lavinya_
16.05.2024 09:09
“Şeýle gözler bilen baksaň bu dünýä”
Alymyň gözünden baksaň bu dünýä,
Syrlar açyp gündiz eder gijesin.
Dünýäň gerdişinden mysallar gozgap,
Subut eder çeşmäň her bir damjasyn.

Lukmanyň gözünden baksaň bu dünýä,
Ömrüň baş baýlygy saglygy goldar.
Melhem paýlap bütin jümle - jahana,
Zemin üsti ynsan saglygny gorar.

Şahyryň gözünden baksaň bu dünýä,
Jadyly galamy dünýäni gezer.
Belent dagyň depesinden syn edip,
Her zadyň maňyzly waspyny ýazar.

Zergäriň gözünden baksaň bu dünýä,
Bezär ol sungatyň janly görnüşin.
Şazadalaň geýýän altyn täji deý,
Altyna deňär ol dünýäň gurluşyn.

Enäniň gözünden baksaň bu dünýä,
Mähri bilen gurşap dur Ýer şaryny.
Doga kylyp balasynyň geljegne,
Ganat açyp kämilleşdir baryny.


Awtor: Salyh HALMYRADOW
23
37
flowers_
16 May 2024
💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.