lavinya_
16.05.2024 09:09
“Şeýle gözler bilen baksaň bu dünýä”
Alymyň gözünden baksaň bu dünýä,
Syrlar açyp gündiz eder gijesin.
Dünýäň gerdişinden mysallar gozgap,
Subut eder çeşmäň her bir damjasyn.

Lukmanyň gözünden baksaň bu dünýä,
Ömrüň baş baýlygy saglygy goldar.
Melhem paýlap bütin jümle - jahana,
Zemin üsti ynsan saglygny gorar.

Şahyryň gözünden baksaň bu dünýä,
Jadyly galamy dünýäni gezer.
Belent dagyň depesinden syn edip,
Her zadyň maňyzly waspyny ýazar.

Zergäriň gözünden baksaň bu dünýä,
Bezär ol sungatyň janly görnüşin.
Şazadalaň geýýän altyn täji deý,
Altyna deňär ol dünýäň gurluşyn.

Enäniň gözünden baksaň bu dünýä,
Mähri bilen gurşap dur Ýer şaryny.
Doga kylyp balasynyň geljegne,
Ganat açyp kämilleşdir baryny.


Awtor: Salyh HALMYRADOW
23
37
lavinya_
15.05.2024 09:19
Ýetik indi ýüregimiň gussasy ,
Ýaralaň ýok bejermäge yssasy,
Bu durmuşyň iň süýjije kysasy ,
Aladasyz geçip giden çagalyk .

Şanazar Hydyrow.
22
123
lavinya_
12.05.2024 15:34
Pursatlaň gulpuna baglanyp galdy
Armanlarmyň nepesine miýmiräp.
El uzatsam,boşluk gurşar aramyz,
Ho:ol ýanda duransyň gyz deý sülmüräp.

Aý bolup bakarsyň käte asmandan,
Kä sönen ýyldyz deý gaýyp bolarsyň.
Tutuş süňňüm elegiňden geçirip,
Umyt-ynamymy süzüp alarsyň.

Ýene bir gün Kuýaş bile dogarsyň
Dünýäme öz dünýäň ýalkymyn saçyp.
Kä zülplerim oýnap,özüň güjeňläp,
Gidersiň şemal deý deňimden geçip.

Dünýämde gök gürlär,ýyldyrym çakar,
Gözlerim çydaman döker ýagyşyn.
Elimden sypar-da asmana uçar
Yzyna seretmän köňlüm – ak guşum.

Uç,guşum,ganat ýaý,bakma yzyňa,
Süýşýän bulutlaryň başyn çekiber.
Degmese degmesin eýäňe nepiň,
Göwünlerde umyt şemin ýakyber.



Awtor : Meňli AŞYROWA
23
27
lavinya_
07.05.2024 13:51
Adamyň bir mätäç zady - hoş sözdür,
Hoş söz aýdyň - depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň ,dirikä sylaň ,
Kim bilip dur - bir ýyldan soň giç bolar.


Gowa gowy diýiň entek dirikä ,
Gerek ýerde ýyly söz - bir güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp ýörmäň,
Kim bilip dur - bir ýyldan soň giç bolar.


Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaweriň bir - biregi söz bilen,
Kim bilip dur - bir hepdeden giç bolar.


Kalby çoýuň alkyş alyň adamlar,
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapylanok bu gün göreniň,
Şu gün çoýuň - erte belki gic bolar.


Sahawatsyz ömür - gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömürüň soňy puç bolar.
Sylaň bir - biregi - wagtyňyz barka,
Mümkin...ýene bir sagatdan giç bolar.


Awtor:Berdinazar Hudaýnazarow.
23
53
lavinya_
03.05.2024 16:46
Gün batımı
gecenin açılış müziğidir...
20
41
lavinya_
02.05.2024 09:10
Bir damja syýa bir million adamyny düşündirip biler...

Lord Byron.
23
121
lavinya_
01.05.2024 17:13
Stephen Hawking gara delik we fizikanyn kuantum teriyasyny öňe süren meşhur fizik .
We öz toeriýalary öňe sürmek maksady bilen 40 gowrak kitap ýazdy. Ol Enisteyinden soň dünýä inen fizikçi teoriýaçy.

