Men ýaňy okuwy tamamlan wagtlarymda ejem agyr syrkawlap hassahana alyp gitdik.Men şol gün uzynly gün ejem bilen bile hassahanada bolmaly boldum.Ertir mana soňky gutardyş egzamin men bolsa ähli zady unudyp ejemiň ýanynda galdym .Ejemjan bolsa ýagdaýy agyr bolsada mana bildirmänjik synp ýolbaşçy mugallymyma jaň edip gyzym meniň ýanymda mugallym ol diýseň ýadow haýys edýän mugallym kömek edäýinde diýip mugallymyma duýduryş berýär.Men şol gün gijesi bilen uklaman ejemin ýanynda otyrdym we ertesi gün ir säherden mekdebe bardym we ilkinjiler hatarynda girdim.Egzamin başlady men soragly bukjany elime aldymda otyrdym men soraglary okap olara jogap ýazmaga durdym welin lukmanyň aýdan sözleri gulagymda şol ýanlanyp duruberdi.Soňra mugallym meni dilden jogap beräýsin diyip synp tagtasynyň öňüne çykardy mugallymlar dürli soraglar bilen mana yüzlendiler. Men ol soraglaryň ählisine deň jogap berip bilmedim şonda bolýa gidiber diyip mugallymym maňa ýüzlendi .Men ylgap çykyp gidenimide duýmandyrynam hassahana ylgap barsam ejem balam geldinmi saňa garaşyp otyrtym diydi.Hassahanada 5 günden bäri ýatan ejem gyzym meni öz öýümize alyp gitsene diyip seslendi.Men ejemin bu sözlerine ýok diyip jogap berip bilmeýärdim.Ejemi öýe alyp geldim we soňra ejeminiň ýarawsyz ýagdaýyny görüp beýleki hassahana alyp gitmekçi boldum ýöne ejemjan janym gyzym haýyş edýän men birje gije öz jaýymda uklaýyn diydi naçe haýyş etsemde ejemjan daň atýança hiç ýere gitjek däl diýdide duruberdi.Men şol gije ejemiň ýanynda galdym uklaman daň atmasyna sabyr bilen garaşyp otyrdym.Ertir daň atdy welin men ejemjany daýymlar bilen bile hassahana alyp gitdim .Ejemjan hassahanada elleri gysyp gyzym meni ýeke goýup gitme men gorkýan diyip birnäçe gezek şol sözlerini yzygyderli gaýtalady we şol badaa ellerimi tutyp duran wagtynda aradan çykdy. Söz grammatika harp ýalňyşlary bolsa ählinizden ötünç soraýan.