manolya
09.02.2024 00:46
Günleriñ bir gûni menem ölerin

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Umydym üzerin ýagty jahandan.
Şol tabydym göterlende asmana,
"Gowy adam": diýen boluñ ýalandan.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Zar çekip aglarlar kyrkyma çenli.
Dost, dogan, garyndaş hemmesi üýşdi,
Geliñ geçiñ töre çaýlaram demli.

Ýöne mende dem ýok, jan çykdy tenden,
Ana şol gün geldi, aglamañ goýuñ.
Men siz üçin kimdim ýönekeý ynsan,
Men sizi doýurdum, mensiz bir doýuñ.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Aý borla Jemşitdir gitse hiç bolar.
Bir pursadam meni ýatlap gynanmañ,
Ýöne gynansañyz belki giç bolar.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
El çekerin dünýäñ ähli zadyndan.
Emma meniñ ýekeje bir haýyşym,
Gowlyk bilen tanalaýyn ýadyñda.

Günleriñ bir güni menem õlerin,
Saralmasyn geýdirilen kepenim.
Elimiñ ustune goýup başymy,
Goşgy ýazdym, doñup galdy çep elim.

Günleriñ bir güni menem ölerin,
Ýaşaýjysy bolup mazarystanyñ.
Baş ujymda aglanlara seredip,
Aglamañ diýerdim, ýetmez zybanym.

Awtory: Jemşit Hajymämmedow
36
191
sabyrly
9 Fewral 2024
@Serwi, Menem her zat pikir edip gördüm ilki başda gözlämde cykmady welin biri oyun etyandir diyip gördum garaz iş boldy
sabyrly
9 Fewral 2024
@Serwi, haha düşünmeseñ kynow 😁
manolya
9 Fewral 2024
@sabyrly, gözleýän sabyrly özüň😅😅
manolya
9 Fewral 2024
@Serwi, aytmaya😅 menem güldim şoňa
sabyrly
9 Fewral 2024
@Serwi, Howwala däli bolduma online dan gözläp görýän ähli agzalardan gözleýän iş boldy özä
manolya
9 Fewral 2024
@sabyrly, bilemok , kä wagt şeyle bolyar
sabyrly
9 Fewral 2024
@mawy, blmedim menä 10 gezek dagy duş geldim şeýle ýagdaýa ahyry senden soranym boldy
manolya
9 Fewral 2024
@sunlight, arasynda şeýtýär
sabyrly
9 Fewral 2024
@mawy, Näçe wagt bäri beýleki sabyrlyny tapyp bilmän däli bolduma näm üçin beýtýä
sofii
9 Fewral 2024
@sabyrly, @mawy, maňa beýdip gelenok🤔 Näme üçin şeýlekä??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.