Stephen Hawking kim ? 1942 -nji ýylda doglan we 21 ýaşyndaky Amyotrofik Lateral Skleroz kesiline duçar bolýar ( gysgaça gepläp, hereket edip bilenok) doktorlar oňa iki ýyl ömrünin bardygyny aýtýarlar . Emma ol 2018 -nji ýylda 76 ýaşynda aradan çykya. Onun bu keseli hereketsizlige eltdi we 70 nji ýyllarda sesinem doly ýitirdi. Ol ýapaý aň we kompýuteriň kömegi bilen köp teoriýalary öňe sürdü.


Bu post bilen näme aýtjak bolýan. Bir zatlar başarmak üçin hiç haçan giç däl. Hiç wagt umytdan duşmäň!

Siz başgalaryň dünýäsine seredeniňizde potensiyel taýdaý olardan hiç bir tapwudyňyz ýokdugyny unutmaň. Tapwut diňe 🧠 we ❤️ şu ýerde. Bular sizi siz etýän zatlar.Bul ikisinden dünýände hemme adamda bar ýöne siziňkä meňzeşi ýok...(Bariş Özcan)


Eger yykalanynyzda pes etseňiz soň mydama 55 sana "Eger-de " diýip gezersiniz :)))
26
32
lavinya_
29.04.2024 11:30
Käbir ynsanlar bar, dünýäñ ýüzünde,
Ne barlygyn ne ýoklugyn bildirýär,
Käbir ynsanlar bar, dünýäñ düzünde-,
-ynam öldürýän.

Men-ä gowylaryñ yzyny yzlap,
Käte,
Erbetlige sary ýolukdym,
Soñ düşündim, megerem men şohallar,
Oñat boljak bolupdyryn.

Gerek eken juda kän-kän amallar,
Ýagşy niýet, arassa añ, dür pikir,
Gowylygy kireýine alanlañ,
Hataryna goşmadylar müñ şükür!.

Käbir ynsanlar bar, saza meñzeýär,
Näçe diñleseñem ganyp bolanok,
Käbir ynsanlar bar, Ýaza meñzeýär,
Diñe duýup bolýar dadyp bolanok.

Menem ynsan ýöne aram-aramlar,
Ýük daşaýan awtoulaga meñzeýän,...
Gerşimdäki gussañ ýüküni ýykman,
Meni nämä meñzetýärkä bu ykbal?,

Awtor:Baýram BEJIDOW"
23
69
lavinya_
28.04.2024 09:30
Tomus agşamydy. Asman tämizdi.

Jana tenekardy salkynjak şemal.

Asmanyň gözleri Ýeriň gözlerne

Göz gypyp, näz aýlap

berýärdi salam.


«Ol gözleň hersiniň öz ady bardyr»

Diýip, atalarmyz ýekeme-ýeke

Atlaryn sanardy, bizem diňlärdik.

Çagalyk ötegçi taýçanak eken.

Toýnaklaryn kakyp geçdi-de gitdi.

Düýn ýalydy weli – eýýäm ol taryh...)

Otyryn ýyldyzlaň adyny ýatlap:

«Zöhre», «Abdalgolak»,

«Ýedigen», «Myrryh».


Otyryn hemmesin ýatlajak bolup,

Gün bataly bäri asmanda gözüm.

Ne-hä tüsse bardy, ne-de bir bulut –

Süýt ýaly asmany synlamak hezil!


Otyryn belentden belende bakyp.

Üç sagatdyr gözüm zar boldy ýere.

Belentlikden ýaňa aýlandy kelläm.

Ýere bakdym weli düzeldi ýene.


Awtor:Kerim Gurbannepesow
20
16
lavinya_
25.04.2024 12:34
Ben sakar değilim. Zemin benden nefret ediyor, masa ve sandalyeler zorba ve duvarlar yoluma çıkıyor.😅
31
209