we fleşkaňyzdan pozulan ýa-da ýiten faýllary we papkalary yzyna gaýtaryp almak üçin iň bir peýdaly programmalaryň biridir.



DTools

DTools *.iso görnüşli wirtual diskleri açmak üçin ulanyp bolýan sadadan peýdaly programmadyr.



Flash

Flash öňki Macromedia, häzirki Adobe kompaniýalarynyň *.swf görnüşli faýllaryny açýan programmadyr.



WinRAR

WinRAR *.zip we *.rar görnüşli arhiw faýllaryny açýar.



KMPlayer

KMPlayer *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýalyaudio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär.



PotPlayer –

PotPlayer *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýaly audio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär. Ol 64 razrýadly ulgam üçin niýetlenendir.



VLC

VLC *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýalyaudio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär. Ol 64 razrýadly ulgam üçin niýetlenendir.



Format Factory

Format Factory wideo görnüşli faýllary audio görnüşe, ýagny şekilli ýazgylary sesli ýazgylara öwürýär.



IDM (Internet Download Manager)

IDM (Internet Download Manager) bellenen faýllaryň görnüşlerini internetden (Chrome, Firefox, Yandex, Opera ýaly brauzerler bilen deňeşdirende) has çalt ýükläp almaga kömek edýär.



AlReader

AlReader programmasy size *.epub görnüşli faýllary, esasan hem kitaplary we çeper eserleri açmaga kömek eder.



WinDJView

WinDJView *.djvu görnüşli elektron kitaplary açýan programmadyr.

#Ylymly
30
68
manolya
10.02.2024 15:38
Nomofobiýa näme?

Nomofobiýa – bu «no mobile phone phobia» (ykjam telefonyň ýoklugyndan gorkmak) sözlerinden emele gelen täze sözleriň biri bolup, ilkinji gezek 2008-nji ýylda ulanylyp başlanýar. Ol adamlaryň telefonyndan aýrylanda alada edip ugramagyny, täze hat ýa-da bildiriş barmyka diýip zol telefonyny barlap durmagyny, telefonyny hemişe ýanynda götermäge çalyşmagyny aňladýar. Edil resmi ýagdaýda akyl taýdan näsaglyk hasaplanmasa-da, ol gündelik durmuşdaky gaýgy-aladamyzyň esasy sebäpleriniň birine öwrülip barýar. Bilermenler şeýle näsazlyga garşy göreşmek üçin telefon ulanmakdan wagtal-wagtal ýörite gaça durmagy we haçan nirede näme iş bilen meşgul bolsaň, ünsüňi şoňa jemlemegi endik edinmegi maslahat berýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Şatlyk Hudaýberdiýew
31
48
manolya
10.02.2024 00:50
Salam hormatly agzajyklar bu gün Aknabadyň doglan güni 😁
Men çaga 00:00 garaśyp ýene ýatyp galypdyryn 😬 aý näme şonnada gutlaýan ))

H 🍓🍓🍓 B✨
A 🎂🎂🎂🎂 I 💓
P @👑@👑@ R D
P 🍰🍰🍰🍰🍰 T A
Y 💙A K N A B A T💙H Y
Ýaşyň uzak bolsun ,Allajan öňüňden çykýan adamlaram ýüregiň ýaly ak bolsun,durmuşuňda bagt,okuwyňda-da üstünlik arzuw etýän!Ýörgünli sözümden saňada aýdaýyn😁
"Göziňe ýaş aýagyňada daş degmesin!"

Bu gutlagam kabul et😁00:00 bolmasada
ahyrky pursatda şeýdip ýatyp galma endigim bar-da😅😅,

10.02.2024... gutlamak bilen mawy ))
51
340
manolya
09.02.2024 18:06
yerli plaka😁

Genel BakışŞarkı SözleriVideolarDinle
Üstüme iyilik sağlık a dostlar
Ceza, Rap yapar, çok kötü toslar
Bokslarınızı bakıma alın a foslar
Dostlarınıza yakın olun a be kozlar
Elinize geçti, neredesin a Popstar?
Lostra salonu ayakkabı boya kostar
Az konuşana kurdele takacaklar
Kara tahtaya da Ceza yazacaklar

Yükselen ben değilim bak asansör
Şayet beni uçarken gördüysen senin gözün kör
Peşimde onlarca yalaka sahte post var
Eninde sonunda yalnız bırakan o dostlar
Bir bakayım derken şöyle, ben içine girdim öyle
Bu ortam işte böyle
Bu nasıl iş? söyle
İpi kopmuş alemin
Çivisi çıkmış dillerin
İnadım inat giderim, tersine dilim fenerim
Yol uzun ve pek dikenli, çok uzun lan ben tükendim
Yoksunum biçare kimi zamanda yalnızım
Avare gezdim, bak ne hale geldim
Kim nasıl baktıysa öyle gördü, ben buyum, nokta koyduk bitti
Her bir yandan çektiler şu etime saplı kancaları
Ve her gün engel ettiler, belli var bir korkuları
Bu yerli plaka korkutur, herkes sanar dengimdir
Kimse bilmez ancak Ceza nefret'ten de eskidir

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Öyle dar bir yerdeyim ki dünyam pek küçüldü
Tek bir yanlış çok gözüktü, geldiğim yer hep gürültü
Pek sıkıntı çekti millet, sabreden kazandı
Benimle raks edenlerin kaçında var yürek?
Birçok çakal Rap'in önünde tek bilek
Birçok kanal taraflı yazdı gazeteler yalan
Ve çok samimi dostlarım var
En önemlisiyse biliyorum ki yükselen ben değilim alçalan duvarlar sadece ve sadece
Çok fazla dikkat çektik, bu taktik değildi
Gene de kapladı herkesi panik, buna tanık olan her genç tarihi yazsın
Bi' işe yaramazsa bu durur en alt katta
Bi' bakmışsın teker teker dökülmüş tüm dostlar
Ne ad ne de sanın kalır ve unutulur gidersin
Yükselirken, ekmek yerken, yere düşerken saçmalarsın
Hiç süren yok, suyun ısındı, güneş doğdu, kuyu kazılmaz

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Dört koldan taciz, çok belli bariz
Makas alır kızlar yanaktan, erkeklerse diss
Farklılaşma çabası içine girdi herkes
Ghettolarda bile mohikan var oğlum
Her bir kafada farklı ses
Farklı vizyon, her sokakta yükselir duvarlar
Yabancı marka giydi her kesimden muhalefetler
Ellerinde boş bir defter, yazıldı aynı şeyler
Daim kullanıldı aynı renkler, anlaşılmaz boş resimler
Ömür de belli ineceğin o katta
Düşeceğiz birlikte belki sanma kurtuluş var
Kader bu belli olmaz, kaçar gider yanından herkes
Zaten biz birer hiçiz, şayet bu böyle olmasaydı unutulur muydu o eski sesler?
Bulut olursa yağmur beklenir, güneşli günler çok yakın
Ve rüzgarım hep esti, kısa bir not, sazın içinde şeytan yok
77 Üsküdar yani bu plaka yerli

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Plaka yerli bak, sırtı terli çok
Ve başı dertli vah, eski hali yok
Ne olacak? wow, wow, wow
Yükselen ben değilim bak alçalan duvarlar

Haha
Ceza
2000 artı 6
Yerli plaka
Plakam yerli, sırtım terli
İstanbul, Anadolu Yakası
Üsküdar, Kadıköy
Digitolia records
Ha
Ben hep bur'dayım
Plakam yerli
Yerli plaka 2000 artı 6
Ha
Rapstar
Medcezir
Ceza
Haym

#Rapstar ...ceza
30
168
manolya
09.02.2024 00:46
Günleriñ bir gûni menem ölerin

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Umydym üzerin ýagty jahandan.
Şol tabydym göterlende asmana,
"Gowy adam": diýen boluñ ýalandan.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Zar çekip aglarlar kyrkyma çenli.
Dost, dogan, garyndaş hemmesi üýşdi,
Geliñ geçiñ töre çaýlaram demli.

Ýöne mende dem ýok, jan çykdy tenden,
Ana şol gün geldi, aglamañ goýuñ.
Men siz üçin kimdim ýönekeý ynsan,
Men sizi doýurdum, mensiz bir doýuñ.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Aý borla Jemşitdir gitse hiç bolar.
Bir pursadam meni ýatlap gynanmañ,
Ýöne gynansañyz belki giç bolar.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
El çekerin dünýäñ ähli zadyndan.
Emma meniñ ýekeje bir haýyşym,
Gowlyk bilen tanalaýyn ýadyñda.

Günleriñ bir güni menem õlerin,
Saralmasyn geýdirilen kepenim.
Elimiñ ustune goýup başymy,
Goşgy ýazdym, doñup galdy çep elim.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Ýaşaýjysy bolup mazarystanyñ.
Baş ujymda aglanlara seredip,
Aglamañ diýerdim, ýetmez zybanym.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
36
191
manolya
08.02.2024 23:37
Göripleriň gözi çyksyn.

Gapjyk ,puly goýup ýaşaň,
Dost-duşmanyň ýüze çyksyn.
"Edýänim şu "diýip ýaşaň,
Göripleriň gözi çyksyn.

İşle,gazan, beýgel döret.
At-abraýyňy öňden ýöret,
Eliň degse ,yza seret,
Göripleriň gözi çyksyn.

Söýülen bol,söýen bolma,
Moda boldy,ýolda goýma,
Ýöre,,,sen kim" diýen bolda,
Göripleriň gözi çyksyn.

Bildirme pul düşýänini,
Diýen kän bor"üýşmälimi"?
Haýran galdyr duşmanyňy,
Göripleriň gözi çyksyn.

##Kuwwat Ýazmuhammedow.
31
73
manolya
08.02.2024 00:34
Yürek aglayar .

Sozüm dinle läläm azkem dursana.
Gowusy, hanjary ur sen gursaga,
Yüregiň bar bolsa halym görsene
Yogsa yürek zaryn-zaryn aglayar!
***
Kararyn yitirip urunyar yürek,
Bagyşla yşgyňda bolyan janserek,
Naçe jeza berseň yene sen gerek,
Diyip zaryn-zaryn yürek aglayar !
***
Asmanda ak guş bar ady bilinmez,
Ganaty suwdadyr peri ezilmez,
Maňlaya yazylan asla bozulmaz,
Belki şol manlaya yazylan sensiň !
***
Seniň üçin näçe çekdim jepany
Yanyp gezdim söýüp gezdim ot bolup
Yöne senden görmedim men wepany
Yhlasyma bakman gitdiň yat bolup!!!
34
71
manolya
26.01.2024 19:36
💥Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde garynjanyň beýnisi göwresine garanyňda iň ulsudyr.

💥Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnandakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.

💥Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.

💥Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.

💥Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.

💥Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri göwresini şol bir durşunda saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hatda yzlygyna hem uçup bilýär.

💥Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.

💥Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym çakýar.

💥Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr ýer köwýär.

💥Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.

💥Garlawaçlar suwuň ýüzünden jürgüldäp uçsa, howa bulaşar.

💥Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.

💥Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň sowuk düşer.

💥Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar.

💥Gök kitiň sesi atylan agyr topuň sesinden ýa-da göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.

💥Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.

💥Eskimoslaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar, 40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini aňladýar.

Nurmyradow Batyr
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby
38
165