lavinya_
07.05.2024 13:51
Adamyň bir mätäç zady - hoş sözdür,
Hoş söz aýdyň - depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň ,dirikä sylaň ,
Kim bilip dur - bir ýyldan soň giç bolar.


Gowa gowy diýiň entek dirikä ,
Gerek ýerde ýyly söz - bir güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp ýörmäň,
Kim bilip dur - bir ýyldan soň giç bolar.


Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaweriň bir - biregi söz bilen,
Kim bilip dur - bir hepdeden giç bolar.


Kalby çoýuň alkyş alyň adamlar,
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapylanok bu gün göreniň,
Şu gün çoýuň - erte belki gic bolar.


Sahawatsyz ömür - gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömürüň soňy puç bolar.
Sylaň bir - biregi - wagtyňyz barka,
Mümkin...ýene bir sagatdan giç bolar.


Awtor:Berdinazar Hudaýnazarow.
23
37
nabat_
12 May 2024
@lavinya_, şukur bende iyim🤗
lavinya_
12 May 2024
@nabat_, İyim Şükür. Sen nasılsın güzelim:)
nabat_
12 May 2024
Tatlişim nasilsin🤗🤗🤗
PILOT👮‍♂️✈🛩
7 May 2024
👍👍👍 gaty manyly goşgy
Akram_Beshimov
7 May 2024
👍🏻 👍🏻 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.