lalahan
lalahan
08.10.2022 11:34
Hakykady aýtmak däl düşündirmek kyndyr.
lalahan
lalahan
07.10.2022 10:56
Kim sizi ejeňizden artyk söýer?
lalahan
lalahan
06.10.2022 19:17
Ýatda saklaň.
lalahan
24.09.2022 18:09
Men bir gün irdenjik hassahananyň gapysyndan girip barýarkam howlukmaç agyr ýagdayda ýaşy çemesi 25 ýaş aralykda bolan gyzy alyp girip gitdiler yzyndan eli sumkalyja ýaşuly adamam çalt çalt ýörep girip gitdi.Men bu ýagdaýy ilkinji gezek görýanimemi ýada bilesigelijilikmi name diýjegimide bilemok ýöne name sebäpden şol gyz beýle ýagdaya düşenine diýseň bilesim gelÿadi ýagdaýyny görüp gynandym.Son men görmäne baran adamymy gorüp yzyma dolanyp gelýäkem birdenkä gapysy açykly duran otagyn içinde ýaňky gyza gözüm düşdi .Men otagyn gapysyndan seredip durkam ýanky ýaşuly adam salam gel gyzym saňa kim gerek diýip sorady men aljyraňly ýagdaýda näme diýip jogap berjegimi bilmän sessiz galdymda duruberdim. Sonra men ýaşuly adamda bu sizin agtyjagynyzmy diyip soradym ol ýaşuly daýy mana ýok balam bu meniň ýekeje gyzym.Men ony ýekeje özüm ulaltdym diýip jogap berdi.Ol daýy sözlerini dowam etdi menem onuň sözlerini bölmän yuwaşja otyryp dinlemegi dowam etdim.Meniň gyzym 4 nji gatdan özüni oklapdyr.Ähli yeri dowuk ýenjik diydi.Men daýa sag boluň diýdimde öýe dolandym.4 5 günden son ýene şol gyzyň ýatan otagyna bardym ýöne ol ýerde hiĉ kim ýokdy.Birden gelip barýan şepagat uýasyna gözüm düşdide bu taýda ýasuly daýy bilen gyzy barty olar nire gitdiler diýip soradym.Şepagat uýasy mana seredip ol gyz aradan çykdy sen olaryň ýakyn garyndaşy bolýamyň eşitmedinmi diydi welin men sessizde ýörep gidiberdim. Bu bolan waka diýseň gynandym. Ähli kemçiliklerim ũçin geçirim soraýaryn.
18
141
lalahan
22.09.2022 00:24
Men ýaňy okuwy tamamlan wagtlarymda ejem agyr syrkawlap hassahana alyp gitdik.Men şol gün uzynly gün ejem bilen bile hassahanada bolmaly boldum.Ertir mana soňky gutardyş egzamin men bolsa ähli zady unudyp ejemiň ýanynda galdym .Ejemjan bolsa ýagdaýy agyr bolsada mana bildirmänjik synp ýolbaşçy mugallymyma jaň edip gyzym meniň ýanymda mugallym ol diýseň ýadow haýys edýän mugallym kömek edäýinde diýip mugallymyma duýduryş berýär.Men şol gün gijesi bilen uklaman ejemin ýanynda otyrdym we ertesi gün ir säherden mekdebe bardym we ilkinjiler hatarynda girdim.Egzamin başlady men soragly bukjany elime aldymda otyrdym men soraglary okap olara jogap ýazmaga durdym welin lukmanyň aýdan sözleri gulagymda şol ýanlanyp duruberdi.Soňra mugallym meni dilden jogap beräýsin diyip synp tagtasynyň öňüne çykardy mugallymlar dürli soraglar bilen mana yüzlendiler. Men ol soraglaryň ählisine deň jogap berip bilmedim şonda bolýa gidiber diyip mugallymym maňa ýüzlendi .Men ylgap çykyp gidenimide duýmandyrynam hassahana ylgap barsam ejem balam geldinmi saňa garaşyp otyrtym diydi.Hassahanada 5 günden bäri ýatan ejem gyzym meni öz öýümize alyp gitsene diyip seslendi.Men ejemin bu sözlerine ýok diyip jogap berip bilmeýärdim.Ejemi öýe alyp geldim we soňra ejeminiň ýarawsyz ýagdaýyny görüp beýleki hassahana alyp gitmekçi boldum ýöne ejemjan janym gyzym haýyş edýän men birje gije öz jaýymda uklaýyn diydi naçe haýyş etsemde ejemjan daň atýança hiç ýere gitjek däl diýdide duruberdi.Men şol gije ejemiň ýanynda galdym uklaman daň atmasyna sabyr bilen garaşyp otyrdym.Ertir daň atdy welin men ejemjany daýymlar bilen bile hassahana alyp gitdim .Ejemjan hassahanada elleri gysyp gyzym meni ýeke goýup gitme men gorkýan diyip birnäçe gezek şol sözlerini yzygyderli gaýtalady we şol badaa ellerimi tutyp duran wagtynda aradan çykdy. Söz grammatika harp ýalňyşlary bolsa ählinizden ötünç soraýan.
