lavinya_
29.04.2024 11:30
Käbir ynsanlar bar, dünýäñ ýüzünde,
Ne barlygyn ne ýoklugyn bildirýär,
Käbir ynsanlar bar, dünýäñ düzünde-,
-ynam öldürýän.

Men-ä gowylaryñ yzyny yzlap,
Käte,
Erbetlige sary ýolukdym,
Soñ düşündim, megerem men şohallar,
Oñat boljak bolupdyryn.

Gerek eken juda kän-kän amallar,
Ýagşy niýet, arassa añ, dür pikir,
Gowylygy kireýine alanlañ,
Hataryna goşmadylar müñ şükür!.

Käbir ynsanlar bar, saza meñzeýär,
Näçe diñleseñem ganyp bolanok,
Käbir ynsanlar bar, Ýaza meñzeýär,
Diñe duýup bolýar dadyp bolanok.

Menem ynsan ýöne aram-aramlar,
Ýük daşaýan awtoulaga meñzeýän,...
Gerşimdäki gussañ ýüküni ýykman,
Meni nämä meñzetýärkä bu ykbal?,

Awtor:Baýram BEJIDOW"
23
69
2106
4 May 2024
@lavinya_, salam şu wagt hiç zada ýok gördüm welin
lavinya_
4 May 2024
@2106, Salam gmailiňi gör spamda ýa postlan arasynda durandyr:)
2106
3 May 2024
❤️👍❤️👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.