lalahan
12.09.2022 18:08
Bimahal çagy çüýren dişiň agrysy azar berýăr. Öýde agryny aýyrýan derman hem ýok.Diş lukmana gitmegi irdene çenli goýmasaň başga alaç ýok.Näme etmeli? Şeýle bolanda dürli otlardan gaýnadylyp taýýarlanan suwa agzyňy çaýkamak hem ören gowy peýda edip biler.Bidenekden. (şalfeý) ,Sarygülden (zweroboý), dubuň kökünden,ajynarpyzdan , melissadan we boýbodrandan ýasamak bolar.Dürli otlardan taýýarlanan şeýle gaýnatmanyň ornyny soda ýada birnäçe damja ýod goşulan deňiz duzy tutyp biler.Mundan başgada spirte ýatyrylan bir bölek hasany agryly yere goýup bolar. Islendik ýagdaýdada size diş agryny aýyrmak başartsada çüýrik dişi size özbaşdak bejermek maslahat berilmeýär. Hökmany diş lukmanyna ýüz tutmaly.
14
146
abdy_dayy
20 Sentýabr 2022
👍🏿👏🏻👍🏻👏🏻👏🏼✋🏾
gulshatayewa97
13 Sentýabr 2022
Bobenak içeniň aňsat ýaly😁
ideallider
13 Sentýabr 2022
Dubay, her teswiriň, ýazgynyň aşagyna seret 👍+0 👎-0 💬+0 belgijikler bardyr. Şolaryň diňe "💬 0"-syna bassaň başgalaryň nikh awtomatiki usulda ýazylar👍
Dubay
13 Sentýabr 2022
Ideallar dogry aytyan

Ideallider dijek bollumda
ideallider
12 Sentýabr 2022
Aslynda agşam süýji-şokolad iýilse, diş-hem ýuwulmasa, onda ol şokolad we süýji biziň dişimizi iýer. Şol sebäpli bolmanda her zat iýenimizden soň agzymyzy çaýkamaly👍
qwerty
12 Sentýabr 2022
Duby hem köp ullanmaly däl bolmaly ýalñyşmasam. Bir bakal suwa bir çemçe duz hem ýod goşup çaýkasañ peýda edýä özümde barlanan
Relax
12 Sentýabr 2022
Duzly suww bolardaa sprit onkiden beter agyrtya disi yone ..
gulserem
12 Sentýabr 2022
Maslahatyn ucn sagja bol👍🏻👍🏻😊
wolf
12 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.