179
lalahan
20.09.2022 23:48
Miopiýanyň ýüze çykmagynyn esasy sebäpleriniň biride hatyn ýakyn tutyp ýazylmagy,okalmagy,gözüň daşky bardasynyň yukalmagy we nesil yzarlama bolup biler.Kesel adatça mekdep ýyllarynda başlanyp esasanda 7-15 ýaşly çagalaryň görejine uly howp salyp bilýär.Göze agram düşýär,okuwçy synp tagtasyndaky ýazylan zatlary görmekde gynalýar.Öýde telwizora ýakyndan seretmäge mejbur bolýar,käte uzakdaky zatlary görmege dyrjaşyp gözlerini süzýär,kiçelýär.Görüş ukyby yzygiderli peselýär.Haýal-ýagal edilmezden öňi alynmasa agyr gaýra üzülmeler ýüze çykýar. Häzirki wagtda şowakörlügi lazer şöhleleri bilen bejeriş iň amatly, takyk,ýeňil,agyryly däl usul hökmünde giňden ulanylýar.
15
186
lalahan
14.09.2022 22:27
Dünýäde birnäçe ajaýyp we täsin suw çüwdürimler bardyr.Şol çüwdürimleriň biri hem Awstriýanyň Insburg şäherinde ýerleşýär.Bu çüwdürim 1995-nji ýylda döredilen Swarowiskiý kompaniýasynyň ýüz ýyllygy mynasybetli döredilen muzeýiň daşky diwarynda ýerleşýär.Adamyň ýüzüniñ şekiline meňzeş bolan bu çüwdürimiň agzyndan suw akýar gözleri bolsa Swarowiskiý aynasyndan ýasalan.Onuň şekilini Awstri ýaly suratkeş Andre Heller döredipdir.Binanyň öň tarapyndan girelgäniň ýokarsyndan guýulýan çüwdürim tegelek şekilli howza akýar.Muzeý binasy bolsa depäniň eteginde ýeriň astynda ýerleşýär.Bu muzeýde dünýädeki iñ uly agramy 300000 tonna barabar emeli kristal ýerleşip , Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi.
15
107
lalahan
13.09.2022 10:18
Owal Adam ata dőräp,.
Erenler geçen ýoldur bu.
Pygamber hasasyn süýrep,.
Weliler geçen ýoldur bu. Buhar telpegi başynda, Sürgün ýorganyň joşunda. Aýny ýigrimi ýaşynda,. Ýigitler geçen ýoldur bu.
Dogry otyryp gyýa bakan,
Aşygynyň janyn ýakan.
Gözün süzüp gaşyn kakan.
Gözeller geçen ýoldur bu. Zelili ýar üçin aglap,. Ýandyrdy ýüregin daglap. Garybym diýip ,dessan baglap. Şasenem geçen ýoldur bu.
14
46
lalahan
12.09.2022 18:08
Bimahal çagy çüýren dişiň agrysy azar berýăr. Öýde agryny aýyrýan derman hem ýok.Diş lukmana gitmegi irdene çenli goýmasaň başga alaç ýok.Näme etmeli? Şeýle bolanda dürli otlardan gaýnadylyp taýýarlanan suwa agzyňy çaýkamak hem ören gowy peýda edip biler.Bidenekden. (şalfeý) ,Sarygülden (zweroboý), dubuň kökünden,ajynarpyzdan , melissadan we boýbodrandan ýasamak bolar.Dürli otlardan taýýarlanan şeýle gaýnatmanyň ornyny soda ýada birnäçe damja ýod goşulan deňiz duzy tutyp biler.Mundan başgada spirte ýatyrylan bir bölek hasany agryly yere goýup bolar. Islendik ýagdaýdada size diş agryny aýyrmak başartsada çüýrik dişi size özbaşdak bejermek maslahat berilmeýär. Hökmany diş lukmanyna ýüz tutmaly.
14
146
lalahan
11.09.2022 21:36
Ýürek keseli aýallaryñ we erkekleriň ýogalmagynyň arasynda liderlik edýär,üstesinede lukmanlaryň aytmagyna göre bu kesel" ýaşarýar".Bu keseliň öňüni almak üçin onuň güýjemegine sebăp bolýan faktorlary anyk bilmeli olaryň kăbirleri garaşylmadyk hem bolup biler. 1.Gorkunç düÿş ýürek uçin howply bolup biler. 2.Şeker holestrine garanda ýürek üçin has howply. 3.Hemişe stres yagdaýynda bolmak hem siziň ýüregiňize howp yetirip biler. 4.Dişleriň sagdynlygy ýüregiň sagdynlygy bilen gös göni bagly. 5.Siziň artykmaç agramyňyz ýok hem bolsa howp astynda bolup bilersiňiz.Egerde siziň ganyňyzda glýukozanyň düzümi ýokary bolsa, siziň ýüregiňiz howp astynda bolup biler hatda siziň agramyňyz kada laýyk hem bolsa.
20
134