manolya
10.02.2024 19:12
PROGRAMMALAR....

ESET NOD32

siziň kompýuteriňizi wirusdan goraýar. Programmany gurnamak ýa-da ulanmagy dowam etdirmek üçin hiç hili aktiwasiýa hökman däl. Bazasy yzygiderli täzelenip durýar. Täze baza mümkin boldugyça gysga aralyk bilen saýtda goýulýar. Size şony öz kompýuteriňize ýükläp, täzeläýmek galýar.



FoxitReader

FoxitReader arkaly PDF faýllary açyp bolýar.



Kätip

Kätip esasan iki sany işi amala aşyrmaga ýardam berýär: a) kirillisadaky teksti latynça ýa-da latynçadaky teksti kirillisa aňsatlyk bilen geçirmek; b) Microsoft Word we Microsoft Excel programmalarynda ýazan sözleriňiziň harp ýalňyşyny barlap, maslahat berilýän düzedişleri girizip bilersiňiz.



Shareit

Shareit edil Android we iOS sistemaly ykjam telefonlarda hem-de planşetlerde bolşy ýaly, kompýuter arkaly faýl alyş-çalyş etmäge mümkinçilik berýär.



Everything

Everything kompýuteriňizde haýsy faýlyň we papkanyň nirede ýerleşýändigini bilmeýän bolsaňyz, size şol faýllaryňyzy we papkalary ady boýunça gözläp tapmaga ýardam edýär.



Zero Assumption Recovery (ZAR)

Zero Assumption Recovery kompýuteriňizden, gaty diskiňizden we fleşkaňyzdan pozulan ýa-da ýiten faýllary we papkalary yzyna gaýtaryp almak üçin iň bir peýdaly programmalaryň biridir.



DTools

DTools *.iso görnüşli wirtual diskleri açmak üçin ulanyp bolýan sadadan peýdaly programmadyr.



Flash

Flash öňki Macromedia, häzirki Adobe kompaniýalarynyň *.swf görnüşli faýllaryny açýan programmadyr.



WinRAR

WinRAR *.zip we *.rar görnüşli arhiw faýllaryny açýar.



KMPlayer

KMPlayer *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýalyaudio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär.



PotPlayer –

PotPlayer *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýaly audio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär. Ol 64 razrýadly ulgam üçin niýetlenendir.



VLC

VLC *.mp3, *.mp4, *.avi, *.mkv, *.mpg ýalyaudio we wideo görnüşli faýllary açmaga ýardam berýär. Ol 64 razrýadly ulgam üçin niýetlenendir.



Format Factory

Format Factory wideo görnüşli faýllary audio görnüşe, ýagny şekilli ýazgylary sesli ýazgylara öwürýär.



IDM (Internet Download Manager)

IDM (Internet Download Manager) bellenen faýllaryň görnüşlerini internetden (Chrome, Firefox, Yandex, Opera ýaly brauzerler bilen deňeşdirende) has çalt ýükläp almaga kömek edýär.



AlReader

AlReader programmasy size *.epub görnüşli faýllary, esasan hem kitaplary we çeper eserleri açmaga kömek eder.



WinDJView

WinDJView *.djvu görnüşli elektron kitaplary açýan programmadyr.

#Ylymly
30
68
manolya
11 Fewral 2024
@senorita, sag boluň🌷🌻
senorita
11 Fewral 2024
@mawy, Tũweleme meşhur bolupsyñyz sizem Gutlaýan 🌹
manolya
10 Fewral 2024
@gullnara_, sag bol !
manolya
10 Fewral 2024
@tmcell, hawa şo kotel bolýa, her zatdan azajyk, sps)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.