💥Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde garynjanyň beýnisi göwresine garanyňda iň ulsudyr.
💥Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnandakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.
💥Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.
💥Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.
💥Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
💥Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri göwresini şol bir durşunda saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hatda yzlygyna hem uçup bilýär.
💥Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.
💥Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym çakýar.
💥Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr ýer köwýär.
💥Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.
💥Garlawaçlar suwuň ýüzünden jürgüldäp uçsa, howa bulaşar.
💥Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.
💥Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň sowuk düşer.
💥Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar.
💥Gök kitiň sesi atylan agyr topuň sesinden ýa-da göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.
💥Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.
💥Eskimoslaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar, 40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini aňladýar.
Nurmyradow Batyr
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby